Region görnüşleri #23

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Baku-Sumgait täze demir ýol gatnawyny synagdan geçirýär.

Russiýanyň Stawropol şäherindäki çagalar bagynda ýaşlaryň eline emeli ýarag berip, Zarnitsa atly oýny oýnadýarlar.

Ispaniýaly matador Manuel Eskribano Madridde geçirilen çärede çykyş edýär.

Owgan bodibilderleri Kabulda geçirilen Mr. Owganystan bäsleşigine gatnaşýarlar. Bodibilding Owganystanda juda meşhur bolup, oňa 1996-2001-nji ýyllardaky "Talyban" režimi mahaly hem rugsat edilipdi.

Eýranlylar Yslam respublikasynyň düýbüni tutujy Aýatolla Ruhollah Komeininiň ölüminiň 26-njy ýyl dönümine gabatlap geçirilen çärelere gatnaşýarlar.

Siriýanyň hökümetiniň amala aşyran bomba hüjüminden aman galan bir çaga. Aleppo.

Bir zenan maşgala Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň keşbi şekillendirilen ýüzügi agzynda tutup dur. Bu 3-nji iýunda Moskwada geçirilen gözellik bäsleşiginiň çäginde surata düşmek çäresinden bir pursat.

Owganystanda şaýy musulmanlary özleriniň dini baýramçylygyny belleýän pursady, owgan polisiýasy sebite gözegçilik edýär.

Eýranlylar Yslam respublikasynyň düýbüni tutujy Aýatolla Ruhollah Komeininiň ölüminiň 26-njy ýyl dönümine gabatlap geçirilen çärelere gatnaşýarlar.

Gürjüstanda marihuananyň kanunylaşdyrylmagyny goldap çykyş edýän demonstrantlar. Tblisi.

Owgan oglany buz gaýmak iýýär.

FIFA-nyň prezidenti Sepp Blatter wezipesinden çekilýändigini yglan edenden soň, Guramanyň Zurihdäki baş edarasyny terk edýär.

Britaniýanyň Challenger 2 kysymly tanky Germaniýanyň Lippe şäherinde bir ulagy basdy. Ulagyň sürüjisiniň tanklaryň kerwenini görmän, ýalňyş tarapa sowulandygy aýdylýar.

Üstünde 458 ýolagçysy bolan gämi Ýangtze derýasynda heläkçilige uçrady. Häzire çenli diňe 13 adamy halas etmek başartdy.

Owgan ýaşlary Mazar-y Şerifdäki klublaryň birinde kalýan çekýärler.

Ukrainanyň Lwow şäherinde geçip barýan bir adam rus prezidenti Wladimir Putiniň şeklini ýumruklaýar.

Owganystanyň Jalalabat şäherinde janydan geçen söweşijiniň amala aşyran hüjüminden soňky dörän ýagdaý.

Ukrainaly esger orýsetparaz separatisletiň gözegçiligindäki Donetsk sebitine tarap ýaragdan ot açýar.

Tennis boýunça Parižde geçýän Roland Garros 2015 bäsleşiginiň çäginde sebiýaly Ana Iwanowiç russiýaly Ýekaterina Makarowadan üstün çykdy.