Region görnüşleri #46

Tupan, YD jeňçileriniň paýtagty Rakkagdan 50 km uzaklykda gurlan wagtlaýyn bosgun lageriniň ýanyndaky çagalar. Siriýa. (AFP/Delil Souleiman)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (S) saýlanan prezident Donald Tramp bilen Ak tamda duşuşdy.  10-njy noýabr. (Reuters/Kevin Lamarque)

Ýaşaýan ýerinden gaçmaly bolan yrakly aýal pişigi Lulyny gujagyna gysyp, Yragyň kürt barlag nokadynda, Mosuldan 35 km uzaklykda ulaga garaşýar. (AFP/Odd Andersen)

Siriýaly çagalar ýurt içinde ýaşaýan ýerinden göçmeli bolan çagalar üçin gurlan wagtlaýyn mekdep klasynda otyrlar. Günorta Siriýa,  pineçileriň elindäki Daraa welaýaty. (AFP/Mohamad Abazeed)

Minsk. Prezidentler Aleksandr Lukaşenko bilen Rejep Taýyp Erdoganyň duşuşygyndan öň Garaşsyzlyk köşgüne gelen hormat gwardiaýasynyň agzalary.  (Reuters/Vasily Fedosenko)

Yrak, Başiga şäheri. Mosulyň gündogarynda YD jeňçilerinden yzyna alnan şäherde  oturgyçda galan partlaýjyly guşak. 9-njy noýabr. (Reuters/Thaier Al-Sudani)

Yragyň ýaragly gňýçleriniň agzalary Mosulyň etegindäki  Arbid obasynda ABŞ-nyň saýlanan prezidenti  Donald Trampyň ýeňiş sözüni diňleýärler. (AFP/Ahmad al-Rubaye)

Rus premýer-ministri Dmitriý Medwedew (O) Ýerusalimde, Demirgazyk diwara sapar edende berlen kitaba çiňerilýär. 10-njy noýabr. (Reuters/Dan Balilty)

Yraklylar Mosuldan 14 km uzaklykdaky kükürt kölçesinde suwa düşýär. (AFP/Ahmad Al-Rubaye)

Owgan prezidenti Aşraf Ghani (çepde) prezident köşgünde Pakistandan deportasiýa edilen bosgun Şarbat Gulanyň ogluny (ortada) garşylaýar. 9-njy noýabr. (AFP/Shah Marai)

Owgan atleti Hyratda güýçlileriň bäsleşiginde agaç sütünini galdyrýar. 8-nji noýabr. (epa/Jalil Rezayee)

Mekedon paýtagty Skopýäniň üstüne abanan bulutlar we duman. 8-nji noýabr. (epa/Georgi Licovski)

Damaskyň etegi, pitneçileriň elindäki Douma, raýat goragy toparynyň howa zarbasy urlan ýeriň golaýynda oturan agzasy. Siriýa. (Reuters/Bassam Khabieh)

Siriýa. Damaskyň etegi, pitneçileriň elindäki Doumada howa zarbasynda ýaralanan gyz. (Reuters/Bassam Khabieh)

Orsýetiň Kommunist partiýasynyň goldawçysy Nowosibiriskde Oktýabr rewolýusiýasynyň 99-njy ýyl dönümine bagyşlanan ýörişe gatnaşýar. (TASS/Kirill Kukhmar)

Mosulyň Samah etrabynda ýap-ýaňyja YD jeňçilerinden gaçyp gutulan oglan.. (Reuters/Zohra Bensemra)

Günorta Sibir, Tuwa respublikasynyň merkezi şäheri Kyzylyň golaýyndaky federal M54 ýolunyň gyrasy, Tuwa buddaçylarynyň we şamanlarynyň mukaddes ýeri.  (Reuters/Ilya Naymushin)

Owgan zenanlary Hyradyň Karuk etrabynda şafran güllerini ýygýarlar.  (epa/Jalil Rezayee)

Rus paraşýutçylary Belgradyň alkymyndaky Towin şäherinde, rus-serb harby türgenleşigi mahalynda IL-76 transport uçaryndan bökýärler. (Reuters/Marko Djurica)

Pakistan, Karaçi, şaýy musulmanlary sünni we şaýy medreselerine geçirilen reýdlere we bir topar adamyň tussag edilmegine garşy protest bildirip,  esasy uly ýoly we demirýol liniýasyny baglanlarynda polisiýa tarapyndan sepilen göz ýaşardyjy gazdan saplanýan polisiýa ofiseri.(Reuters/Akhtar Soomro)