Region görnüşleri # 37
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň pidalarynyň hormatyna diklen amerikan baýdaklarynyň arasyndan barýan aýal. (AFP/Mark Ralston)
Makedon esgerleri migrantlary we bosgunlary saklamaga çalyşýar. (Reuters/Yannis Behrakis)
Migrant aýal grek adasynda garyndaşyna duşup, aglaýar. (AFP/Angelos Tzortzinis)
Hytaýyň Milli azat ediş goşunynyň aýdym-saz topary Moskwanyň Gyzyl meýdanynda halkara saz festiwalynda çykyş edýär. (Reuters/Maxim Shemetov)
Owgan zenany dükandan burka satyn alýar. Mazar-e Şarif. (epa/Sayed Mustafa)
Ýagyş astynda gyzy bilen galan siriýaly bosgun ses edip aglaýar. Idomeni, grek obasynyň golaýy. (Reuters/Yannis Behrakis)
Ukrain milli gwardiýasynyň ýaralanan esgeri wepat bolan dostlarynyň portretleriniň öňünden geçip barýar. Kiýew. (AFP/Anatolii Stepanov)
Ýel uçuran migrant çadyrlary. Roszke, Wengriýa. (Reuters/Marko Djurica)
Ispaniýanyň atşynaslyk sungaty boýunça patyşalyk Andalusia mekdebiniň agzasy Moskwada, halakara harby saz festiwalynda çykyş edýär. (epa/Maxim Shipenkov)
Siriýaly bosgun Laith Majid Al-Amirij we onuň 7 ýaşyndaky gyzy Nur ahyry Berlinde. (epa/Joerg Carstensen)
Meşhur mobilizasiýa birlikleriniň agzasy Fallujanyň çetinde bir postda dur. (AFP/Haidar Mohammed Ali)
Migrant gyz gugsada garaşýar. Gewgelija, Makedonia. (epa/Nake Batev)
Migrantlar Türkiýeden gaýykly grek adasy Lesbosa gelip, namaz okaýarlar. (AFP/Angelos Tzortzinis)
TW kameraçysy Petra Laszlo Wengriýanyň Roszke toplama nokadyndan gaçmaga synanýan çagaly migranty aýagyna kakyp ýykýar. Ol bu wideo internetde ýaýrandan soň işden kowuldy. (Reuters/Marko Djurica)
Siriýaly bosgunlar otlynyň öňünden ylgap, demirýoldan geçýärler. Grersiýanyň Idomeni obasynyň golaýy. (Reuters/Yannis Behrakis)
Migrantlar otla münýär. Gewgelija, Makedonia. (epa/Nake Batev)
Ot başynda çagasy bilen ýylynyp duran migrant. Roszke, Wengriýa. (Reuters/Marko Djurica)
Pakistanly oglan mekdepde, Halkara sowatlylyk gününiň bosagasynda (8-nji sentýabr) daşyndan kitap okaýar. Peşawar. (epa/Bilawal Arbab)
Kabulda gün ýaşyp barýan çagy ylgap barýan gyz. (Reuters/Mohammad Ismail)
Owgan okuwçylary Hyradyň eteginde, zäherlenme alamatlatryndan soň, medisina bejergisini aldylar. (epa/Jalil Rezayee)
Polisiýa ofiseri, düzgşn-tertibi talap edip, bir adamy rezin taýak bilen urýar. Gewgelija, Makedonia. (Reuters/Stoyan Nenov)
Siriýa, Kobany, ýaş çatynjalar surata düşýär. (AFP/Yasin Akgul)
Migrantlar Gresiýa bilen Makedoniýanyü arasyndaky serhetden geçip, lagerde hasaba alynmaga garaşýar. (AFP/Robert Atanasovski)
Özbegistanly migrant işçi katoşka ýygnaýar. Berýozowka, Orsýetiň Sibirdäki Krasnoýarsk şäheriniň ýanyndaky obanyň ekin meýdany. (Reuters/Ilya Naymushin)