Region görnüşleri #1

Sidniýniň Opera öýüniň ýokarsyndaky feýerwerkler. 31-nji dekabr. (Reuters/Jason Reed)

Günorta koreýaly polis ofiseri Seula ýapon ilçihanasyna girmäge çalşan protestçileriň birini tutýar. 31-nji dekabr. (epa/Yang Ji-Woong)

Buharestdäki gije klubynda bolan ýangynda ölen 63 adamyň ýatlama gününde ýas tutýan aýal.  (AFP/Andrei Pingovschi)

Ýemeniň paýtagty Saanada saudlylaryň ýolbaşçylgygyndaky howa zarbasyndan soň Koko-kola zawodynyň düşen ýagdaýy. 30-njy dekabr. (Reuters/Khaled Abdullah)

Studentler Seulda, ýapon ilçihanasynyň öňünde Ikinji Jahan urşy döwründe ýapon goşunlary tarapyndan jynsy gulçulyga sezewar edilen merhum aýallaryň suratlaryny göterip, protest bildirýärler. 30-njy dekabr. (Reuters/Kim Hong-Ji)

ABŞ-nyň demokrat prezidentlige kandidaty Hillari Klinton (çepde) kampaniýa mahalynda, Portsmouth, 29-njy dekabr. (Reuters/Brian Snyder)

Türkiýe. Adamlar suw toplaryndan we gşz ýaşardyjy gazdan gaçýarlar. Diýarberkir, komendant sagadyna garşy protest mahalynda. 29-njy dekabr. (AFP/Bulent Kilic)

 Elektrik liniýasyny bejerýän işçi, Mumbaý, Hindistan,  29-njy dekabr. (epa/Divyakant Solanki)

Makedoniýa pyýada gelýän migrantlar. Serbiýa bilen Makedoniýanyň arasyndaky Miratowaç obasynyň ýany.   (epa/Jordje Savic)

Moskwa, Uly teatryň buzdan heýkeli, 29-njy dekabr.

Içerki bosgunlykdaky owgan enesi çagasy bilen Hyradyň etegindäki çadyryň öňünde dur. (AFP/Aref Karimi)

Ispaniýada, hepde başynda Bilbaonyň ýanyndan bolan ýangyn.  (epa/Miguel Tona)

Angliýa, Uz derýasy joşup, sil gelende Ýork şäherinde suw astynda galan maşynlar.  (Reuters/Andrew Yates)

Minsk, täze ýagan garda gezelenç edýän adam.  (RFE/RL)