Region görnüşleri #2

1991-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Litwada garaşsyzlyk protestleri sowetler tarapyndan basylyp ýatyrylanda pida bolanlary ýatlap, adamlar Wilnýusda, Bilim we ylym ministrliginiň binasynyň daş işiginde şem ýakýarlar.  (epa)

Merkezi Kiýew, 13-nji ýanwar, köçede üçeklerden sallanan buzlaryň gapdalyndan geçip barýan adamlar. (Reuters/Gleb Garanich). 

Belgradda sowuk howa zerarly has uly güýç bilen işledilýän ýyladyş zawodlarynyň tüssesi. (epa/Koca Sulejmanovic)

Wengriýa, Tisza derýasynyň boýundaky ýabany gazlar.  (epa/Attila Balazs)

Yragyň gyssagly gaýtawul beriş güýçleri gündogar Mosulyň Sumer etrabynda "Yslam wöwleti" toparynyň jeňçilerine tarap raketa atýarlar.  11-nji ýanwar. (Reuters/Alaa al-Marjani)

Güneşli gün, Sinegaryň etegi, Kaşmir. Ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinden sallanan buzlaryň gapdalyndan geçip barýan çagalar. (epa/Farooq Khan)

Praga, gyş säheri, Çarlz köprüsinden geçip barýan ýal. 11-nji ýanwar. (epa/Martin Divisek)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Çikagoda, 10-njy ýanwarda sözlän hoşlaşyk sözünden soň öz aýaly Mişeli gujaklaýar. (Reuters/Jonathan Ernst)

Merkezi Kiýew, syýatçylaryň bile surata düşmekleri üçin ulanylýan maýmyny, sowukdan goramak üçin, 10-njy ýanwarda galyň possuna doladylar.
 

Aýazbaba eşigini geýen adam Moskwa metrosynyň ýerasty geçelgesinde saz çalýar. (Reuters/Maxim Shemetov)

Sankt-Peterburgda, aýazly sowukda merhemetli Piter we Pol galasynyň diwarlarynyň ýanynda oturan aýal. (AFP/Olga Maltseva)

Gresiýa, Afinanyň demirgazygyndaky bosgun lagerinde ýaşaýan siriýaly aýal. 10-njy ýanwar. (Reuters/Yannis Behrakis)

Yrak. Mosuldan, YD jeňçilerinden gaçyp, Irbiliň ýanyndaky Hazer bosgun lagerine gelen gyz.
 (AFP/Dimitar Dilkoff)

Fransiýaly Adrien Van Beveren Boliwiýada, Dakar ýaryşynyň ýedinji tapgyrynda "Ýamaha" sürýär.   (Reuters/Ricardo Moraes)

Yrak. Hazer bosgun lagerinde Mosuldan, YD jeňçilerinden gaçyp gelen adamlara gök önüm satýan ýaş oglan dynç alýar. (AFP/Dimitar Dilkoff)

Eýranyň ozalky prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjaniniň jaýlanýan mahaly, merhumyň gyzy Faezeh Haşemi Rafsanjani ýasa gatnaşýanlar bilen salamlaşýar. Tähran, 8-nji ýanwar. (epa/Abedin Taherkenareh)

Yrak, YD jeňçileri bilen söweş zerarly Mosulyň Al-Zuhur mähellesinden, ýaşaýan ýerinden bosan adamlar eşegarabaly barýarlar. (Reuters/Alaa Al-Marjani)

Hyrat, Heri Rud derýasynda oýnaýan çagalar. (AFP/Aref Karimi)

Moskwa, sowet kosmonawty Ýuriý Gagariniň heýkeliniň töweregindäki ýyladyş kärhanalarynyň asmana aglaýn tüssesi.  (Reuters/Maksim Shemetov)

Siriýa. Damaskyň gündogarynda pitneçileriň kontrolynda, emma daşy gabalan Douma etrabynda weýran bolan binalaryň arasyndan çaga arabasyny itekläp barýan aýal.  (Reuters/Bassam Khabieh)

Agyr garda köçeden geçip barýan pakistanly. Murree, Yslamabatddan 65 km uzaklykda. (AFP/Aamir Qureshi)

Moskwada itini gyşky tigir paradyna alyp barýan welosipedçi. (epa/Sergei Chirikov)