Region görnüşleri # 7

Hytaý, Hubeý welaýaty, adamlar Aý kalendarynyň bäşinji gününde, hudaýdan mal-döwlet diläp, tütün edýärler. 12-nji fewral. (Reuters)

Köne-küşül ýygnap eklenýän türk maşgalasy, Kilis şäheriniň ýany, merkezi Türkiýe. (AFP/Bulent Kilic)

Eýranly okuwçy gyzlar Tähranyň Azatlyk skwerinde Yslam rewolýusiýasynyň 37 ýyllygyny belleýärler. 11-nji fewral. (AFP/Atta Kenare)

Içerki bosgunlykdaky owgan çagalary Gaznidäki bosgun düşelgesinde ýüp bökýärler. (AFP/Sayed Zakeria)

Bosgun lagerinde otla garaşýan migrant aýal. Slawonski Brod, Horwatiýa. (Reuters/Darrin Zammit)

Kabulda, ýol ýakasynda dilegçilik edýän aýal. (epa/Hedayatullah Amid)

Prawoslaw hristianlary, bally küýzeler we şemler bilen gurşalan hajyň daşynda doga-dileg edip, bal arylaryny saklaýjylaryň piri, merhemetli Haralampiniň gününi belleýärler.  Günogar Bolgariýa, 10-njy fewral. (AFP/Nikolay Doychinov)

Gartaşan ukrain erkegi Kiýewiň merkezinde dilegçilik edýär.  (epa/Sergey Dolzhenko)

Migrant, 20 ýaşly siriýaly Pelen Husseýin türk serhet goragçylary tarapyndan Egeý deňzinde agdarylan gämiden halas edildi. (Reuters)

Lahoryň çetinde öz melleginde ýetyşen gorçisa (hardal) hasylyny ýygýan daýhan. Pakistan. (Reuters/Mohsin Raza)

Polisiýa ofiserleri Moskwada Merkezi bankyň baş edarasynyň ýanynda daşary ýurt pulunda ipoteka karzyny alanlaryň protestine gatnaşan adamy tutýar. 8-nji fewral. (Reuters/Sergei Karpukhin)

Täze durmuş guran siriýaly jübüt surata düşýär. Homs. (AFP/Joseph Eid)

Migrant aýal çagasyny göterip, grek-makedon serhedinden geçmäge garaşýar. Gewgelijanyň ýany, 8-nji fewral. (AFP/Robert Atanasovski)

Adamlar hytaýlylaryň Aý kalendary boýunça bellenilýänTäze ýyl baýramyndan öň arassaçylyk dessurlaryny berjaý edýärler. Orsýetiň Uzak Günogaryndaky Nowosibirsk şäheri. (TASS/Kirill Kuchmar)

Mazar-e Şarifiň golaýynda ýaralanan owgan oglany bir esger bilen, janyndan geçeniň hüjüminiň amala aşyrylan ýeriniň ýanyndan ýöräp barýar. 8-nji fewral. (AFP/Farshad Usyan)

Türk serhediniň ýanynda surata düşen siriýaly, Aleppodaky söweşlerden gaçan bolsgunlar.  (AFP/Bulent Kilic)

Kişinýowyň ýanynda ýüpe berkidilip, 75 metr beýiklikdäki binadan bökýän adam. Soňky döwür "ýüpde uçmak" diýilýän böküş ýaş moldawanlaryň arasynda resmi bolmadyk meşhur sporta öwrüldi. (epa/Dumitru Doru)