Region görnüşleri #9

Polisiýa ofiserleri Kiýewde, seks işçileriniň ýörişi mahalynda maskaly "Işçi, jenaýatçy däl" diýen ýazgyly plakaty tutup duran adama ýylgyrýarlar. (AFP/Serhiy Supinsky)

Robot ofisiant müşderilere pitza paýlaýar. Pizza.com restorany, Multan, Pakistan.  (epa/Faisal Kareem)

2-nji mart. Mosulda howpsuzlyk güýçleri bilen YD söweşijileriniň arasynda barýan söweş zerarly ýaşaýan ýerinden gaçan adamlar. (AFP/Aris Messinis)

Eýranly ekiz dogan Muhammet pygambariň gyzy Fatimanyň hatyrasyny tutýan ejeleriniň ýanynda dur. Tähran. (epa/Abedin Taherkenareh)

Demirgazyk Siriýa,  Al-Bab şäheriniň içinde motosikletli barýan adam. (Reuters/Khalil Ashawi)

Protestçiler gyzyl we sary saýawan astynda alban diline has giň resmi ulanyş ygtyýaryny berýän şertnama garşy şygarlara gygyrýarlar. Skopýe, Makedonia. (Reuters/Stringer)

Günbatar Mosulda hökümet güýçleri bilen YD jeňçileriniň söweşindan gaçan gyzjagaz dynç alýar.  Yrak, 1-nji mart. (Reuters/Zohra Bensemra)

Pakistanly erkekler goňur şeker taýýarlaýar. (AFP/Bilawal Arbab)

Agyr ýagyşdan soň şekilleri ýagyş suwuna düşýän atlaryň ýanyndan çaga göterip barýan hindi aýaly. Şimla, 28-nji fewral. (AFP)

Polio waksinasyny alýan çaga. Kabul. (AFP/Shah Marai)

London, britan parlamentiniň daş işiginde "Ümsümligi duruz" kampaniýaçylary ýurt boýunça proteste başladylar. Olar 50-nji madda düçediş girizilmegine, hökümetiň berk Breksit syýasaty barada jemgyýetçililigiň açyk gürrüň etmegine ýol açylmagyna çagyrýarlar. (epa/Andy Rain)

2014-nji ýylda top oklaryna aýagyny aldyran Wiktor Gudelýa öýüniň gapdalynda orsýetçi separatistler tarapyndan topa tutulýan Awdiýiwka obasynda ýangyn söndürýänlere syn edip otyr.  26-njy fewral. (AFP/Anatolii Stepanov)

Yslamabat, YHG-nyň sammitiniň öňünden türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň äpet portretini arassalaýan işçi. (Reuters/Caren Firouz)

Hökümet güýçleri bilen YD-nyň söweşi sebäpli Mosulyň Jawasak mähellesinden gaçan yrak maşgalasy. (AFP/Ahmad al-Rubaye)

Günbatar Mosuldan, söweşden gaçan aýallar dynç alýar. (Reuters/Zohra Bensemra)

Yrak federal polisiýasynyň agzasy Mosuly YD-dan yzyna almak boýunça geçirilýän operasiýa mahalynda bolýan partlamalara reaksiýa bildirýär. (AFP/Aris Messinis)

Şrovetide baýramçylygyna gatnaşýan oba adamlary. Tonezh, Minskden 280 kilometer uzaklykda, Belarus. (AFP/Sergei Gapon)