Region görnüşleri #1
4-nji ýanwarda bir adam aýazly howada Nýu-Ýorkuň Bruklin köprüsinden ýöräp barýar. (Reuters/Darren Ornitz)
Russiýanyň Primorsk obasynda balyk fabrikasynyň işgärleri doňan Ýeniseý derýasynda zähmet çekýärler. (Reuters/Ilýa Naýmuşin)
Burmaly bir adam, ýurduň garaşsyzlygynyň 70 ýyllygy mynasybetli gurnalan bäsleşikde, bambuk agajyna çykmaga synanyşýar. (epa-EFE/Lynn Bo Bo)
Nora Belwerud özüniň bäşinji doglan gününe sowgat edilen şar bilen San Diýegonyň kenar ýakasynda oýnaýar. (AP/Gregory Bull)
Yrakly aýallar Najaf şäherinde ulular üçin gurnalan sapaga gatnaşýar. (AFP/Haýdar Hamdani)
Hytaýyň Heilongjiang welaýatynda her ýyl gurnalýan buz we gar heýkeller festiwaly. (AFP/Greg Baker)
Gyrgyzystanyň Kyzyl Birlik obasynyň golaýynda eşek münüp barýan oglanlar. (AFP/Výaçeslaw Oseledko)
Päkistanly demonstrantlat Kwettada gurnalan protestda ABŞ-nyň baýdagyny otlaýarlar. (AFP/Banaras Khan)
Stanbuldaky çarlaklar (AFP/Bulent Kiliç)
2-nji ýanwarda Moskwanyň Twersraýa köçesinde gurnalan tans çykyşy. (AFP/Mladen Antonow)
Güjügini penjeginiň içinde saklap duran bir adam Rumyniýanyň Komantsi şäherinde gurnalan Täze ýyl dabarasyna tomaşa edýär. (AP/Wadim Ghirda)
Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinde doňan Ýeniseý derýasyndan ýöräp barýan adam. (Reuters/Ilýa Naýmuşin)
Bir adam Rio de Žaneýroda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli atylan feýwerkleriň fonunda deňze tarap ylgap barýar. (Reuters/Lucas Landau)
Prawoslaw ruhanasy Kiýewiň polisiýa edarasynyň daşynda geçirilen protestde öldürilen aklawçy Iryna Nozdrowskanyň suratyny saklaýar. (AFP/Serhey Supinskiý)
Nýu-Ýorkuň ýangyn gullugynyň işgärleri Bronksuň jaýlarynyň birinde işleýärler. (Reuters/Şannon Stapleton)
Ukrain milletçileri Kiýewde Ukrainanyň Milletçileriniň Guramasyny esaslandyryjylarynyň biri bolan Stepan Banderanyň 109-njy doglan gününi belleýärler. (Reuters/Valentyn Ogirenko)