Region görnüşleri #10
Kamanduda Aýal-gyzlar güni mynasybetli geçirilen ýörişiň dowamynda bir nepally aýal agtygyny biline alyp, köçäni süpürýär. (epa-EFE/Narendra Shrestha)
Moskwanyň eteginde Liberal Demokratik Partiýanyň tarapdarlary prezidentlige dalaşgär, partiýanyň lideri Wladimir Žirinowskiý bilen duşuşyga geldiler. (AFP/Maxim Zmeyev)
Kosowaly albanlar Kosowanyň Azatlyk Armiýasynyň kommandiri Adem Jaşariniň ölüminiň 20-nji ýyl dönümini ýatlaýarlar. (epa-EFE/Valdrin Xhema)
Ýemenliler gaz balonlaryna gazy doldurmak üçin nobatyna garaşýarlar. (epa-EFE/Yahya Arhab)
Barselonanyň etegindäki Montmelo şäherinde geçirilýän Formula Bir ýaryşy. (AP/Manu Fernandez)
Hindistanyň rajasthan sebitiniň duz ýataklarynda zähmet çekýän işçi. (AFP/Himanshu Sharma)
Sankt Peterburgda adamlar doňan Newa derýasyndan ýöreýärler. (TASS/Peter Kovalev)
Siriýanyň Beit Sawa şäherine edilen howa hüjüminden soň, ýaşaýjylar öýlerine terk edýärler. (AFP/Abdulmonam Eassa)
Pakistanyň Yslamabat şäherinde adamlar derýanyň kenarynda gargalary iýmitlendirýärler. (Reuters/Faisal Mahmood)
Pekinde Hytaýyň Milli Halk Kongresinde geçýän maslahata gatnaşyjylaryň biri.(Reuters/Thomas Peter)
Siriýanyň Ghouta sebitinde gumanitar kömegini daşap barýan Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýük ulagy. (epa-EFE/Youssef Badawi)
Kabulda owgan çagalary buzgaýmak satyn alýarlar. (Reuters/Mohammad Ismail)
Berlinde adamlar doňan bir kölüň üstünde oýnaýarlar.(AFP/Odd Anderson)
Kabulyň eteginde bir oglan sowet tankynyň üstünden bökýär. (AP/Rahmat Gul)
Bir aýal Hong Konguň Wiktoriýa portunyň gabat garşysynda dur. (epa-EFE/Jerome Favre)
Gondurasda konfiskasiýa edilen ulaglaryň duralgasynda ýangyn ýüze çykdy. (Reuters/Jorge Cabrera)
Pragada demonstrantlar Çehiýanyň baýdaklaryny galgadyp, kommunist zamanasyndaky polisiýa işgäriniň Parlamentde polisiýa gözegçilik edýän komitetiň başlyklygyna bellenilmegine garşy protest geçirýärler. (AFP/Michal Cizek)
Norwegiýada Demirgazyk Yşyklary synlap oturan bir aýal. (AFP/Olivier Morin)
Germaniýanyň demirgazygynda adamlar buz döwüjii milli gämilerini ulanýarlar. AFP/dpa/Jens Buttner)