Region görnüşleri #12

Germaniýanyň Frankfurt şäherinde "Luminale" yşyk festiwalynyň açylyş dabarasy bolan mahaly, Roemer meýdançasyndaky bir jaýdan öwşün atýar. (AP/Michael Probst)

22-nji martda ukrain parlamentiniň deputaty Nadia Sawçenko özüniň Ukrainanyň gahryman ýyldyzy baradaky sylagyny görkezýär. Şondan gysga wagt soň, Sawçenko tussag edildi. Sawçenko kanun çykaryjy organa “terrorçylykly” hüjümiň dildüwşügni etmekde aýyplanýar. (Reuters/Valentyn Ogirenko)

Prizren sebitinde pars Täze ýyl baýramçylygy bellenýän mahaly, kosowaly derwüş uly iňňäni ýaňagyna dürtýär. (AFP/Armend Nimani)

Kosowanyň sudy ymam Şefket Krasnigiň günäsizdigi barada karar çykarylandan soň, ymamyň tarapdarlarynyň biri onuň maňlaýyndan ogşaýar. Krasnik terrorçylykda we ýigrenç mazmunly çykyş etmekde aýyplanypdy. (epa-EFE/Valdrin Xhemaj)

Russiýanyň Krasnoýarsk sebitinde adamlar buz bilen örtülen Ýeniseý derýasynda balyk tutýarlar. (Reuters/Ilya Naymushin)

21-nji martda, ýagny Bütindünýä suw gününden bir gün öň, Karaçide pakistanly adam ýüzüne suw sepýär. (epa-EFE/Rehan Khan)

Waşingtonda güýçli gar ýagan mahaly, kiçijek gyzy arkasynda göterip barýan adam. (epa-EFE/Michael Reynolds)

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky oýun meýdançasynda oýnaýan çagalar. (Reuters/Mohammad Ismail)

21-nji martda Hindistanyň Ahmedabad sebitindäki Sabarmati derýasynyň hapalanan suwlarynda bir adam gaýtadan işläp boljak zatlary gözleýär. (Reuters/Amit Dave)

21-nji martda Pristinada kosowaly kanunçykaryjylar ýurduň parlamentine göz ýaşardyjy gazy goýberen oppozisiýa agzalaryna reaksiýa bildirýärler. Bu waka 2015-nji ýylda Montenegro bilen gelnen serhet demarkasiýasy boýunça ses berişlik geçirilmezden öň boldy. (AFP/Armend Nimani)

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede milli egin-eşikleri geýen täjik gyzjagazlary Nowruz baýramyny belleýärler. (AFP/ Nozim Kalandarov)

Hindistanyň Deli şäherinde motosikletli adam çagalar üçin şarlary alyp barýar. (Reuters/Cathal McNaughton)

19-njy martda Moskwada Russiýanyň çepçi guramalarynyň we hereketleriniň tarapdarlary prezident saýlawlaryndan soň geçirilen protest ýörişlerine gatnaşýarlar. (AFP/Kirill Kudryavtsev)

​Owgan işçileri Gandaharda ýer minalaryny gözlemäge taýýarlanýarlar. (EPA-EFE/Muhammad Sadiq)

18-nji martda Russiýada geçirilen prezident saýlawlarynda se bermäge baran saýlawçylar Moskwanyň Kazansk demirýol terminalynyň içinde hatara durlar. (AFP/Mladen Antonov)

19-njy martda Gazagystandaky montaj angaryndan Baýkonur kosmodromyna alnyp barylýan "Soýuz MS-08" kosmos gämisine howpsuzlyk işgärleri gözegçilik edýär. (Reuters/Shamil Zhumatov)

18-nji martda Türkiýe tarapyndan goldanylýan siriýaly pitneçiler Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Afrin şäheriniň basyp alandan soň, dükanlary talaýarlar. (AFP/Bulent Kilic)

Pakistanyň Yslamabad şäherinde baharyň gelmegi bilen pyntyk ýaran agaçlaryň arasynda gezelenç edýän pakistanly maşgala. (AP/Anjum Naveed)