Region görnüşleri #13

Çehiýa, Çeh Budeýowisesi şäherinde maska geýip, Pasha baýramçylygyna gatnaşýan adamlar.   30-njy mart. (Reuters/David Cerny)

Rus kadetleri Moskwada kadet mekdepleriniň ýyllyk ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. 30-njy mart.   (AFP/Mladen Antonov)

Şem ýakylyp ýazylan "Kemerovo"  sözüniň öňünde durup, 25-nji martda Sibiriň Kemerowa şäherindäki söwda merkezinde turan ýangynyň pidalarynyň hatyrasyny tutýan adamlar. Moskwa, Puşkin skeri, 27-nji mart. (AP/Aleksandr Zemlianichenko)

Siriýaly çaga howa zarbalaryndan goranmak üçin ulanylan ýerzemeinde ýokarsyna seredýär.  Douma, gündogar Ghouta regiony.  (AFP/Hamza al-Ajweh)

Uzak Gündogaryň Wladiwastok şäheri, Orsýet. Kemerowada wepat bolan 64 adamyň hatyrasyna asmana şar uçurýan adamlar. 28-nji mart. (Reuters/Yuri Maltsev)

Pakistan, Peşewar,  gurluşyk meýdançasynda demir gözenekleri bir-birine baglaýan işçi.  (Reuters/Fayaz Aziz)

Deli, zir-zibil taşlanýan ýeriň içinden bäbegini göterip barýan aýal. (Reuters/Cathal McNaughton)

Yslamçy "Faýlak al-Rahman" topary Moskwa bilen ylalaşyga gelenden soň, goşlaryny ýygnap, ewakuasiýa edilmegine garaşyp oturan siriýalylar. Gündogar Ghouta. (AFP/Mohammed Eyad)

Kosowadaky serb hökümetiniň başlygy Marko Dýurik (Djuric) kosowa polisiýasy tarapyndan tussag edilip, Prisitinada suda alnyp gidilen wagtynda bronly maşynyň içinden başam barmagyny görkezýär. 26-njy mart. (epa-EFE/Valdrin Xhemaj)

Rejissýor Stiwen Spielberg Los Anjelsde "Ready Player One" eseriniň premýerasynda awtografa gol çekýär. 26-njy mart. (Reuters/Mario Anzuoni)

Kemerowada 25-nji martda ýangyn bolup, onlarça adamyň ýogalan ýeri. (Reuters)

25-nji mart, Sibiriň Kemerowa şäherinde turan ýangyna reaksiýa bildirýän adam. (Reuters/Marina Lisova)

Belarusyň  1918-nji ýylda Orsýetden garaşsyzlygyny yglan etmeginiň ýatlama gününe gatnaşyjylar, Minsk, 25-nji mart. (AP/Mark Humphrey)

Moldowa, Kişinýowyň merkezi, Bessarabiýa bilen Rumyniýanyň birleşdirilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşyk mahalynda äpet rumyn baýdagynyň üstünde bökjekleýän gyz. 25-nji mart.  (EPA-EFE/Dumitru Doru)