Region görnüşleri #17

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (Ç) we Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in taryhy sammitdäki gol çekişlik dabarasynda gujaklaşýar. Panmunjom, 27-nji aprel. (AFP/Korea Summit Press Pool)

Taryh janköýeri Pragadaky "Azatlyk konwoýy" ýatlama gününde  ABŞ goşunynyň Ikinji Jahan urşy döwründäki uniformasyny geýip, sigar çekýär. (epa-EFE/Martin Divisek)

Superiorda (Wisconsin) bolan partlamadan soň "Husky Energy" nebit işläp bejerýän zawoddan göterilen gara tüsse. (Reuters/Robert King/Duluth News Tribune)

Moskwa, Gyzyl meýdandan ýöräp barýan iki aýalyň suwa düşen şekili. 26-njy aprel. (AFP/Yuri Kadobnov)

Belarus esgerleri Çernobyl atom elektrik stansiýasynda bolan betbagtçylygyň pidalarynyň hormatyna gül çemenlerini goýýarlar. Minsk, 26-njy aprel. (AFP/Sergei Gapon)

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow milli lybasly Çeçen dili güni baýramynda çykyş edýän tansçylary synlaýar. Groznyý, 25-nji aprel. (AP/Musa Sadulayev)

Türkiýe,  Günbatara aşmak üçin Erzuruma gelen bosgunlar. (epa-EFE/Erdem Sahin)

Hyrat, zawodda aýna gaplary ýasaýan owgan işçisi.  (AFP/Hoshang Hashimi)

Pakistanly işçi  Yslamabadyň eteginden ýygan bugdaý sünbüllerini göterip gelýär. (AFP/Farooq Naeem)

Ermenileriň osmanly türkler tarapyndan köpçülikleýin öldürilmeginiň 103 ýyllygy mynasybetli guralan ýatlama çäresinde Ýerewandaky Tsitsernakaberd ýadygärlikler toplumynda gül goýmak dabarasyna gatnaşýan adam. 24-nji aprel. (Reuters/Gleb Garanich)

Ermenistanlylar Ýerewandaky Ýadygärlikler toplumynda köpçülikleýin gyrlan watandaşlaryny ýatlaýarlar.  (RFE/RL/Amos Chapple)

Nýu-Deli, waýtlaýyn jaýlaryň gurlan ýerinde, ýangynda weýran bolan öýleriniň ýanynda jigisisni göterip duran gyz. Aprel. (Reuters/Adnan Abidi) 

Ukraina. Çernobyl betbagtçylygyndan soň ewakuasiýa edilen obalaryň we şäherleriň atlary ýazylan nyşanlaryň arasyndan çekilen ýoldan barýan iki turist. (AFP/Sergei Supinsky)

Ýerewan, 23-nji aprel. Prmýer-ministr Serž Sarkisýanyň işden çekilendigini eşiden protestçiler reaksiýa bildirýär. (RFE/RL/Amos Chapple)

 Kolkata, wagtlaýyn düşelgede dynç alýan çaga. 23-nji aprel. (Reuters/Rupak De Chowdhuri)

Gündogar Ghoutadan ewakuasiýa edilen çagalar demirgazykdaky Adlib welaýatynda içerki bosgunlaryň Bab al-Hawa lagerinde oýnaýar. (AFP/Aaref WATAD)

50 ýaşyndaky Alekseý Serýogin öz ýasan üç tigirli welomobilini sürýär. Sibiriň Balakhta  obasy, Orsýetiň Krasnoýarsk regiony. (Reuters/Ilya Naymushin)

Kosowa. Pristinanyň golaýyndaky German milli parkynda Ýer gününde ýoga edýän aýal. 22-nji aprel. (AFP/Armend Nimani)