Region görnüşleri #20

Belarus, hökümete tarapdar Ýaş pinerler hereketiniň agzalary öz guramalarynyň döredilmeginiň 95 ýyllygyny belleýärler. Minsk, 19-njy maý. (Reuters/Vasily Fedosenko)

Eýranly gyz syýa batyrylan barmagyny we saýlawda ses beren ejesiniň dokumentini görkezýär, Tähran, 19-njy maý. (AFP/Atta Kenare)

Günbatar Mosulda ýaşaýan yraklylar hökümet güýçleri bilen YD ekstremistleriniň söweşýän ýerinden gaçýarlar. 19-njy maý. (AFP/Ahmad al-Rubaye)

Monah aýallar we Moskwa patriarhatynyň ukrain prawoslaw ybadathanasyna eýerijiler 18-nji maýda ukrain parlamentiniň öňünde ýygnanyşyga gatnaşýarlar. Olar Kiýewe öz ybadathanalary babatda has kän ygtyýar berjek kanun taslamasyna protest bildirýärler. (Reuters/Gleb Garanich)

18-nji maý, Nýu-Ýork şäheriniň Taým skweri, beýlekiler üstünden maşyn sürlüp ýarlanan pyýadalara seredýär, bir aýal bolsa telefon edýär. (AFP/Jewel Samad)

35 ýaşyndaky satyjy Hidaýa Muhýiddin Erbilde, Yragyň awtonom kürt regionynyň paýtagtynda surata düşýär. (Reuters/Azad Lashkari)

 Yragyň terrora garşy gulluklarynyň YD jeňçilerine garşy dowam edýän söweşlerinde Mosulyň günbatar Rifai mähellesine ilerleýän wagtynda ýanýan maşynyň oduny öçürmäge synanýan yrakly. 16-njy maý (AFP/Ahmad al-Rubaye)

Yssy howada suwa düşüp salkynlaýan owgan oglany. Jalalabat welaýaty. (Reuters/Parwiz)

Kiýew, parlament binasynyň öňündäki protest, jelladyň simwoliki lybasyny geýen aktiwistler "Ukrainanyň milli korrupsiýa garşy býurosy" diýen ýazgyly garantgany asýarlar. 16-njy maý. (epa/Serhiy Dolzhenko)

Güne birişirilýän kerpiçleriň arasynda duran yrakly gyz,  Najaf. (AFP/Haidar Hamdani

Eýranyň prezidentlige kandidaty Hassan Rohaniniň tarapdarlary kampaniýa mahalynda şygarlara gygyrýarlar, 16-njy maý, Zanjan. (AFP/Behrouz Mehri)

Palestinaly okuwçy gyzlar ysraýyl esgerleriniň Nakbanyň - palestinalylaryň ýaşaýan ýerlerinden göçürilen gününuň 69-njy ýyl dönümine gabat geçirilýän protestleri dargytmak üçin atan göz ýaşardyjy gazyndan goranmaga çalyşýar, 15-nji maý, Bethlehem. (Reuters/Ammar Awad)

Yrak goşunlary bilen YD-nyň arasyndaky söweşler sebäpli günbatar Mosuldaky ýaşaýan ýerinden göçürilen yraklylar, 15-nji maý. (Reuters/Danish Siddiqui)

Pakistanly çagalar görülmedik derejede gyzan howada Rawi derýasynda suwa düşüp oýnaýarlar,  Lahore. (AFP/Arif Ali)

Owganysrtan, okuwçy gyzlar saýawan astynda ýagyşdan goranýar. Kabulyň etegi. (Reuters/Mohammad Ismail)

Siriýaly çaga Al-Bab şäherinde hem pagta süýji satýar, hem iýýär, demirgazyk Aleppo welaýaty, 15-nji maý. (AFP/Zein Al Rifai)

Futbol janköýerleri Holland Ligasynyň Heracles Almelo garşy ýaryşynda Feyenoord Rotterdamyň salan goluna reaksiýa bildirýärler.   (Reuters/Michael Kooren)