Region görnüşleri #21

Heratda zähmet çekýän owgan daýhany.

Tbilisiniň eteginde gürji esgeri ABŞ-Gürjüstan bilelikdäki harby türgenleşiklerine gatnaşýar.

Owganystanyň paýtagty Kabulyň etegindäki Wazir Akbar Khan belentligi.

Azat Siriýa Armiýasynyň söweşijisi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleri bilen söweşýär. Aleppo.

Wenada geçen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň sahnasy.

Daglyk-Garabag sebitindäki Stepanakert şäheriniň golaýyndaky Wank obasynyň bir ýaşaýjysy.

"Yslam döwleti" toparynynyň Ramadi şäherine amala aşyran hüjümlerinden gaçyp gelen yraklylar Bzeibez köprüsini geçmek üçin nobata durlar.

Yrakly esger öýüni terk etmäge mejbur bolan aýal maşgalany köprüden geçirýär.

Pakistanyň polisiýa akademiýasynyň uçurymlary harby ýöriş bilen geçýärler.

Adriatik deňzi. Ulçinj, Montenegro.

Gazagystanyň Kostanaý sebitinde azyndan 20 müň çemesi saýga antelopasy öldi. Resmiler olaryň ölüminiň anyk sebäbini heniz hem anyklap bilmediler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri - ABŞ-nyň esgerleriniň çagalary bilen surata düşýän pursady - 8 aýlyk Andrew Belzi egnine alýar.

Eýranyň Persepolis futbol toparynyň janköýerleri. AFC çempionatynyň çäginde eýran futbolçylary Tähranyň Azadi stadionynda Saud Arabystanyň Al-Hilal kommandasy bilen duşuşýarlar.

Iordaniýa-ABŞ harby türgenleşikleriniň çäginde raketa atyldy.

Orsýetliler Rus imperiýasynyň soňky patyşasy Nikolaý II-niň doglan gününe gabatlanyp geçirilen çärelere gatnaşýarlar.

Owgan gyzlary Kabulyň depelerinde oýnaýarlar.

Ýewrowieniýe aýdym-saz bäsleşiginde Gürjüstanly aýdymçy Nina Sublatti çykyş edýär.

Wertolýot Bakuwyň köpgatly ýaşaýyş jaýynda ýüze çykan otda galan adamlary halas etmäge synanyşýar. Hadysada azyndan 15 adam öldi.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň býusty rim imperatorlarynyň keşbinde ýasaldy. Onuň açylyş dabarasy 16-njy maýda Leningrad raýonynda boldy.

Pakistanyň polisiýa akademiýasynyň uçurymlary.

Ramadi şäheriniň ýaşaýjylary öýlerini terk etmäge mejbur boldular.