Region görnüşleri # 24
Mederesede Kuran okaýan gyz. Kandahar. (AFP/Jawed Tanveer)
Skoýede hökümete garşy protestden soň kaskasyny arassalaýan ofiser. Makedonia. (AFP/Robert Atanasovski)
Demirgazyk Koreýanyň lederi Kim Jong Un Çagalar birleşginiň Phenýandaky "Biz dünýäde iň bagtyýar" atly çäresine gatnaşýar. (Reuters/KCNA)
10 ýaşly Mustafa Kabuldaky harby hassahanada guralan dabarada kakasynyň, owgan žurnalisti we terjimeçisi Zabihullah Tamannanyň ýasyny tutýar. 38 ýaşyndaky Tamanna, üç çaganyň atasy, 5-nji iýunda helmand welaýatynda amerikan fotožurnalisti David Gilkeý bilen "talyban" gabawyna salyndy. (Reuters/Omar Sobhani)
Yraklylar ulag bombasynyň ýarylan ýerini barlaýarlar. Bagdat, Jadida, 9-njy iýun. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
Bosgun lageriniň işiginde oturan çaga. Schisto, Afina, Gresiýa. (AFP/Aris Messinis)
Orsýetiň 55-den geçenler üçin ýyllyk Mümkinçilikler festiwalyna gatnaşyjylar, Sibir, Krasnoýarsk. (Reuters/Ilya Naymushin)
Wezneçiler etrabynda bolan ganly partlamadan soňky arassaçylyk işleri. Stambul, Türkiýe. (AFP/Ozan Kose)
Kosowoly mugallym Gjyryşes mekdebinde, Pristinadan 90 km uzaklykda sapak geçýär. (epa/Aldrin Xhema)
Rus haýwanat bagynyň işgäri üç hepdelik ýewraziýa bürgüdini naharlaýar. Roýew Ruçeý haýwanat bagy, Sibir, Krasnoýarsk. (Reuters/Ilya Naymushin)
Moskwa, Puşkin sungat muzeýinde rus teatr dezaýneri Leon Bakstyň doglan gününiň 150 ýyllygyna gabat guralan sergä gelen adam. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Owgan erkegi Remezan aýynyň ilkinji gününde mätäçlere nahar paýlaýar. Gazni welaýaty, 6-njy iýun. (AFP/Zakeria Hashimi)
Siriýaly erkekler pitneçileriň elindäki Hamouria şäheriniň golaýynda bugdaý hasylyny ýygnaýarlar. 6-njy iýun. (AFP/Sameer Al-Doumy)
Golaýdaky topa tutuşlykda zyýan gören jaýyň içinde duran adam. Gündogar Ukraina, Donetsk regiony. (epa/Sergey Vaganov)
Pariž, Jardin d'Eole lagerinden ewakuasiýa edilýän pursaty ýapynja çolanan adam. 6-njy iýun. (AFP/Geoffroy Van der Hasselt)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Mongoliýa sapary mahalynda peýkamdan ok atýar. Ulan Bator. (AFP)
Mukaddes Remezan aýyndan öň metjidi süpürýän oglan. Peşawar, Pakistan. (epa/Arshad Arbab)