Region görnüşleri #23

Eýran. Şaýy musulmanlary Remezan aýynda şehitleriň mazarlarynyň golaýynda namaz okaýarlar. Behesht-Zahra gonamçylygy, günorta Tähran. (EPA-EFE/Abedin Taherkenareh)

Owgan işçisi buz bölegini alyp gelýär. Gazni. (AFP/Zakeria Hashimi)

Gyrgyz studentleri 20 ýaşynda alnyp gaçylan we polisiýa stansiýasynda özüni alyp gaçan erkek tarapyndan öldürilen gyz üçin protest bildirip, Bişkekde  ak şarlary uçurýarlar. (AFP/Dmitry Motinov)

Hawaýidäki Kilauea wulkany ot sowurmasyny dowam etdirýär. Pahoa. (Reuters/Terray Sylvester)

Kiýew, yssy howaly tomus gününde bäbegi bilen salkyn kölegede ýatan adam. (AFP/Sergei Supinsky)

Tbilisi, metro işgärleriniň iş taşlaýşynyň ikinji gününde ýolagçydan dolup barýan awtobus. 5-nji iýun. (RFE/RL /Amos Chapple)

Eýran Yslam respublikasyny esaslandyryjy Aýatolla Ruhollah Homeýniniň ölen gününiň 29 ýyllygyna gabat  onuň mawzoleýiniň töweregine toplanan mähelle. Tähran, 4-nji iýun. (AFP)

Ukrain žurnalisti Roman Suşçenko Moskwa sudunda daşy aýna diwar bilen berkidilen kapasanyň içinde sud seljerişligine gatnaşýar.  4-nji iýun. (EPA-EFE/Maksim Shipenkov)

Gaýtadan ot sowrup başlan Fuego wulkanyndan gaçyp gelýärkä büdrän polisiýa ofiseri. 4-nji iýun. San Miguel Los Lotes, Escuintla, Guatemala. (Reuters/Luis Echeverria)

Lahor. Yssy tomus gününde arkasy maýmynly kanala bökmäge taýýarlanýan adam. (AFP/Arif Ali)

Hyrat welaýaty. Remezan aýynda metjidiň daş işiginde oturyp, Kuran okaýan musulman.  (AFP/Hoshang Hashimi)