Region görnüşleri # 27

Belgialy balykçylar krewetka tutmak üçin gurýan torlaryny çekmekde atlary ulanýarlar. Bu usul Demirgazyk deňziň kenarlarynda 500 ýyl ozal hem ulanylypdyr we ol bu ýere köp turist çekýär. (Reuters/Yves Herman)

Teşneligini gandyrýan serçe, Freiburg, Germaniýa. (epa/Patrick Seeger)

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka garaşsyzlyk gününde çemen goýuş dabarasyna gatnaşýar.  Minsk, 3-nji iýul. (Reuters/Vasily Fedosenko)

Owgan oglanjygy agzaçara nan getirýär. Jalalabad. (AFP/Noorullah Shirzada)

Pakistanyň howpsuzlyk resmileri bölekleýin çöken köprüden agdarylan otlynyň ýolgaçylaryny halas edýärler. Wazirabad. (epa/Khurram Khan)

Ýaşaýjylar bomba gaçybatalgasynda otyrlar. Horliwka, Donetsk regiony. (AFP/Andrey Borodulin)

Owgan işçisi eýlenen derleri guradýar. Mazar-e Şarif. (Reuters/Anil Usyan)

Oglan dikeçde goýlan harby tehnika münüp oýnaýar. Çernitsyno obasy, Orsýetiň Kursk regiony. (AFP/Sergei Gapon)

Indonezianyň 30-njy iýunda ýykylan "C-130 Hercules" harby transport uçarynyň bir bölegi. Medan, Indonezia. (Reuters/Roni Bintang)

Studentler, yssydan gaçyp, Wuhandaky Huazhong Normal Uniwersitetiniň gimnaziýasynda ýatmaga taýýarlanýarlar. 29-njy iýunda howanyň gyzgyny 35 gradusdan geçdi. (Reuters/Stringer)

Afinanyň merkezi balyk bazarynda işleýän adam alyja garaşýar. (AFP/Angelos Tzortzinis) 

Çüwdürimli ýanýoluň ortasyndan çaga arabasyny sürüp barýan adam.  Liwerpul, Angliýa. (AFP/Paul Ellis)

Diwar ýazgylarynyň ýanyndan geçip barýan aýal. Kiýew, Ukraina. (epa/Roman Pilipey)

Ýangyn söndürijiler Müsüriň baş prokurorynyň konwoýyna bomba hüjüminiň gurnalan ýerinde işleýärler. Kair, 29-njy iýun. (epa/Hatem Safwat)

Howpsuzlyk işgäri Milli bankyň bölümine pul getirýär. Afina, Gresiýa. 29-njy iýun. (Reuters/Marko Djurica)

Boks mekdebiniň ýetginjekleri Hazar deňzindäki nebit burawlarynyň ýanynda tälim alýarlar, Baku. (AFP/Kirill Kudryavtsev)

29-njy iýunda Saraýewodaky Latyn köprüsinde I Jahan urşunyň ýatlama çäresi gurnaldy. Bosiýaly serb Gawrilo Prinsip 1914-nji ýylyň 28-nji iýunynda şu ýerde  Arçdýuk Franz Ferdinandy öldüripdi. (epa/Fehim Demir)

Otluda demirgazyk Serbiýanyň  wenger serhedine golaý Subotiça şäherine barýan migrantlar. (AFP/Igor Pavicevic)

Serb harbylary 101 ýyl öň Franz Ferdinandy öldüren serb milletçisi Gawrilo Prinsipiň täze açylan bürnç heýkeliniň ýanynda hormat garawulynda dur. Belgrad, 28-nji iýun. (AFP/Andrej Isakovic)

Gün energiýasyny ulanýan sweýsar uçary "Solar Impulse 2" 29-njy iýunda Nagoýa halkara aerportundan uçup, Hawaýa tarap ugrady. (AFP/Solar Impulse)

Ozalky sowet lideri Mihalil Gorbaçew (ortada) ozalky rus premýer-ministri Ýewgeniý Primakowyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşýar. Moskwa, 29-njy iýun. (Reuters/Sergei Karpukhin)

Nebitli wannada bejergi alýan adam, Naftalan saglyk merkezi, Baku. (Reuters/Stoyan Nenov)

Haroda, demirgazyk Ispaniýada "Batalla de Vino" (Çakyr söweşi) dessuryna gatnaşyjylar. Her ýyl müňlerçe adam, şäher merhemetlisi San Pedronyň hormatyna, bir-birini arzan çakyra ezmäge toplanýar.(Reuters/Vincent West)

AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar