Region görnüşleri # 31

Stambul häkimiýetleri tarapyndan 15-nji iýulda döwleti agdarmak synanyşygyna gatnaşyp ölen adamlar üçin döredilen "Haýynlar gonamçylygynyň" ýanynda duran adam. 

Rus prawaslaw ruhanysy ýurduň hristiançylygy kabul etmegine bagyşlanan dabarada Ýeniseý derýasynda bir aýaly çokundyrýar. Krasnoýarsk, Sibir, 28-nji iýul. (Reuters/Ilya Naymushin)

Pop Fransise basgançakda ýykylandan soň dikelmäge kömek etdiler. Jasna Gora Ybadathanasy,  Czestochowa, Polşa, 28-nji iýul. (AFP/Filippo Monteforte)

Orsýetiň hristiançylygy kabul etmeginiň ýyl dönümine bagyşlanan ýöriş.  Nowosibirsk regiony, 28-nji iýul. (TASS/Kirill Kuchmar) 

Demokratlaryň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama demokratlaryň gurultaýynda söz sözläninden soň sahna çykyp, ony gujaklaýar. Filadelfiýa,  27-nji iýul. (Reuters/Jim Young)

Owgan çagalary tozanly ýolda teker tigirläp oýnaýar, Jalalabadyň etegi. (AFP/Noorullah Shirzada)

Siriýa, türk serhediniň golaýyndaky kürt şäheri Gamyşly bombalananda gaçýan adamlar. (epa)

Katolik zyýaratçylary Bütindünýä Ýaşlar güni dabarasynyň açylyşyndan öň, ýagyş geçirmeýän eşik geýip, doga-dileg edýärler. Krakow, Polşa, 26-njy iýul. (Reuters/David W Cerny)

Owgan gök-önüm söwdegäri alyjylara garaşýar, Hyrat, 26-njy iýul (AFP/Aref Karimi)

Wenger hökümetiniň serhedi açmagyny talap edip, açlyk çekýän migrantlaryň biri Serbiýada, Horgos, serhetde uklap ýatyr.  26-njy iýul. (epa/Zoltan Balogh)

Sil suwundan odun çöpleýän gyz. Morigaon etraby, Assam ştaty, Hindistan. (epa)

Ukrain polisiýasy Boryspil şäheriniň ýanyndaky dini ýörişe gatnaşyjylary ugradýar. 25-nji iýul. (epa/Roman Pilipey)

Gresiýa, Çios adasy, tokaý ýangyndnan galýan tüsse Lithi obasynyň asmanyny gaplaýar. 25-nji iýul. (epa/Kostas Koyrgias)

Pristina, ýaşaýjylar Mýunhende bolan atyşygyň pidalarynyň hatyrasyna şem ýakýarlar, bu hadysada üç kosowaly öldi.  (epa/Petrit Prena)

Kabul, janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde wepat bolan adam jaýlanylýar. 23-nji iýuldaky hüjümde 80-den gowrak adam öldi. (Reuters/Mohammad Ismail)

Eýran resmileri we metbugat wekilleri Tähranda çanak antennalaryň weýran edilişine bagyşlanan dabara gatnaşýarlar.  (AFP/Tasnim News -- Hossein Zohrevand)