Region görnüşleri # 40
Pop Fransis Tbiliside, Katolik ybadathanasynda Çaldean jemagaty bilen duşuşyp, parahatçylyk simwoly bolan kepderini samana uçurdy. (AFP/Vincenzo Pinto)
Adamlar Tbiliside 30-njy sentýabrda pop Fransisiň Gürjüstana we Azerbeýjana edýän saparyna garşy protest bildirdiler. Gürjüstanda prawoslap hristianlar agdyklyk edýär, emma bu ýurduň, Watikanyň hasaplamalaryna görä, 2,5 prosent katolik azlygy hem bar. (Reuters/Alessandro Bianchi)
Indira Sinanowiç, nikap geýip, ýerli saýlawlara gatnaşan ilkinji bosniýa zenany, Zawidowiçide wagyz materiallaryny paýlaşýar. (Reuters/Dado Ruvic)
Serbiýanyň Horgos şäheriniň golaýynda, Serbiýa bilen Wengriýanyň arasyndaky serhede golaý ýerde gurlan bosgun lageri, tikenli sime serlen eşikler. (AFP/Andrej Isakovic)
Nýu-Jersi, Hoboken stansiýasynda bolan otly heläkçiligi, bu hadysada 1 adam öldi, 100 adam ýaralandy. (Reuters/Carlo Allegri)
Ysraýyllylar parlamen binasynyň öňünde ozalky ysraýyl prezidenti Şimon Peres bilen hoşlaşýarlar. 29-njy sentýabr. Peres 28-nji sentýabrda aradan çykdy. (AFP/Gali Tibbon)
Gazagystan, merkezi Astana, geljek ýylyň "Expo 2017" sergisine gatnaşyjylary şekillendirýän simowllaryň ýanyndan geçip barýan oglan. (Reuters/Shamil Zhumatov)
Çagalar BMG-niň Bosgunlar edarasynyň yrakly bosgun maşgalalaryň okuwçy çagalary üçin demirgazyk-gündogar Siriýada wagtlaýyn guran çadyr-klaslarynyň ýanyndan geçip barýan çagalar. (AFP/Delil Souleiman)
Yrak. Şaýylaryň Badr guramasynyň agzalary Mosuly yzyna almak boýunça guruljak söweşden öň tälim alýar. (Reuters)
Gresiýa, Egeý deňzindäki Çios adasy, bosgun lagerinde oýnap ýören çagalar. (AFP/Louisa Gouliamaki)
Owgan çagalary Hyratda futbol oýnaýar. (AFP/Aref Karimi)
CSKA Moswanyň köýneksiz janköýerleri 27-nji sentýabrda Moskwada bolan oýun mahalynda. (Reuters/John Sibley)
Siriýa, Aleppo, pitneçileriň elindäki Bab al-Makam mähellesi, howa zarbasynyň urulýan ýerinde galan çörekler. (Reuters/Abdalrhman Ismail)
Makedon parlamentiniň daş işiginde hökümete garşy protest geçirýän adamlar. Skopýe. (AFP/Robert Atanasovski)
"MakeevUgol" kompaniýasynyň 40 million tonna kömür öndürmeginiň dabarasyna gatnaşýan magdançy işçiler. Pitneçileriň kontrolyndaky Donetsk sebiti, of Ukraina. (Reuters/Aleksandr Yermochenko)
ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty Donald Tramp (ç) ilkinji prezidentlik çekişmesinden soň demokratlaryň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton bilen elleşip hoşlaşýar. Hofstra uniwersiteti, Hempstead, Nýu-Ýork, 26-njy sentýabr. (Reuters/Mike Segar)
Kabul. Kerpiç zawodynda işleýän owgan çagalary. (epa/Hedayatullah Amid)
"Cross De Luxe" ýaryşyna gatnaşyjy, Markkleeberger, Leipzigiň golaýy, Germaniýa. (epa/Jan Woitas)
Siriýa, Aleppo, pitneçileriň elindäki Salaheddin etrabyna urlan how zarbasyndan soň ýanýan awtobusyň ýanyndan geçip barýan adam. (AFP/Ameer Alhalbi)
Hindistanyň Jumma we Kaşmir ştatynda polisiýa protest protestçini tutýar. (Reuters/Danish Ismail)