Region görnüşleri # 5

Fransuz uçarlary, missiýadan soň, Pars aýlagyndaky uçar göterijede gonmak üçin ýangyçlaryny dökýärler. 28-nji ýanwar. (Reuters/Philippe Wojazer)

Pakistanyň saýalama polisiýa güýçleriniň agzalary Peäawardaky mekdepde jeňçilere garşy tälim okuwyny geçýär.  28-nji ýanwar.  (AFP/A. Majeed)

Guşaklygyndan ýokarsyny ýalaňaçlan "Femen" aktiwisti, Eýranyň presidenti  Hassan Rohaniniň Fransiýa sapary mahalynda, köprüden asylyp, protest bildirýär. 28-nji ýanwar. (Reuters/Charles Platiau)

Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň esgerleri gyşky harby tälim wagtynda gar zyňyşýar.  Pyeongçang, Günorat Koreýa. (Reuters/Kim Hong-ji)

Orsýetiň prezident polkunyň esgeri merkezi Moskwada, Näbelli esgeriň mazarynda garawulda dur. (AFP/Kirill Kudryavtsev)

Hyrat, köçeden barýan aýal.  (epa/Jalil Rezayee)

Moldowan aýal köne-küşül bazarynyň içinden çaga arabasyny sürüp barýar. Kişinýow.   (epa/Robert Ghement)

Hindi goşunynyň esgeri däp bolan hindi maşklaryny -  "Malkhamby" ýerine ýetirýär. Gujarat. (Reuters/Amit Dave)

Fotožurnalist Dragoljub Zamurowiç (ortada) Belgradda parlament binasynyň öňünde bolan protestler mahalynda düşüren suratlaryny ýok edýär. Serbiýaly fotožurnalistler kanunçylara dolandyryjy partiýanyň öz işleri babatdaky «adaty mehaniki hereketiň» netijesi we şu sebäpden awtorlyk hukukgynyň goragy zerur däl diýen teklibini ret etmäge çagyrdylar. (Reuters/Marko Djurica)

Ýaşalmaýan, Ýuwaş okeana ýykylmak howpy abanan jaýlar. Kaliforniýa. (Reuters/Noah Berger)

Hyrat, köne şäher, gyzjagaz.  (AFP/Aref Karimi)

Polşa, Oswensim, ozalky Auşwiç-Birkenau lagerinde "ölüm diwarynda" hat goýlupdyr. (Reuters/Kacper Pempel)

Taýwan goşunynyň esgerleri Kinmen adasynda tälim okuwyny geçýär. (epa)

Hyrat, demirçi ussa ýerli zawodda işleýär. (AFP/Aref Karimi)

Eýranly erkek Tähranyň köne bazarynda reňkli ýüpleri satýar. (epa/Abedin Taherkenareh)

Hytaýyň ýarym harby polisiýa ofiserleri gyş tälimine gatnaşýar. Şenýang, Liaoning welaýaty.  (Reuters)

Lahore, Pakistan, köçe sowdagäri ýola ugraýar. (Reuters/Mohsin Raza)

Adamlar moldowan parlament binasynyň daşyndaky proteste gatnaşýar. Kişinýow, 24-nji ýanwar. (TASS/Vadim Denisov)