Region görnüşleri # 41
Öz öýüniň ýanynda gurutmak üçin asylan bulgar burçlaryň öňünde surata düşýän aýal. Donja Lakosnisa obasy, Serbia. (Reuters/Marko Djurica)
I Damasky söý marafonyna gatnaşyjylar Umaýýad skwerinde baýram edýär. (Reuters/Omar Sanadiki)
Anton Koppel, CaroBus mebel kompaniýasynyň başlygy we bir işgär Sankt-Peterburgdaky görkezme otagynda Buk raketa atyjysy sypatyndaky çaga krowady bilen. Halkara jenaýat agtaryş topary golaýda Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň 2014-nji ýylda Ukrainadaky separatist kontrollugyndaky ýerden atylan Buk raketasy bilen urlandygyny anyklady. (AFP/Olga Maltseva)
Rus presidenti Wladimir Putiniň rus we Siriýa baýdaklarynyň öňünde çekilen äekili ýerleşdirilen we 7-nji oktýabrda, Putiniň doglan gününde Nýu-Ýork şäherindäki Manhattan köprüsinden asylan plakat. Polisiýa bu plakaty asylan wagtyndan az salym soň aýyrdy we bu hadysany derňeýär. (Reuters/Kathryn Peters)
Somali, okuwçy gyzlar futbol oýnaýar. Mogadişu. (AFP/Mohamed Abdiwahab)
Moskwa, Altyn güýz oba hojalyk sergisi, 5-nji oktýabr. (epa/Maxim Shipenkov)
Şu hepde Haitä uran Mattýu tupanynda köprüsi ýumrulan La Digue derýasyndan geçýän adamlar. (epa/Orlando Barrio)
Gürjüstanyň iň uly oppozision partiýasynyň - Birleşen milli hereketiň goldawçylary parlamennt saýlawlarynyň öňünden ýöriş geçirýär.Tbilisi. (Reuters/David Mdzinarishvili)
Owgan medressesiniň okuwçylary. Kabul. (Reuters/Omar Sobhani)
300-den gowrak migrant, Ýewropa Bileleşigine girmek üçin, Belgraddan Wengriýa tarap 200 km ýola pyýada ýörişe çykdy, olar ugramazdan öň Belgradyň merkezinde Wengriýanyň anti-migrant çärelerine garşy protest bildirdiler. (AFP/Andrej Isakovic)
Palestin erkegi ýag ediljek zeýtunlary getirýär. Gaza şäheri. (Reuters/Mohammed Salem)
Siriýa, ak kaskalylar diýip bilinýän raýat goragy meýletinçisi harabalykdan pidalary agtarýar. Bustan al-Başa ietraby, Aleppo, 4-nji oktýabr. (AFP/Thaer Mohammed)
Moskwa, GUM-daky sowet zamanynyň maşynlarynyň şekilleriniň ýanyndan geçip barýan aýal.
(AFP/Natalia Kolesnikova)
Hindi daýhany hindi-pakistan serhediniň arasyndaky germewiň gyrasyndan arabaly geçip barýar. Gurdaspurdan 20 km uzaklykda, Kaşmir. (AFP/Narinder Nanu)
Ortaýer deňzinde, Liwiýanyň demirgazygynda, "Proactiva Open Arms" jemgyýetçilik guramasy tarapyndan halas edilen migrant. (AFP/Aris Messinis)
Altynjy asyrda gurlan Anchiskhati Bazilikasyndan çykyp gelýän aýal, Tbilisiniň köne şäheri, Gürjüstan. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Owgan taksiçileri müşderä garaşýar. Kabul. (Reuters/Omar Sobhani)
Gürjüstanyň Kakhetia regionynda gün dogýar, Tbilisiden 80 km. uzaklykda. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Hasidic ýewreýleri Umanda däp bolan Täze ýyl baýramyny edýärler. Ukraina, 2-nji oktýabr October 2. (TASS/Viktor Drachev)
Milli lybasly wenger aýallary ÝB migrant kwotosy referendumynda ses berýär. 2-nji oktýabr. (Reuters/Bernadett Szabo)