Region görnüşleri # 43
Medeniýet aktiwisti Ondrej Kobza üçekdäki jemagat bakjasynda, Luserna köşgündäki üçek kafesinde iki sany geçir bilen otyr. Jemgyýetçilige açylyş bilen bagly, Kobza bu geçirler merhum prezident Waslaw Haweliň, bu köşgüň eýesiniň garyndaşy Dagmar Hawlowanyň fermasyndan getirdi. (Reuters/David W. Cerny)
Esgerlige alynýan ruslar harby komissariatda hasaba alynmaklaryna garaşýarla. St. Peterburg. (AFP/Olga Maltseva)
Yragyň ýörite güýçleriniň esgeri Bartellada, Mosulyň günortasynda YD-a garşy söweş mahalynda. Yrak, 20-nji oktýabr. (Reuters/Goran Tomasevic)
Köne bazarda dynç alýan erkekler. Sanaa, Ýemen. (Reuters/Mohamed al-Sayaghi)
Rus prezidenti W.Putiniň Berline saparyndan öň protestçileriň german kansleriniň edarasynyň öňünde gurnalan demonstrasiýada goýup giden sargyly gurjaklary. 19-njy oktýabr. (Reuters/Axel Schmidt)
Nepally daýhan hasyl ýygnaýar. Kathmandunyň etegi. (epa/Narendra Shrestha)
Pitneçileriň elindäki we gabawdaky şäher Douma, Damaskyň etegi, topa tutmalardan soň binanyň içindäki ýangyny söndürýän halas ediş işgärleri. 19-njy oktýabr. (Reuters/Bassam Khabieh)
Golaýda "Yslam döwleti" toparynyň mesgeni bolan Hawijadan gaçan aýallar Barzani sahawat fondundan azyk almak üçin nobata dur. Erbiliň etegi, Yrak. (Reuters/Zohra Bensemra)
Owgan çagalary batbörek uçurýar. Jalalabad, 18-nji oktýabr. (AFP/Noorullah Shirzada)
Mosulyň gündogaryndaky Bartillanyň çeti, YD tarapyndan ulanylan ötügiň agzynda duran kürt söweşijileri. (Reuters/Azad Lashkari)
SSKA Moskwanyň janköýerleri öz komandalarynyň AS Monako bilen oýny mahalynda, bu ýaryş 1-1 gutardy. (epa/Sergei Ilnitsky)
Hainan welaýaty, Hytaý. Tupandan gaçýan adam. (Reuters)
Açyk meýdandaky harby muzeýiň ýanyndan geçip barýan arabaly. Zhytkavichy, Belarus. (TASS/Viktar Drachev)
Owgan çagalary batbörek uçurýar, Jalalabad. (AFP/Noorullah Shirzada)
Günorta Ysraýyl, Öli deňizdäki Neve Zohara gelen turistler. (AFP/Menahem Kahana)
Mosul töweregindäki uruşdan gaçan yraklylar Siriýanyň Al-Hol şäherinde woleýbol oýnaýar. (AFP/Delil Souleiman)
Ýetginjek owgan migranty Fransiýanyň çagalar üçin gurlan Merhemetli Omer gonalgasyndan Brtitaniýa ugran awtoulagyň içinden elini galgadýar. (Reuters/Pascal Rossignol)
Yrak güýçleri Al-Şura, Mosulyň 45 km günortasyndaky oba ýerleşýär. 17-nji oktýabr. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
Pragadaky Çarlz köprüsi, dumanly säherde alanan surat. (AFP/Michal Cizek)
Siriýaly bosgun çagalar köne temmäki fabriginde gurlan bosgun lagerinde oýnaýar. Ýaýladagi bosgun lageri, Türkiýäniň Hataý welaýaty. (Reuters/Umit Bektas)
Balyk fermasynda işleýän balykçylar, Borova Zhytkavichy, Belarus, Homel regiony. (TASS/Viktar Drachev)
Suwa gelen çagalar. Owganystan, Gazni. (AFP/Zakeria Hashimi)
Batbörek uçurmaga taýýarlanýan oglan, Peşawar, Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)