Region görnüşleri #42
Moskwa, köçede pişigini bejertmek üçin pul dileýan aýal. (AFP/Mladen Antonov)
Owadan güýz gününde, ir säherdäki gün şuglalarynyň arasynda ylgaýan adam. Waşington. (Reuters/Kevin Lamarque)
ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buş Nýu-Ýorkda, Birleşen Ştatlaryň Harby akademiýasynda Sylvanus Thayer baýragy bilen sylaglananda oňa kadet gylyjy hem sowgat berildi. (Reuters/Brendan McDermid)
Rohinga bosgunlary Birma serhedinden geçip, Bangladeşe gelýärler. (Reuters/Jorge Silva)
Mykh, ýabany haýwanlary eldekileşdirmek boýunça geçirilýän tällim sessiýasy mahalynda äpişgeden uçup giren ýaş bürgüt. Siber, Krasnoýarsk, Russiýa. (Reuters/Ilya Naymushin)
Ysraýyl howpsuzlyk güýçleriniň wekili Iýerusalimda goşuna garşy demonstrasiýa çykan aşa prowaslaw protestçini tutýar. (AFP/Menahem Kahana)
Hindi balykçysy Karaçidäki polisiýa stansiýasynyň kapasasyndan daşary seredýär. Pakistan suwlarynda bikanun balyk tutýan 18 hindi tussag edildi, olaryň 3 gämisi ele salyndy. (epa-EFE/Shahzaib Akber)
Moskwa, Ostankino kölçesine gaçan sary klýon ýapragy. (epa-EFE/Sergei Ilnitsky)
El Jadida.Tbourida festiwalynda, däp bolan atly darkaşda, morokka tireleriniň arasyndaky ýaryşda atdan agan serkerde. (epa-EFE/Nabil Mounzer)
Kalendula gülüni ýygýan aýal. Kathmandu, Nepal. (Reuters/Navesh Chitrakar)
Ermeni paýtagty Ýerewanyň 2,799-njy ýyl dönüminiň hormatyna uçurulan gyzgyn ýelli şar. (AFP/Karen Minasian)
Hyrat, sapaga gatnaşýan okuwçy gyzlar. (epa-EFE/Jalil Rezayee)
17-nji oktýabr. Rojda Felat, Siriýanyň Demokratik güýçleriniň komandiri Rakkanyň Al-Naim skwerinde öz toparynyň baýdagyny galgadýar. ABŞ goldawyndaky gýüçler Rakkany YD-dan saplap, öz ellerine geçirdiler. (AFP/Bulent Kilic)
Ozalky Atlantika, häzirki Ophelia tupany Porskawldan, Walesden geçip, çyraly jaýyň üstünden aşýar. 16-njy oktýabr. (Reuters/Rebecca Naden)
Ýangyn wagtynda mallaryny sürüp barýan adamlar. Vieira de Leiria, Marinha Grande, Portugal, 16-njy oktýabr. Tokaý ýangynlary azyndan 27 adamy öldürdi. (epa-EFE/Ricardo Graca)
Ukrain harby gullukçylary 120mm minomýot oklaryndan ýasalan 35 kg agramly ştangany ulanyp, türgenleşýärler. Vodyane obasy, Donetsk regiony. (epa-EFE/Sergei Vaganov)
17-nji oktýabr, Kiýew parlamentiniň öňündäki demonstrasiýada ýarlanan adamy göterip barýan protestçiler. Odessanyň ozalky gubernatory M.Saakaşwili ýyganyşykda çykyş edip, prezident P.Poroşenko korrupsiýa garşy reforma geçirmeli diýdi. (AFP/Sergei Supinsky)
Pikinde, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 19-njy gurultaýynyň açylyşy mahalynda Tiananmen skwerinde surata düşýän gyzlar. (Reuters/Ahmad Masood)
Siriýa. Rakkada YD jeňçilerinden halas edilen aýal. 17-nji oktýabr. (Reuters/Erik De Castro)
Hytaý, Pekin, Kompartiýanyň 19-njy gurultaýyna gatnaşýan adamlar. (Reuters/Jason Lee)
16-njy oktýabr, Yrak. Yrak goşunlary kürt söweşijilerine garşy operasiýada Kerkuk şäheriniň merkezine aralaşan wagtynda kürt baýdagyny süýräp gelýän oglan. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
Dolandyryjy Sosial demokratik birleşigiň tarapdarlary Skopýede ýerli saýlawlarda gazanylan ýeňişden soň makedon baýdagyny galgadýarlar. 16-njy oktýabr. (Reuters/Ognen Teofilovski)
Yrak howpsuzlyk güýçleriniň agzalary harby maşynlarda Kerkuga girýärler. 16-njy oktýabr. (Reuters)
Siriýanyň ABŞ goldawyndaky Demokratik güýçleriniň agzasy Rakkadaky bir binanyň içinde front liniýasyna seredýär. 16-njy oktýabr. (AFP/Bulent Kilic)
Owgan ýangyn söndürijileri magnit bombasyna urup otlanan ýangyç tankeriniň oduny öçürmäge çalyşýarlar. 16-njy oktýabr. (Reuters/Parwiz)
Rohinga bosgunlary Naf derýasynyň Bangladeş tarapyna gelýärler. 16-njy oktýabr. (Reuters/Jorge Silva)
Rus hudožnigi Pýotr Pawlenskiý Parişdäki çykyşynyň bir bölegi hökmünde äpişge derwezesine ot bereninden soň, Banque de France binasynyň öňünde surata düşýär. 16-njy oktýabr (AP/Capucine Henry)
Tomaşaçylar Pakistan asylly amerikan hudožnigi Anila Aganyň "Hemme güller meniň üçin" atly eserini synlaýarlar. Sinsinnati sungat muzeýi. (AP/John Minchillo)