Region görnüşleri # 50

Karaçi, Pakistan. Kerpiç küresinden çykýan tüssäniň golaýaynda duran erkek. (epa-EFE/Shahzaib Akber)

"Wirjin Galaktik KosmosGämisi Iki" synag uçuşyna uçurylýar.  Mojave, Kalifornia, on December 13. (AFP/Gene Blevins)

Wengriýanyň zähmet kanunyna girizilen düzedişere garşy protest bildirýän demonstrasiýaçylar parlamentiň daş işiginde polisiýa bilen çaknyşýar. Budapeşt. 13-nji dekabr. (epa-EFE/Zoltan Balogh)

Buharestde, şäher häkimliginiň binasynyň daş işiginde howanyň hapalanmagyna garşy demonstrasiýa gatnaşýan protestçi. Rumyniýa, 12-nji dekabr.  (AP/Vadim Ghirda)

Ysraýyl goşunlary bilen Beýt Eldäki, Rammalanyň golaýyndaky çaknyşyklar mahalynda asmana galýan tüssäniň fonunda yşarat edip gepleşýän palestinaly. Ysaýyl tarapyndan basylyp alnan Günbatar kenar, 13-nji dekabr. (Reuters/Mohamad Torokman)

Surata düşýän owgany gyzlary. Sarhood etraby, Nangarhar welaýaty. (epa-EFE/Ghulamullah Habibi)

Şri Lankaly Çerantha de Silva FINA-nyň gysga arlyga ýüzmek boýunça dünýä çempionatynda bäsleşýär.  Hangzhou, Hytaý, 12-nji dekabr. (epa-EFE/Roman Pilipey)

Rus kosmonawty Soýuz orbita modulynyň ýanynda  basyz syzgysyny barlamak üçin açyk kosmosa çykýar. (epa-EFE)

Fransuz şäherinde 11-nji dekabrda bolan ganly atyşykdan bir gün soň Strasburgyň boşap galan köçeleriniň birinden ýöräp barýan adam. (Reuters/Christian Hartmann)

Harby mekdepleriň studentleri üçin guralýan ýyllyk bala gatnaşyjylar Moskwada geçirilen çäre wagtynda ýeňseki oturgyçlarda otyrlar.  (AP/Aleksandr Zemlianichenko)

Rus adam hukuklaryny goraýjysy Lýudmila Alekseýewanyň soňky ýoluna ugradylmazynyň öňüsyrasyndaky hoşlaşyk çäresine toplanýan adamlar. Moskwa, 11-nji dekabr. (Alexander Nemenov/AP)

Merkezi Bişkekde dikilen Täze ýyl arçasynyň bezeglerini synlaýan adamlar. (AFP/Vyacheslav Oseledko)

Hindi goşunynyň harby gullukçysy tälim kolležindäki çärede öz motosiklet sürmek ussatlygyny görkezýär. Bangalore. (epa-EFE/Jagadeesh)

Minskiniň merkezindäki Gorkiý parkynda iti bilen oýnaýan aýal.  Belarus. (epa-EFE/Tatyana Zenkovich)

Demirgazyk Koreýanyň balykçy gämisi. Um Pha I, Wladiwastogyň golaýynda batyp ýatyr. Orsýet.   (Reuters/Yuri Matsev)

 Gül çemenlerini başlaryna geýip, "Aýazbaba ata" baýramçylygyna gatnaşýan aýallar. Belarus. (TASS/Viktor Drachev)

Ötügiň ýagtysynda çagasy bilen özüni surata düşürýän aýal. Kazan, Orsýet. (TASS/Yegor Aleyev)

Peşawar, saglyk işgäri ýurt boýunça geçirilýän waksina kampaniýasy mahalaynda bir çaga polio waksinasyny edýär.  Pakistan. (epa-EFE/Arshad Arbab)