Region görnüşleri # 52

Günüň ýaşýan wagtynda düýesini idip barýan adam. Karaçi, Pakistan. (epa-EFE/Rehan Khan)

Merkezi Ortaýer deňzinden halas edilen migrantlar Ispaniýanyň Işjeňlige tarapdar Açyk gollar gemgyýetçilik guramasynyň palubasyna toplanýarlar. Italiýa, Malta, Gresiýa ýaly beýleki ýewropa ýurtlary bu gämä öz portlaryny ýapdylar, diňe Ispaniýa girmäge rugsat berdi. (AP/Olmo Calvo)

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri Aýazbaba eşigini geýip, Moskwadaky çagalar hassahanasynyň diwarlaryna dyrmaşýarlar. (AP/Alexander Zemlianichenko)

Demirgazyk Kaşmir, Tangmarg, hindi Kaşmiriniň tomusky paýtagty Srinegaryň 30 km uzaklygynda suw turbasyndan syzan suwlaryň doňmagyndan dörän buzlaryň ýanyndan geçip barýan adam. Kaşmir ýaýlasy rekord derejedäki sowuk gyşy başdan geçirýär. 27-nji dekabr gijesi 28 ýylyň içinde iň sowuk howa bolup, temperatura Selsiýa boýunça -7.6 derjä düşdi. (epa-EFE/Farooq Khan)

"Kanapus" hemrasyny alyp barýan "Soýuz" kosmos uçary Orsýetdäki "Wostoçnyý" kosmodromyndan asmana göterilýär. 27-nji dekabr. (Roskosmos via Reuters)

Özbegistanyň paýtagty Daşkende, Gornamak ministrliginiň gurnamagynda, Aýazbabalaryň parady geçirildi. Daşkentdäki dürli mekdeplerde gurnalaýn Täze ýyl çärelerine 500-den gowrak meýletinçi Aýazbaba bolup gatnaşar. 

Owganystanayň Nangarhar welaýatynyň Kama etrabyndaky gadymy fabrikde şeker gamşynyň toşabyndan goňur şeker öndürýän işçi. (AFP/Noorullah Shirzada)

Hatençitside, Minskden 65 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýän obada guşlar üçin agaja berkidilen mekgejöwenden paýyny alýan guş. (AP/Sergei Grits)

Dumanly gün, Krasnoýarskiniň Paraskewa Pýatnitsa ybadathanasy, Sibir.  (Reuters/Ilya Naymushin)

Praga, Wltawa derýasy. Ýyllyk gyş suwa düşüşligine gatnaşyjylar. 26-njy dekabr. (Reuters/David W. Cerny)

Ankaranyň Kugulu parkynda ganatlaryny kakýan ak guw. Türkiýe, 26-njy dekabr. (AP/Burhan Ozbilici)

Awtobusyň aýnasyndan daşaryk seredýän ýolagçy. Nowosibirskde howanyň temperaturasy Selsiýa boýunça -31 dereje aşak gaçdy. 24-nji dekabr. (TASS/Kirill Kuchmar)

Skopýede Kristmas çyralarynyň arkasyndan galyp barýan dolan Aý göründi.  Makedoniýa, 25-nji dekabr. (Reuters/Ognen Teofilovski)

Rim papasy şähere we dünýä Urbi et Orbi Kristmas habary üçin Watikandaky merhemetli Pite skwerinde gelmezinden öň hatara düzülen şweýsar gwardiýaçylar. 25-nji dekabr. (Tiziana Fabi/AFP)

Pierbattista Pizzaballa, Iýerusalimiň iş başyndaky latyn patriarhy Iýeruslimiň Köne şäherinden Günbatar kenardaky Betleheme tarap ugur alanda, gapynyň arakynda seredýän monah zenanlar. 24-nji dekabr. (Reuters/Ronen Zvulun)
 

Makedoniýanyň paýtagty Skopýede goýy ümürli howada köprüden geçip barýan adam. (AFP/Robert Atanasovski)

Azaýbaba we Garpamyk lybaslaryny geýen adamlar Minsk şäheriniň merkezinde guralan çärä gatnaşýarlar. Belarus. (Reuters/Vasily Fedosonko)

Bangkok häkimiýetleri Taýlandyň paýtagtyny bir hepdeläp gömen tot-tozandan soň köçeleri ýurwýarlar. (Reuters/Soe Zeya Tun) 

Indoneziý, ýüzlerçe adamyň ölümine getiren sunama sebäp bolan Anak Krakatau wulkany kül sowurýar. (Reuters/Susi Air)

Tançylar Mihaýlowskiý teatrynyň sahnasynda ispan horeografy Naço Duatonyň goýan tansyny ýerine ýetirýärler. Sankt-Peterburg. (TASS/Grigory Dukor)