Region görnüşleri # 6

Merkezi Kiýew. Gar örten uly plakatyň ýanyndan geçip barýan adam. (AP/Efrem Lukatsky)

Gazagystanly Dmitriý Reikherd Piýonçaňda, 2018-nji ýylyň Gyşky olimiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda ägirtleriň erkin stilinde ýaryşa gatnaşýar. 9-njy fewral.  (TASS/Sergei Bobylev)

Polisiýa (ýaşyl lybasly) 2018-nji ýylyň Gyşky olimiýa oýunlarynyň öňünden Phenýana garşy guralan protest mahalynda demonstrasiýaçylaryň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň portretini otlamagynyň öňüni alýar.  9-njy fewral. (Reuters/Edgar Su)

Palestin jübüdi Gaza zolagy bilen Müsüriň arasyndaky Rafag serhet geçelgesinden Müsür gezmek üçin garaşýar.  Müsür häkimiýetleri, ynsanperwerlik işleri, şeýle-de müsür uniwersitetlerine giren studentler we daşary ýurtda işleýän gazalylar üçin Rafah geçelgesini täzeden üç günlük açdy.  (epa-EFE/Mohammed Saber)

Günorta Koreýa, Pýeonçaň, Gyşky olimpiýa oýunlaryndan öňki türgenleşik. (epa-EFE/Sergei Ilnitsky)

Debýutantlar 62-nji Wena balyndan öň Wenadaky Wena Döwlet operasynda repetisiýa geçýärler. (epa-EFE/Lisi Niesner)

Halas edijiler Taýwanyň Hualien şäherinde bolan güýçli ýertitremesinde gyşaran binanyň daş-töweregini baglaýarlar. (AFP/Paul Yang)

Dal kölüniň kenarynda gün ýaşyp barýan wagty kellesinde çanak göterip gelýän kaşmirli aýal. Srinagar, hindi Kaşmiriniň tomusky paýtagty, 7-nji fewral. (epa-EFE/Farooq Khan)

Dmirgazyk koreýaly erkekler gäminiň penjiresinden daşaryk seredýärler. (Reuters/Kim Hong-Ji)

Huski itleri Sibirde, Krasnoýarskiniň golaýynda, doňan Mana derýasynda Karadag it ýaryşyna taýýarlyk wagtynda buraw enjamyny süýräp, türgenleşdirilýär.  (Reuters/Ilya Naymushin)

Karaçidäki Arap deňzinde balyk tutmak üçin torlaryny alyp barýan balykçylar. Pakistan. (epa-EFA/Rehan Khan)

Dhaka, Bangladeş, araba kerpiç ýükleýän işçiler.  (Reuters/Mohammad Ponir Hossain)

Garly günde surata düşýän aýaly. Almaty, Gazagystan, 6-njy fewral. (Reuters/Shamil Zhumatov)

Gyrgyz atlylary Merkezi Aziýada däp bolan Gökböri (Owlakgapdy) oýnuny onanaýrlar. Bişkekden 20 km uzaklykdaky Beş-Kungeý obasy. (AFP/Vyacheslav Oseledko)

Agyr ýagan garda Moskwanyň Botanika bagynyň içinden geçip barýan aýal. 4-nji fewral.  (AFP/Maxim Marmur)

Hindisatan, Ahmedabadyň etegindäki Şertha obasynda gyzyl burçy baldaklaryndan arassalaýan adam. (Reuters/Amit Dave)

Moskwadan 190 km uzaklykdaky Wladimir regiony, Bogoslowo obasyndaky Bogoslow aýallar ybadathanysynyň derwezesiniň agzyny gardan arassalaýan monah aýal. 4-nji fewral. (AFP/Konstantin Chalabov)

Türkiýe tarapyndan goldanylýan Azat Siriýa goşunynyň söweşijisi Al Babyň günorta eteginde köçede otyr.  (Reuters/Khalil Ashawi)

Gabalan şäher Douma, günorta Ghouta, Damask, Siriýa. Howa zarbasyndan soň çagasyny göterip barýan adam, 7-nji fewral, 2018.

Taýwan ýertitremesi. Halas edijiler Hualien şäherindäki gyşaran binadan aman galanlary gözleýärler.  2018-nji ýylyň 6-njy fewral gijesi günorta Taýwanda 6.4 magnitýudly ýertitrem bolup, Hualienda bir topar weýrançylyk etdi.