Region görnüşleri # 8

Kabulyň etegindäki Haşmat han kölünde ýasama gaýykly barýan adam. (epa-EFE/Hedayatullah Amid)

Watan goraýçylarynyň gününde eline ýarag alyp surata düşýän ýaşuly aýal bilen ýaş oglan, Simferopol, 23-nji fewral. (Reuters/Pavel Rebrov)

Wtan goragçylarynyň gününde II Jahan urşunyň weteranlarynyň suratlaryny göterip, surata düşýän ýaş watançylar.  (AFP/Yuri Kadobnov)

Pakistan serhet goragçylary Karaçidäki gutardyş dabarasynda öz başarnyklaryny görkezýärler.  (AP/Shakil Adil)

Ozalky "Talyban" agzalary ýaraşyk dabarasynda öz ýaraglaryny tabşyrýarlar. 21-nji fewral, Hyrat. (EPA-EFE/Jalil Rezayee)

Hökümet bombalamsynda ýaralanan siriýalylar wagtlaýyn hassahanada bejergi almak üçin garaşýar. Kafr Batna, Ghouta regiony, Damaskyň etegi. 21-nji fewral. (AFP/Amer Almohibany)

Hökümet güýçleri pitneçileriň elindäki of Hamouria şäherine howa zarbasyny urandan soň, siriýalylar çagany halas edýär. Gündogar Ghouta regiony, Damaskyň etegi. 21-nji fewral.  (AFP/Abdulmonam Eassa)

Owgan oglany Kabulda bir depäniň üstünden batbörek uçurýar.  (Reuters/Mohammad Ismail)

Pýeoçaň Gyş oýunlary, buzdaky hokkeý bölüminde surata düşýän janköýer.  (Reuters/Brian Snyder)

Agyr ýükli traktor ugrajak bolanda, öň tigirleri ýerden ýokary galýar.  Peşawar, Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)

Eýranly şaýy musulmanlar Muhammet pygamberiň gyzy Fatimanyň ölen güni guralýan ýas açäresine gatnaşýarlar. Tähran, Eýran, 20-nji fewral. (AP/Vahid Salemi)

19-njy fewralda, prowaslaw pashasyna 40 gün galanda, "Kül duşenbesinde" guralýan "un söweşi" baýramçylygyna  gatnaşan iki adam tüssäniň içinde otyr. (Reuters/Alkis Konstantinidis)

 

Andreý Boçarnikow Wladiwostokda,  Altyn şah aýlagynyň öňünde türgenleşik geçýär. Russiýa. (Reuters/Yuri Maltsev)

Siriýa. Mesraba şäheri bombalananda ölen gyzyň jesediniň dolanan matasynyň içinden görünýän barmaklary. 19-njy fewral. i(epa-EFE/Mohammed Badra)

Siriýaly çagalar pitneçileriň elindäki Sahl al-Ghab etrabynda okuwa gatnaşaýarlar. Hama welaýaty. (AFP/Omar Haj Kadour)

Ruslar Moskwada gyşyň tamam bolýan senesini, Maslenissa baýramçylygyny belleýärler. (epa-EFE/Yuri Kochetkov)

Demirgazyk Sumatra, Indoneziýa. Sinabung dagyndaky wulkan kül sowurýar. 19-njy fewral.   (Tibta Peranginangin/Antara Foto)

Aşa sagçy aktiwistler Kiýewdäki rus medeniýet merkeziniň äpişgesinden ýumurtga we daş zyňýar. 18-nji fewral. (AP/Efrem Lukatsky)