Polşada türkmen taksi sürüjilerine işsiz galmak töwekgelçiligi artýar - çeşmeler

Polşadaky migrantlar (illýustrasiýa suraty)

Polşada zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň ýüzlerçesi soňky döwürde işini taşlamaly bolandygyny aýdylýar. Azatlyk Radiosy bilen gepleşen türkmenistanlylar, hususan-da, taksi sürüp gazanç edýändigini, emma soňky wagtda olardan talap edilýän resminamalaryň işini dowam etdirmäge mümkinçilik bermeýändigini gürrüň berdiler.

Polşada işleýän türkmen raýatlarynyň sözlerine görä, olaryň bu ýurtda ulag sürüji bolup işlemegi üçin Türkmenistanda jenaýat işiniň gozgalmandygy barada güwänama talap edilýär. Resminamany almak işiniň uzaga çekmegi, araçy hyzmatlarynyň gymmatlamagy, ýollarda polisiýa barlaglarynyň köpelmegi we täze kanunçylyk meýilnamalary öň hem agyr bolan işi has-da kynlaşdyrýar diýip, türkmenistanlylar aýdýarlar.

“Resmi ýol bilen garaşsaň, işiň durýar. Araça pul berseň, kagyz çalt geler diýip umyt edýärsiň. Başga ýol ýok ýaly bolýar” diýip, Polşada taksi sürmek bilen gazanç eden türkmenleriň biri Azatlyga 13-nji iýunda gürrüň berdi.

Daşary ýurtly taksistlerden, ýagny Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlaryň raýatlaryndan diňe Polşanyň Jenaýat reýestrinden däl, eýsem öz ýurdundan hem jenaýat işiň kesilmändigi barada güwänama Warşawa, Poznan ýaly uly şäherlerde talap edilýär diýip çeşmeler belleýär.

Güwänama täze berlen bolmaly we polýak diline resmi terjime edilmeli. Bosgun statusyny, goşmaça goragy ýa-da gaçybatalga alandygyny görkezýän adamlar bu talapdan boşadylyp bilner.

Degişli maglumat

Türkmen raýatlarynyň Ýewropa ýurtlaryna bikanun aşmagy bilen bagly wakalar köpelýär

Warşawa şäher häkimliginiň maglumatyna görä, daşary ýurtly taksi sürüjilerinden öz ýurdundan jenaýat işiniň gozgalmandygy barada güwänama talap etmek düzgüni bu düzgün 2023-nji ýylyň 4-nji dekabryndan bäri hereket edýär. Ýöne bu talap şol wagt ähli sürüjilere birden täsir etmändir.

Sebäbi öňden taksi sürmek ygtyýarnamasyny, sürüji identifikatoryny ýa-da ygtyýarnamadan göçürmäni alan adamlar şol resminamalarynyň möhleti tamamlanýança işlemegini dowam etdirip bilýärler. Şeýlelikde, Türkmenistanda jenaýat işiniň gozgalmandygy baradaky güwänama, esasan, täze sürüji ygtyýarnamasy alnanda, täze identifikator alnanda, flot kompaniýasy ýa-da ulag çalşylanda, ygtyýarnamadan täze göçürme resmileşdirilende ýa-da öňki resminamalaryň möhleti tamamlananda talap edilýär.

Polşada işleýän türkmenistanlylaryň käbiri öňki bäş ýyllyk ýa-da başga möhletli resminamalary bilen işlemegini dowam etdirýärler, emma ygtyýarnamalarynyň möhleti geçip barýan türkmenistanlylar talaby ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýärler.

'Resminama almak uzaga çekýär'

Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasynyň resmi maglumatynda degişli güwänama üçin 25 ýewro konsullyk ýygymynyň alynýandygy aýdylýar. Emma Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan migrantlaryň sözlerine görä, resmi ýol bilen resminama almak uzaga çekýär. Bu ýagdaýda türkmen migrantlaryň ençemesi wagt ýitirmezlik we gazançdan galmazlyk üçin güwänamany çalt alyp bermegi wada berýän araçylara ýüz tutýarlar, sebäbi resminama garaşmagyň uzaga çekmegi olaryň häzirki dokumentleriniň möhletiniň gutaryp galmagyna sebäp bolýar.

“Öň 650 zlot soraýardylar. Indi 1200 zlota çenli aýdýarlar. Sebäbi hemmä şol kagyz gerek boldy" diýip, türkmenistnaly gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gepleşen birnäçe polşaly çeşme Warşawada şeýle araçylyk hyzmatyny hödürleýänleriň arasynda "ul.POTEPU5" salgysynda ýerleşýän, hususy türkmen restoranynyň eýeleri" diýip gürrüň berdiler.

Azatlygyň habarçysy restoranynyň Maksat atly işgäri bilen gürleşmegi başardy we ol güwänama üçin 1200 zlot alýandyklaryny we 1 hepdäniň dowamynda getirip berýändiklerini aýdypdyr.

1200 zloty 277,4 ýewro barabar, türkmen ilçihanasynyň 110 zloty diýlip görkezilýän resmi nyrhy 25,4 ýewro barabar.

Türkmen migrantlarynyň 10 esseden gowrak çykdaja razy bolmagy olaryň dokumente näderejede garaşlydygyny görkezýär diýip çeşmeler aýdýar.

Polşanyň häkimiýetleri bu talaby ýolagçylaryň howpsuzlygyny goramak we agyr jenaýat geçmişi bolan adamlaryň taksi sürmeginiň öňüni almak bilen düşündirýärler. Türkmen migrantlary bolsa, Polşada kanuny şertlerde işlemek üçin zerur bolan bu kagyzyň olary ýene-de Türkmenistanyň ýapyk döwlet ulgamyna garaşly edýändigini aýdýarlar.

Talaplaryň güýçlenmegine garaşylýar

Häzirki wagtda sürüjileri aladalandyrýan ýene bir ýagdaý — Polşanyň hökümetiniň 2027-nji ýylda kabul etmegi meýilleşdirýän täze kanun taslamasydyr. Bu taslama görä, daşary ýurtly taksiçileriň jenaýat geçmişini has giňişleýin barlamak, öz ýurdundan güwänama talap etmek we beýleki gözegçilik çärelerini güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

Hökümetiniň taýýarlaýan UD431 belgili kanun taslamasy ÝB we EFTA ýurtlarynyň raýaty bolmadyk taksi sürüjilerine degişli talaplary has-da giňeltmegi göz öňünde tutýar. Taslamada emläge, telekeçilik dolanyşygyna, resminamalara, salgyt we maliýe düzgünlerine garşy jenaýatlar hem sürüji bolup işlemäge päsgel berip biljek ýagdaýlaryň hataryna goşulýar.

Bu ýagdaý türkmen migrantlarynyň, aýratynam Türkmenistanda öň sud edilen migrantlaryň arasynda uly alada döredýär.

Azatlyk bilen gepleşen çeşmeleriň biri özüne Türkmenistanda galplyk aýyplamasy boýunça iş kesilip, türmede oturyp çykandygyny gürrüň berdi.

“Men jezamy Türkmenistanda çekdim. Polşada hiç kimi aldamadym, hiç hili jenaýat etmedim. Indi Türkmenistandaky şol höküm sebäpli bu ýerde hem işsiz galmaly bolýan” diýip, ol aýtdy.

Degişli maglumat

ÝB-niň täze migrasiýa syýasaty: Bileleşigiň çäginden daşardaky deportasiýa merkezleri we Merkezi Aziýa

Polşadaky türkmen raýatlary Türkmenistanda suduň garaşsyzlygynyň we çykarylýan kararlaryň halkara guramalary tarapyndan tankyt edilýändigini bellemek bilen, ýurtda bigünä raýatlaryň hem sud sistemasynyň öňünde ejiz galýandygyna we öz haklaryny gorap bilmän, türmä düşýändigine ünsi çekýärler.

'Iş agyr, gazanç ujypsyz'

Resminama alan we işini dowam edip bilen taksiçileriň hem ýagdaýy ýeňil däl.

Polşada taksi sürmek ýerli dili gowy bilmeýän, Türkmenistanda alan diplomy ykrar edilmedik ýa-da hünäri boýunça iş tapyp bilmeýän migrantlar üçin esasy girdeji çeşmeleriniň birine öwrüldi.

“Kadaly pul gazanmak üçin hepdede ýedi gün işleýärdik. Günde 12 sagat az bolýardy. Käte öýe diňe ýatmaga barýardyk” diýip, taksi sürüp gazanç edýän türkmenistanly aýtdy.

Sürüjileriň sözlerine görä, şeýle tertipde işläp, aýda 6–8 müň zlot arassa girdeji gazanmak mümkin. Emma munuň üçin kähalatlarda aýda 360–450 sagat işlemeli bolýar, bu günde 12–15 sagat, hepdede alty ýa-da ýedi gün işlemegi aňladýar.

Sürüjiniň ýolagçydan gazanan pulunyň hemmesi özüne galmaýar. Ondan mobil platformanyň we hyzmatdaş kompaniýanyň komissiýasy, ulagyň kärendesi, ýangyç, ätiýaçlandyryş, ýuwuş, tehniki hyzmat we salgytlar aýrylýar.

Azatlygyň gürrüňdeşleriniň biriniň aýtmagyna görä, ol flot kompaniýasyna hepdelik 170 zlot, ulag kärendesine bolsa 800 zlot töleýärdi. Munuň üstesine ýangyç, ZUS(durmuş we saglyk ätiýaçlandyryş tölegi) we girdeji salgydy hem bardy.

“Öň günde 12 sagat sürseň, zordan hem bolsa gazanç edip bolýardy. Indi 12 sagat işleýäň, ýöne puluň kärendä, ýangyja, ZUS-a gidýär. Üstesine, her gün diýen ýaly täze bir dokument soraýarlar” diýip, sürüji aýtdy.

Käbir migrantlar Polşada ýaşamak rugsatnamasyna ýüz tutanda hem resmi işleýändigini we döwletiň öňünde bergisiniň ýokdugyny görkezmek üçin doly ZUS töleglerini hem geçirýändiklerini aýdýarlar.

2026-njy ýylda Polşada ýeňilliklerden peýdalanmaýan telekeçiniň durmuş we iň pes saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberi bir aýda jemi 2400 zlotdan geçýär. Girdejä we salgyt görnüşine baglylykda, bu möçber has ýokary bolup biler.

“Her aý 2500 zlota golaý ZUS töleýärdim. Oturym kartyna dokument tabşyrmak üçin resmi girdeji gerek diýýärdiler. Şol puly çykarmak üçin ýene-de köp işlemeli bolýarsyň” diýip, sürüjileriň ýene biri aýtdy.

ZUS tölegi ýaşamak kartasynyň resmi bahasy däl. Ýöne ol resmi girdejini, ätiýaçlandyryşy we döwletiň öňünde berginiň ýokdugyny görkezmek üçin migrantlaryň ýaşamak rugsatnamasyna ýüz tutmagynda möhüm rol oýnaýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Migrantlaryň arasynda galp resminamalara isleg artýar” – Migrant

Netijede, sürüji Polşada kanuny taýdan galmak üçin ähli tölegleri geçirmek üçin hepdede 80 sagatdan hem köp işlemäge mejbur bolýar diýip, türkmenistanlylar aýdýar.

'Her gezek polisiýany görsek, ýüregimiz ýarylýar'

Türkmen taksiçileri soňky döwürde ýol, salgyt we resminama barlaglarynyň hem ýygjamlaşandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, polisiýa sürüjilik şahadatnamasyny, taksi ygtyýarnamasyny, ätiýaçlandyryşy, ulagyň tehniki ýagdaýyny, şeýle hem sürüjiniň Polşada ýaşamak we işlemek hukugyny barlaýar.

“Dokumentleriň ýerbe-ýer bolsa-da, her gezek polisiýany görseň, ýüregiň düşýär. Bir kagyzyň möhleti geçendir öýdüp gorkýarsyň” diýip, bir sürüji aýtdy.

Azatlyk Radiosy türkmen sürüjilerine degişli salgyt ýa-da ýol barlaglary bilen bagly statistiki sanlary tapyp bilmedi. Ýöne 2026-njy ýylyň mart aýynda Polşanyň polisiýasy bütin ýurt boýunça geçirilen “TAXI” operasiýasynda 9111 sürüjini barlady.

Polisiýa 2165 ýol hereketi düzgüniniň bozulandygyny we awtomobil transporty baradaky kanunyň 84 gezek bozulandygyny habar berdi. Resmi habara görä, bu operasiýa polisiýa bilen birlikde Ulag gözegçiligi, Serhet gullugy we Gümrük-salgyt gullugy gatnaşypdyr.

Sürüjileriň sözlerine görä, täze resminama talaplary, ýokary çykdajylar we barlaglar bilen bilelikde öň hem agyr bolan işi has-da kynlaşdyrýar.

“Öň ýadap hem bolsaň, aýyň ahyrynda eliňde pul galýardy. Indi diňe maşynyň, kompaniýanyň we döwletiň çykdajysyny ýapmak üçin sürýän ýaly bolýarsyň” diýip, türkmen migrantly aýtdy.

Polşadaky türkmen migrantlary täze talaplar we giriziljek bolýan düzgünler sebäpli ýüzlerçe türkmenistanlynyň taksi işini taşlandygyny aýdýarlar.

“Biz taksini baýamak üçin sürmedik. Maşgalany eklemek, dokumentleri düzeltmek üçin sürdük. Indi şol iş hem elimizden gidýär” diýip, sürüjileriň biri aýtdy.

Polşadaky düzgünler diňe türkmen migrantlaryna degişli däl. Emma türkmen sürüjileriniň aýtmagyna görä, şol düzgünleri ýerine ýetirmek üçin olaryň ýene-de Türkmenistandaky döwlet edaralaryna, öňki sud hökümlerine we gymmat araçy hyzmatlaryna garaşlylygy atýar.

Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Polşada müňlerçe türkmenistanly migrant işleýär.

Degişli maglumat

Zähmet migrantlary türkmen diplomatlaryny parahorlukda aýyplaýar


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.