Region görnüşleri # 8

Agaç işleýän Nowoýeniseýsk kärhanasynyň işgäri 20 gradus sowuk howada iş gurallaryny arassalaýar. Bu kärhana öz agaç önümlerini Ýewropa, Demirgazyk Afrika we Aziýa iberýär, Lesosibirsk şäheri, Orsýetiň Krasnoýarsk regiony. (Reuters/Ilya Naymushin)

Demirýol muzeýiniň işgäri Sowet Soýuzynyň esaslandyryjysy Wladimir Leniniň ýadygärligini görkezýär. Bu ýadygärlik Leniniň ýogalmagyndan bir ýyl geçensoň 1925-nji ýylda Moskwanyň demirýol işçileri tarapyndan dikilen 16 ýadygärligiň biri. (AFP/Alexander Nemenov)

Mikelanjelonyň multimedia sergisinde, Minskiň ZEH galereýasy, Belarus. (epa/Tatyana Zenkovich)

Kosowonyň polisiýa işgärleri oppozision kanun çykaryjylaryň gözi ýaşardýan gazy ulanmaklaryndan soň parlamentiň binasyny barlaýarlar. Hökümetiň Serbiýa bilen ylalaşygyna garşy çykýan we gyssagly saýlawlary geçirmegi talap edýän Birleşen oppozisiýa gözi ýaşardýan gazy ulanmak arkaly protest geçirip, oktýabr aýyndan bäri parlamentiň işini petikläp gelýär. (AFP/Armend Nimani)

Owgan maşgalalaryna Ummah yslam ynsanperwerlik guramasyndan gyşky kömek gowşurylýar. (epa/Muhammad Sadiq)

Reformaçy dalaşgärleriň eýranly tarapdary ýeňiş alamatyny görkezýär. Eýranlylar 26-njy fewralda parlament we Bilermenler bileleşigine geçiriljek saýlawlarda ses bererler, Tähran (epa/Abedin Taherkenareh)

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (sagda) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk ÝB-niň liderleriniň Brusseldäki sammitiniň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn gepleşik geçirýärler. (Reuters/Olivier Hoslet)

Orsýetiň Patriarhy Kirill, howpsuzlyk keltekçesini geýip pingwinleriň arasynda surata düşýär, Orsýetiň Bellingshausen ylmy stansiýasy, Waterloo adasy, Antarktika, 18-nji fewral (TASS)

Ot söndürijiler bomba partlamasynyň netijelerine garşy göreşýärler. 17-nji fewralda Ankarada bolan bomba partlamasynda azyndan 28 adam wepat boldy. (epa)

Prezidentiň kadet mekdebiniň okuwçysy gylyçly maşklary görkezýär, Moskwa (AFP/Vasily Maximov)

Adamlar partlamada zeper ýeten otlynyň duşundan geçýärler, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Ýasynuwata şäheri, Donetsk, Ukraina. (Reuters/Alexander Ermochenko)

Kosowonyň Serbiýadan garaşsyzlygynyň sekizinji ýyl dönüminde çagalar Albaniýanyň (sagda) we Kosowonyň baýdaklaryny galgadýarlar, Priştina, 17-nji fewral (Reuters/Marko Djurica)

Gyz goýun bakýar, Nowşera, Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)

Sankt Peterburgyň Fontanka derýasynyň kenaryndaky kepderiler (AFP/Olga Maltseva)

Moskwanyň "Lokomotiw" futbol komandasyndan Dmitriý Tarasow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň suraty çekilen we "Iň sypaýy prezident" ýazgyly köýneginde. "Lokomotiw" Ýewropanyň futbol boýunça baş guramasynyň disiplinar jezasyna sezewar bolup biler. Ýaryşda syýasy şygarlara rugsat berilmeýär. Orsýetiň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar noýabr aýynda Türkiýe Siriýa bilen serhedinde Orsýetiň söweş uçaryny oka tutansoň ýaramazlaşypdy. Stambuldaky futbol oýnunda "Fenerbahçe" "Lokomotiwi" 2-0 hasap bilen utdy (Reuters/Murad Sezer)

Türkiýäniň kenarynyň we Gresiýanyň Lesbos adasynyň arasyndaky kanaldan geçmäge synanyşanda gark bolan 12 ýaşly näbelli oglanyň mazary, Kato Tritos gonamçylygynyň golaýynda bosgunlar we migrantlar üçin gonamçylyk, Lesbos adasy, Gresiýa (epa/Orestis Panagiotou)

Yrakly kürt köçe söwdegäri bişirilen geçi kellelerini satýar, Yragyň Kürdüstan regionynyň paýtagty Irbil (AFP/Safin Hamed)

Türkiýäniň gündogarynda Diýarbekirde hökümetiň girizen komendant sagadyna garşy demonstrasiýanyň dowamynda protestçiler Türkiýäniň polisiýasy bilen çaknyşýar (AFP/Ilyas Akengin)

Egeý deňziniň Kos adasynda bosgunlar we migrantlar üçin "gyzgyn nokadynyň" gurulmagyna protest bildirenlere garşy gözi ýaşardýan gaz ulanyldy. (AFP/Eurokinissi)

Owgan çagalary Jalalabadyň eteginde sowet döwründen galan harby ulaglaryň üstünde oýnaýarlar (AFP/Noorullah Shirzada)

Söwdegärler öz harytlaryny halas etmäge synanyşýarlar. 15-nji fewralda Pakistanyň Çaman şäherinde bazarda bolan ýangynda onlarça dükany ot aldy. (epa/Akhter Gulfam)

Minskden 150 kilometr uzaklykda, Belarusyň we Litwanyň arasyndaky serhetde nobatda duran ýük ulaglaryň sürüjileri ir ertirki maşklaryny berjaý edýärler.(AFP/Yasin Akgul)

Protestçiler Türkiýäniň gündogarynda hökümetiň girizen komendant sagadyna garşy demonstrasiýanyň dowamynda "Molotow kokteýli" diýlip atlandyrylýan içi ýangyçly çüýşeleri polisiýa tarap oklamaga taýýarlanýarlar (AFP/Yasin Akgul)