Prezident Aşgabat-Türkmenabat ýolunyň Tejen-Mary bölegini açdy

Maryda prezidentiň saparyndan öň görlen taýýarlygyň 'ýokary derejede' bolandygy aýdylýar. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu ýoluň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga berildi.

Bu ýol “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýar.

Degişli maglumat Ady eşidilmedik "Türkmen Awtobana" 2,3 milliard dollarlyk taslama ynanyldy