22-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana döwlet sapary bilen bardy.
Resmi maglumata görä, Bakuwyň aeroportynda ony şol sanda Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubow, daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň esasy maksadynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary täze hile götermekden ybaratdygy aýdylýar.
Gepleşikleriň dowamynda aýratyn hem Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk, energetika taslamalary, ulag we logistika ugurlaryny, şeýle hem Transhazar ulag geçelgelerini ösdürmek barada giňişleýin pikir alyşmalar meýilleşdirilýär diýip, Azerbaýjanyň mediasy saparyň öň ýanynda habar berdi.