Şu ýylky sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň strategiki hyzmatdaş hasaplaýan Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň täze ugra gönügen, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň durnuksyzlaşan we bularyň ählisiniň tutuş sebitiň howpsuzlygyna howp döredip, onuň ykdysadyýetine täsir edip başlan şertlerinde geçirilýär.
30-njy iýul – 1 -nji awgust aralygynda maslahat duşuşygy görnüşinde geçirilýän ýygnaga Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýew, şeýle-de Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary Sadyr Žaparow, Kasym-Žomart Tokaýew, Şawkat Mirziýoýew, Emomali Rahmon we Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
Resmi maglumatlarda duşuşygyň dowamynda söwda, energetika we syýahatçylyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ulag geçelgelerini giňeltmek hem-de sebitdäki medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alyp maslahatlaşjakdygy aýdylýar. Şeýle-de sebit howpsuzlygynyň möhüm meseleleri we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşmagyň meýilleşdirilýändigi nygtalýar.
Bu resmi däl duşuşyk Ukrainadaky urşuň güýçlenýän, Russiýadaky nebit bazalaryna ukrain dronlarynyň hüjümleri sebäpli sebitdäki birnäçe ýurduň benzin krizisine sezewar bolan döwrüne gabat geldi.
Degişli maglumat
Domino netijesi: Orsýet krizisi Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili täsir edýär?Häzirki ýagdaýyň täsiri Russiýadan nebit önümlerini import edýän Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlara ýetýär. Bu ýurtlarda benzin we dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi duýulyp, olaryň bahasy ýiti ýokarlandy.
Russiýadan ýangyç alýan Gyrgyzystanyň häkimiýetleri emele gelen ýagdaýdan çykmagyň ähli ýollaryny gözden geçirýändigini birnäçe gezek mälim etdi.
Hünärmenler Ukrainanyň dron zarbalary sebäpli Russiýanyň iri nebiti gaýtadan işleýän desgalaryny ýakyn wagtda dikeltmegiň kyn boljakdygyny duýdurýarlar.
Şeýle şertlerde resmi Bişkek ýurtdaky ýangyç krizisini çözmek üçin Türkmenistan, Gazagystan, Belarus, Hytaý ýaly birnäçe ýurt bilen gepleşik geçirýändigini mälim etdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
2018-nji ýyldan bäri diňe Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilip gelnen maslahat duşuşyklarynyň formaty soňky üç-dört ýylyň dowamynda üýtgäp başlady. Ilki 2023-nji ýylda hormatly myhman hökmünde gatnaşan Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýewiň ýurdy geçen ýyl, 2025-nji ýylda bu formata doly hukukly agza derejesinde goşuldy. Şol ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen sammitde «Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda berk köpriniň gurulyp başlanandygy» yglan edildi.
Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana saparynyň maksatnamasy ýakyn günlerde dowam etjekdigi aýdylýar.