Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji aprelde Mary sebitine sapar edip, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar.
“Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris” diýip, prezident dabarada eden çykyşynda özüniň esasy maksadynyň halkyň, her bir maşgalanyň, ýurduň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
Azatlygyň habarçylary bu dabaradan öň Mary sebitinde ýokary derejeli resminiň saparyna görülýän taýýarlyklar, jemagat hojalygynyň işgärleriniň we býujet edaralarynyň işgärleriniň arassaçylyk, abadançylyk işlerine çekilendigi we iş sagatlaryndan artyk işledilendigi barada habar berdiler.
Türkmen metbugaty ýurtda gurulýan ýaşaýyş jaýlary, beýleki desgalar, prezidentiň gatnaşmagynda guralýan uly dabaralar barada maglumat berip, jaýsyz kösenýän adamlar, iş ýerleriniň ýetmezçiligi, beýleki durmuş meseleleri barada dymmagyny dowam etdirýär.