Türkmen metbugaty döwlet baştutanynyň Türkmenistanda “ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek” baradaky karara gol çekmeginiň il arasynda giň goldaw tapýandygyny habar berýär. Emma synçylar, Azatlygyň çeşmeleri bag ekmek çäresiniň ilat arasynda o diýen gowy görülmeýändigini we soňky ýyllarda, barha çuňlaşýan ykdysady kynçylyklaryň arasynda, “bag ekmegem bir dert boldy, haçan bu teatrdan dynarkak” diýen ýaly gürrüňlere sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar hökümetiň bag ekmek ýaly asylly işi hem mejbury zähmete, adamlary ‘gaty lapykeç edýän propaganda’ öwrendigini, belli-belli ýerlerde ekilýän baglaryň ýurduň sebit, etrap ýerlerindäki ýollaryň gözgyny ýagdaýyny gizläp bilmeýändigini, sosial medianyň hakyky ýagdaýy görkezýän wideodan dolandygyny öňe sürýärler.
Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji martda gol çeken kararynda ‘bag ekmek dabarasy’ diýlip atlandyrylan çärede, öňki ýyllardaky kararlardan tapawutlylykda, ekilmeli bag nahallarynyň sany aýdylmaýar.
Nyýazowdan başlanan 'bag ekişlik' kime peýda?
Azatlygyň çeşmesi 2021-nji ýylda, resmi maglumata görä, 30 million düýp bag nahalynyň ekilendigini, bu hili uly sanlaryň pikirlenip bilýän adamlaryň arasynda kän sorag döredendigini, sebäbi ol nahallaryň köpüsiniň daşary ýurtlardan import edilendigini belledi.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýarOnuň sözlerine görä, bu çäre “ilkinji prezident [Saparmyrat] Nyýazowyň hökmürowan wagtynda, halkyň syýasy aktiwligini ýok edip, ünsüni [başga ýana] sowmak üçin döredildi” we, ol dünýäsini täzeläninden soň, Berdimuhamedowlar tarapyndan hem dowam etdirildi.
TDH-nyň Mary sebiti boýunça beren maglumatyna görä, 21-nji martda bu welaýatda 52 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda 44 müň 700 düýp agaç nahaly oturdylmaly.
Şol bir wagtda, sebitdäki bag ekmek dabarasynda oturdyljak nahallaryň esasan welaýat we etrap tokaý hojalygy edaralaryndan, daýhan birleşiklerinden, etraplardaky edara-kärhanalardan alynjakdygy aýdylýar.
Emma bag ekmek ‘dabarasyna’ Daşoguzde görülýän taýýarladyk barada berlen habarda hiç bir san agzalmaýar.
Hökümet tankytçylary ýurdy bag-bossanlyga öwürmek çäresiniň köplenç oýlanyşyksyz geçirilýändigini, türkmen topragynda gowy düýp tutmaýan we köp suw talap edýän baglaryň ekilendigini, bu meseleler boýunça ýerli metbugatda açyk pikir alyşma ýol berilmändigini aýdýarlar.
Tut ýapragynyň bolçulygy 'arzuw bolmagynda galýar'
Ýylda gurçuk tutýan bir daýhanyň aýtmagyna görä, soňky otuz ýylda ekilendigi aýdylýan tut agaçlarynyň ondan biri gögerip, uly agaç bolan bolsa-da, Türkmenistanda tut ýapragynyň gytçylygy bolmaly däl we, edilýän gürrüňleriň ‘ýapa degmeýändigi şundan hem görünýär'.
TDH-nyň Daşoguzdaky habarçysynyň ýazmagyna görä, bu sebitde ekilýän agaçlaryň arasynda tuýa we dagdan, güjüm, derek, tut, ýata arça agajy, bezeg zirkiniň birnäçe görnüşi bar.
“Tuýa orientalis we şor topraklarda ösüp bilýän Gündogar biotasy ýaly görnüşler ideg dandamaýanlygy sebäpli meşhur” diýip, habarda bellenýär.
Žurnalistleriň açyk derňew geçirmegi üçin mümkinçilik bolmansoň, bag ekmek ‘dabarasy’ diýilýäniň arkasynda gizlenýän korrupsiýa, import edilýän bag nahallarynyň bahalary, olaryň her ýyl näçesiniň düýp tutýandygy, näçe böleginiň gurap galýandygy barada anyk bir zat aýdyp bolmaýar.
Degişli maglumat Hökümet pile borçnamasyny artdyrdy, ýüpekçiler tut agajynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýärÝöne çeşmeler bu çäräniň edara, kärhana ýolbaşçylary üçin her ýyl müňlerçe manat çykdajy etmäge, el ýaglamaga mümkinçilik berýändigini öňe sürýärler.
“Edara, kärhana ýolbaşçylary, hojalyk bölümleriniň müdirleri, baş hasapçylar gymmat bahadan nahal satyn alyp, bikanun gazanç edýärler. Bu ýagdaý ýylyň ýylyna gaýtalanýar” diýip, bir hünärmen aýtdy, ýöne jikme-jikliklere geçmedi.
Onuň sözlerine görä, okuw jaýlarynyň studentleriniň, býujet edaralarynyň işgärleriniň arasynda bu çärä höwes bilen, hakykatdan hem peýdaly iş edýärin diýip gatnaşýan adam gaty az.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri 'adat bolan gözboýagçylygyň' maddy zyýandan başga, uly terbiýe zyýanynyň hem bardygyny belledi.
“Bag ekişlik çäresine müňlerçe býujet işgäri, talyplar, ýer tekizleýän, ýer gazýan tehnikalar we suw daşaýan çelekli ulaglar çekilýär. Köp halatda adamlaryň çukur gazyp, bag ekip, eden azaplary puç bolýar. Ekilen baglar suwarylman gurap galýar” diýip, bir pedagog häkimiýetleriň köplenç bu işleriň hakyky netijesi bilen gyzyklanmaýandygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, ýolbaşçy işlerde işleýän emeldarlar ýokardan berilýän tabşyryklary, görkezmeleri öz wezipelerinde saklanmak üçin, çalak-çulak, menden saňa barýança diýip, başdansowma işleýärler we bu yzdan gelýän ýaşlar üçin hem ters görelde bolýar.
Garaşsyz žurnalistleriň ýowuz ýanalmagy, başga pikirlileriň berk gorkuzylmagy sebäpli, Azatlyk bag ekmek çäreleriniň hakyky netijelerini ýerinde barlap, ýurt içindäki bagbanlar bilen wideo, audio söhbetdeşlik gurnap bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.