Bir wagtlar Owganystan...

Kabulyň golaýyndaky bir seýilgähde bahar pasly. 1920-nji ýyllarda Owganystan Britan imperiýasyndan aýrylandan soň, öz garaşsyzlygyna täzelikde eýe bolan döwletdi. Bu onýyllygyň aglaba böleginde ýurda dünýewi reformist Amanullah Han ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurdy Günbataryň nusgasynda döwrebaplaşdyrmaga synanyşypdy.

Kabulyň günbataryndaky depede ýerleşýän çaýhananyň öňünde oturan zenan we adam

Kabulyň etegindäki palçykdan ýasalan diwaryň golaýynda oturan zergär. 1928-nji ýyla degişli bu suratlar suratçy Frederic Gadmer tarapyndan düşürildi. Bu suratlar "Planetanyň arhiwleri" atly proýektiň bir bölegidir.

Kabulyň iki tarapyna agaçlar dikilen prospektiniň golaýynda gezelenç edýän zenan. "Planetanyň arhiwleri" atly proýekt fransuz bankiri tarapyndan maliýeleşdirildi. Ol 1909-31-nji ýyllar aralygynda dünýäniň 50-den gowrak ýurduna suratçylary iberdi.

Döwrebap Owganystan döwletiniň döredijisi diýlip hasaplanýan Ahmad Şah Durraniniň gubury. Arhiwlerde dünýäniň bir asyl öňki özüne çekiji suratlary bar. Ýöne olaryň arasynda ýurduň düýbünden üýtgändigini görkezýän Owganystanyň suratlary has öňe saýlanýar.

Kabuldaky sagat diňi. Bu diňiň 1990-njy ýyllarda Owganystanda bolan raýat urşy döwründe ýumrulandygy habar berilýär.

Kabulda surata düşmek üçin taýýarlanýan ýewropaly zenan

Kabulda jaýyň diwaryna edilen nagyşly bezegler

Kabulyň golaýyndaky Paghman seýilgähinde ýerleşýän arka. Bu arka 1919-njy ýylda britanlara garşy söweşde pida bolanlaryň hatyrasyna guruldy. Bu söweş Owganystanda Garaşsyzlyk söweşi diýlip bilinýär. Arkanyň ýokarky bölegi 1980-nji ýyllarda bolan sowet-owgan urşy döwründe ýumrulypdy. Ýöne soňra ol gaýtadan dikeldildi.

Paghman seýilgähi. Halka açyk seýilgäh 1900-njy ýyllarda Amanullah Han tarapyndan gurlupdy.

Paghman seýilgähindäki suw çüwdürimleri. Bu seýilgähdäki binalaryň aglabasy 1980-1990-njy ýyllarda bolan uruşlar döwründe weýran boldy.

Paghman seýilgähinde gezelenç edýän ýewropaly zenan. Häzirki wagt bu meýdançada it uruşlary geçirilýär.

Paghman seýilgähinde bahar pasly

Jenap we hanym Girard. Olar Kabulyň oba hojalyk mekdebiniň direktorlarydy

Kabulda pastel reňklerine boýalan bina

Owganystanyň günortasyndaky düýe çopanlary

Syýahatçylar Owganystanyň günbataryndaky Farah galasynda gezelenç edýärler. Bu galany häzir hem görse bolýar.

Kabuldaky suw çüwdürimleriniň biri

Kabulyň çetindäki Darul Aman köşgi. Bu köşk Amanullah Han tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulan taslamalaryň biridi, ýöne 1929-njy ýylda aşa yslamçylar ony häkimiýetden çetleşdirenden soňra onuň gurluşygy doly tamamlanmady.

Darul Aman köşgüniň arka tarapy