ABŞ bilen Eýran hüjümleri bes etmek, gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdy - resmi

Tähranda adamlar Eýranyň merhum ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň we merhum ýokary derejeli harby serkerde general Kassem Soleýmaniniň suraty ýerleşdirilen bilbordyň öňünden geçip barýarlar.

Birleşen Ştatlar bilen Eýran özara jogap hüjümlerini bes etmek, gepleşikler üçin gaýtadan duşuşmak we gämileriň Hormuz bogazyndan howpsuz geçmegine mümkinçilik bermek barada ylalaşdy diýip, ABŞ resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Bir media habarynda gepleşikleriň Katarda geçiriljekdigi aýdylýar.

“[Özara düşünişmek memorandumynyň] ähli ugurlary boýunça tehniki gepleşikleriň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirlikçe iki tarap hem hüjümleri bes eder we gämiler [bogazdan] erkin geçip biler” diýip, resmi 28-nji iýun giçlik aýtdy.

ABŞ resmisine salgylanan Axios neşiri hem iki tarapyň 30-njy iýunda Kataryň paýtagty Dohada duşuşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

“Biz ähli harby hereketleri bes etmek kararyna geldik” diýip, Axios ABŞ resmisinden sitata getirdi. Ol, adatça, harby zarbalary aňladýan adalgany ulandy.

Germaniýanyň dpa habar agentligi ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisine salgylanyp, Waşingtonyň ýakyn günlerde goşmaça gepleşiklere garaşýandygyny habar berdi. Gepleşikleriň geçiriljek ýeri görkezilmedi.

“Hiç zat ýatyrylmady” diýip, resmi dpa agentligine aýtdy.

Tähran bu barada teswir bermedi we onuň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky pozisiýasy dessine belli bolmady.

Bu beýanatlar Eýranyň ABŞ-nyň ýurduň çägine eden hüjümlerine we, Tähranyň aýtmagyna görä, ýakynda ylalaşylan özara düşünişmek memorandumynyň bozulmagyna salgylanyp, 28-nji iýunda meýilleşdirilen tertipde ABŞ gepleşikçileri bilen duşuşmakdan ýüz öwürmeginden soň edildi.

“Munuň sebäpleriniň biri doňdurylan serişdelerimize elýeterliligi barlamakdyr. Eger elýeterlilik ýok bolsa, onda bu şert ýerine ýetirilen däldir” diýip, Eýranyň ýokary lideriniň edarasyndan Mehdi Fazaeli aýtdy.

Goşmaça jikme-jiklikler dessine elýeterli bolmady.

Eýran dynç günleri bogazdaky täjirçilik gämilerine ot açdy, bu bolsa ABŞ güýçleriniň deňiz gatnawyny goramak maksady bilen Eýranyň kenarýaka radar we harby desgalaryna zarba urmagyna alyp geldi.

Degişli maglumat

ABŞ Eýrana tapgyr ikinji gije zarba urdy, Tramp “işi doly tamamlamak” bilen haýbat atýar; YRGK jogap gaýtardy