Rubio Eýranda 'soňky pelläni' görýär we NATO gatnaşyklarynyň 'täzeden gözden geçiriljekdigini' duýdurýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Eýran bilen uruşda "soňky pelläni" görünýändigini we konflikt gutarandan soň, birnäçe Ýewropa ýurdy Eýran bilen konflikti goldamakdan ýüz öwürendigi sebäpli ABŞ-nyň NATO bilen gatnaşyklaryny "täzeden gözden geçirmeli" boljakdygyny aýtdy.

Rubio 31-nji martda "Fox News" kanalynyň "Hannity" gepleşiginde beren interwýusynda urşy tamamlamak üçin "gepleşikleriň dowam edýändigini" we "bir pursatda göni duşuşyk" üçin mümkinçiligiň boljagyny aýtdy.

"Biz soňky pelläni görüp bilýäris. Bu şu gün däl, ertir däl, ýöne ol gelýär" diýip, Rubio aýtdy, ýöne jikme-jik düşündiriş bermedi.

28-nji fewralda başlanan urşy bes etmek üçin ylalaşyk gazanmak mümkinçilikleri soňky günlerde artdy.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian 31-nji martda giçlik öz ýurdunyň howpsuzlyk kepillikleri ýaly şertlere baglylykda ABŞ we Ysraýyl bilen gapma-garşylygy bes etmek üçin "zerur isleginiň" bardygyny aýtdy.

ABŞ geçen hepde Eýranyň ýadro desgalaryny ýok etmegini, raketa mümkinçiliklerini çäklendirmegini we sebitleýin ýaran güýçlerini goldamagyny bes etmegi öz içine alýan 15 maddadan ybarat meýilnamany öňe sürendigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 31-nji martda söweşleriň iki-üç hepdede tamamlanyp biljekdigini aýtdy, bu bolsa ylalaşygyň mümkindigi baradaky duýgulary has-da güýçlendirdi.

"Habar alyşylýar, gepleşikler geçirilýär. Bir pursatda gönüden-göni duşuşyk mümkinçiligi bar" diýip, Rubio "Fox News" telekanalyna aýtdy.

Uruşyň soňuna seredip, Rubio "gynansak-da" Tramp administrasiýasy "NATO-nyň we şol bileleşigiň biziň ýurdumyz üçin gymmatyny gaýtadan gözden geçirmeli bolar" diýdi.

Degişli maglumat

Tramp: Eýrana garşy operasiýa 2-3 hepdede tamamlanyp biler

Rubio we ABŞ-nyň beýleki resmileri ABŞ-nyň öz bähbitlerini goramak üçin ýaran ýurtlardaky bazalary erkin ulanyp bilmese, ýaranlygyň gymmatyny sorag astyna aljakdygyny mundan ozal hem aýdypdy.

"Eger indi NATO ýaranlygy... Amerikanyň bähbitlerini goramak üçin bu bazalary ulanyp bilmejekdigimizi aňladýan nokada ýeten bolsa, onda NATO birtaraplaýyn ýoldur" diýip, Rubio aýtdy.

Birnäçe ýewropaly ýaran ABŞ we Ysraýyl tarapyndan Eýrana her gün howa hüjümleri amala aşyrýan çaknyşyga gönüden-göni gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Tähran raketa atmak we Ýakyn Gündogardaky nyşanalara dron uçurmak bilen jogap berdi.

Şeýle hem Tähan Eýranyň harby mümkinçiliklerini gowşadan howa hüjümlerine garamazdan, dünýäniň nebitiň we gazyň takmynan 20 göterimini daşamak üçin ulanýan esasy suw ýoly bolan Hormuz bogazyny de-fakto blokirledi.

Şu hepde metbugatda Ispaniýanyň we Italiýanyň - iki NATO agzasynyň - Eýrandaky harby operasiýalar üçin ABŞ-nyň harby uçarlaryna öz howa bazalaryny ulanmaga rugsat bermändigi habar berildi.

Tramp 31-nji martda ABŞ-nyň iň ýakyn iki ýarany bolan Fransiýany we Britaniýany Birleşen Ştatlary goldamaýandygy üçin açyk tankytlady we dünýä "Git, öz nebitiňi al!" we "Özüň üçin göreşmegi öwrenip başla" diýdi.

Degişli maglumat

Tramp Eýranyň nebitini isleýändigini, parahatçylyk gepleşikleriniň “örän gowy” gidýändigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduny NATO-dan çykarmak barada berk pikir edýändigini aýtdy diýip, "The Telegraph" 1-nji aprelde habar berdi. Britaniýanyň gündelik neşirine beren interwýusynda Tramp bileleşigi "kagyz gaplaň" diýip atlandyrdy.

"Men NATO-nyň täsirine hiç haçan düşmedim. Men olaryň kagyz gaplaňdygyny hemişe bilýärdim we Putin hem muny bilýär" diýip, Tramp aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer Trampyň Britaniýany we NATO-nyň beýleki ýaranlaryny ABŞ-nyň Eýrandaky harby operasiýasyny goldamaýandygy üçin tankyt etmegine jogap berdi.

"Maňa we başgalara nähili basyş edilse-de, nähili şowhun bolsa-da, men kabul edýän ähli kararlarymda Britaniýanyň milli bähbitlerine laýyk hereket ederin" diýip, Starmer 1-nji aprelde Londonda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Şu sebäpden men munuň biziň urşumyz däldigini, biziň oňa çekilmejekdigimizi doly aýdyňlaşdyrdym" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.