ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň wekilleri bilen geçiren duşuşyklardan soň, 20-nji oktýabrda Özbegistandan Hindistana ugrady. Bu sapar Waşingtonyň öz halkara hyzmatdaşlygyny barha kän özbaşdak kesgitlemek isleýän sebit bilen ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryny has giňeltmek maksadyna gönükdirildi.
Rubionyň taryhy Ýüpek ýolunyň Samarkant şäherinden sapary Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini bir ýere jemledi. Şeýle-de, ol Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy we, 300-e golaý amerikan işewür liderinden ybarat delegasiýa bilen birlikde, ABŞ-Özbegistan işewürler geňeşiniň gurnan çäresine gatnaşdy.
Bu sapar birnäçe anyk başlangyjya, şol sanda Özbegistanyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda parahatçylykly kosmos öwrenmeleri boýunça Artemis ylalaşygyna gol çekilmegi we, taraplaryň aýtmagyna görä, durmuşa geçirilende jemi 12 milliard dollara barabar boljak ikitaraplaýyn maýa goýum ylalaşygyny öz içine alýan hyzmatdaşlyga ýol açdy.
Ýöne, Rubionyň saparynyň has giň ähmiýeti onuň bada-bat yglan edilen habarlaryndan jemlenmän, eýsem, Waşingtonyň Merkezi Aziýa gaýtadan üns bermeginde we sebit hökümetlerinden ABŞ, Russiýa we Hytaý arasyndaky gatnaşyklaryň haýsam bolsa birini saýlamagy talap etmän, has ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etmeginde hem bolup biler.
“Bu diňe daşarky güýçleriň arasyndaky bäsleşik däl” diýip, ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Jonatan Henik Rubio Samarkantdan gideninden soň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Henik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sowet Soýuzy dargaly bäri geçen 35 ýylyň dowamynda öz garaşsyzlyklaryny we halkara gatnaşyklarynyň şertlerini özbaşdak kesgitlemek ukyplaryny görkezendiklerini aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, ABŞ olara, syýasy we ykdysady taýdan, öz garaşsyzlyklaryny gorap saklamaga we hereket mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berjek goşmaça mümkinçilikleri hödürlemek isleýär.
Waşingtonyň strategik kartasynda täzeden gazanylan orun
Henik Rubionyň saparynyň amerikan gatnaşyklarynyň taryhy giňelmesini aňladýandygyny, şol bir wagtda, syýasy aragatnaşyklaryň has ýakynlaşmagy bilen birlikde, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň hem ösýändigini belledi.
Şeýle-de, ol Amerikan bähbitleriniň Merkezi Aziýada ýok ýerinde döredilmän, eýýäm bolup geçýän üýtgeşmeler bilen utgaşýandygyny nygtady.
Ol Özbegistanyň Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ykdysady özgertmeleriň taryhy döwrüni başdan geçirýändigini, onuň hökümetiniň ýurtda işewürlik üçin has amatly gurşawy döretmäge we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge çalyşýandygyny aýtdy.
“Waşingtondan berilýän üns biziň şu ýerde görýän mümkinçiliklerimiz bilen gabat gelýär” diýip, Henrik aýtdy we bu ýagdaýyň özgeriş prosesine itergi berýändigini belledi.
Hudson institutynyň uly ylmy işgäri Luk Koffi gysga wagtda gazanylan diplomatik netijelere has seresap baha berdi.
Koffi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Rubionyň saparyny, esasan, geçen ýyl Ak Tamda geçirilen sammitde gazanylan ylalaşyklaryň üpjün edilmegine niýetlenen goldaw çäresi hökmünde häsiýetlendirdi.
Ol öňki duşuşyk Samarkant duşuşyklaryndan has möhüm diýip pikir edýär.
Şeýle-de, ol Tramp administrasiýasynyň ikinji möhletinde edilen giň gerimli hereketleriň Merkezi Aziýany Waşingtonyň strategik kartasyna gaýtaryp getirendgini aýtdy we bu ýagdaýy gutlady.
Bäş Merkezi Aziýa döwleti Orsýet bilen hem möhüm söwda we diplomatik gatnaşyklaryny saklaýar, Hytaý bolsa esasy sebitleýin ykdysady güýç bolmagynda galýar. Olaryň Eýran bilen gatnaşyklary hem dürli-dürli.
Rubio saparynyň dowamynda bu reallygy tassyklap, bu ýurtlaryň mümkin boldugyça köp halkara gatnaşyklaryny isleýändigini aýtdy. Ol Özbegistanyň hemmeler bilen dost bolmak isleýändigini açyk aýdandygyny belledi.
Waşington, Moskwa we Pekin arasynda seçgi etmek talaby ýok
Waşington Merkezi Aziýa hökümetlerine Russiýadan we Hytaýdan daşlaşmak barada basyş etmezden, öz täsirini giňeldip bilermi ýa bilmez diýen mesele bu saparyň esasy temasy boldy.
Henik bu sebite diňe daşarky güýçleriň arasyndaky bäsdeşlik nukdaýnazaryndan seretmeli diýen pikiri ret etdi.
“Biz bu sebiti, bilşiňiz ýaly, käte olaryň atlandyryşy ýaly, köp wagt bäri Beýik Oýun diýip häsiýetlendirýäris” diýip, ol aýtdy. “Bu daşarky güýçleriň sebitdäki bäsleşigi bilen bagly. Dogrusyny aýtsam, meniň pikirimçe, bu bu ýerde bolup geçýän wakalary düýbünden ýalňyş häsiýetlendirýär”.
Koffi ABŞ-nyň sebit hökümetlerini Moskwanyň ýa-da Pekiniň ýerine Waşingtony saýlamaga mejbur etmeli däldigi bilen ylalaşdy.
Geografiýa, ykdysady gatnaşyklar, taryh we medeni gatnaşyklar bu hili seçgini ýerliksiz edýär diýip, ol aýtdy. Muňa derek, Waşington işjeň gatnaşyk saklap, hyzmatdaşlaryna olaryň beýleki iri döwletler bilen gurýan gatnaşyklaryny deňagramlaşdyrmaga kömek etmeli.
Demokratiýalary Goramak Gaznasynyň ýanyndaky Ykdysady we maliýe kuwwaty merkeziniň ylmy-barlag analitigi Angela Howard Rubionyň çemeleşmesiniň Waşington üçin hökman haýsam bolsa bir tarapy saýlamaly bolanda mümkin bolmajak hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýeňillik döredip biljekdigini aýtdy.
Administrasiýa sebit bilen gyzyklanýandygyny, Orsýet we Hytaý bilen bäsleşmäge taýýardygyny, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde ykdysady gurallary ileri tutjakdygyny görkezýär diýip, Howarda aýtdy.
"Biz olara garşy" çarçuwasyndan gaça durýan çemeleşme Birleşen Ştatlaryň Russiýa, Hytaýa we Eýrana alternatiwalary hödürlemegine mümkinçilik berip biler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Howard Waşingtonyň Merkezi Aziýa hökümetleriniň ylalaşyp bilmejek ultimatumlaryny bereninden, sanksiýalardan gaça durmak ulgamlaryna garşy çäreleri öz içine alýan anyk syýasat üýtgeşmelerini amala aşyrmak arkaly, bäsdeşleriniň täsirini çäklendirmekde has köp öňegidişlik gazanjakdygyny öňe sürdi.
Maýa goýumy hakyky synag bolmagynda galýar
Administrasiýanyň Merkezi Aziýanyň bazarlaryna we tebigy baýlyklaryna, şol sanda möhüm minerallara has giň elýeterlilik gözlemegi bilen, Rubio bilen bilelikde gelen uly işewür delegasiýasy bu saparyň ykdysady gün tertibini nygtady.
Rubio sapar wagtynda Amerikan diplomatiýasynyň täjirçilik ölçeglerini gorap, Birleşen Ştatlaryň adalatly bäsdeşlik we öz kompaniýalary üçin mümkinçilik isleýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ol işewürler geňeşiniň çäresinde eden çykyşynda ABŞ-nyň daşary syýasatynyň uzak möhletli mümkinçilikleri nazarda tutup, häzirki kynçylyklara beýle köp üns bermeli däldigini belledi.
“Biziň problemaly sebite, problemaly ýurda ýa-da dünýädäki problemaly meselä hemişe üns bermeli, ýöne bu açylýan mümkinçilikleri peýdalanmagyň hasabyna bolup bilmez” diýip, Rubio aýtdy. “Sen olaryň ikisine hem ýetişmegi başarmaly.”
Henik bu saparyň eýýäm ylalaşyklar üstünde işleýän kärhanalaryň gurýan gatnaşyklarynda öňegidişlik gazanmaga kömek edendigini, beýleki amerikan kompaniýalaryna bolsa, Özbegistandaky mümkinçilikler bilen tanyşmaga ilkinji gezek şert döredendigini aýtdy. Ol bu ýurda ilkinji gezek gelen myhmanlaryň köpüsiniň bu ýere ýene gelmegine garaşýandygyny belledi.
Özbegistanyň Artemis Ylalaşyklaryna gol çekmegi kosmosy öwrenmekde hyzmatdaşlyk üçin täze ýollary hem açyp biler diýip, ilçi aýtdy.
Waşington we Daşkent beýleki taslamalaryň üstünde işlemegini hem dowam etdirýärler. Henikiň bu taslamalaryň Mirziýoýewiň Floridada geçiriljek G20 sammitine resmi synçy hökmünde gatnaşmak üçin ABŞ-na meýilleşdirilen saparyna çenli taýýar bolmagyna umyt baglaýar.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibindäki ýene bir mesele bolsa, Sowuk uruş döwründe kabul edilen hem-de Özbegistan bilen birlikde, başga-da birnäçe ýurda degişli bolup galýan düzgünler, ABŞ-nyň söwda düzgüni bilen bagly Jekson-Wanik düzedişidir.
Henik bu düzgünleriň, düzgün bolşy ýaly, ulanylmaýandygyny we ilçihananyň gündelik işine düýpli täsir etmeýändigini aýtdy, ýöne ol bu çäräniň täsir edýän ýurtlary üçin simwoliki ähmiýetini boýun aldy.
Prezident Tramp we Rubio Jekson-Wanik düzgünleriniň ýatyrylmagyny goldaýandyklaryny açyk görkezdiler diýip, Henik aýtdy. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Ýollar we serişdeler komitetiniň başlygy Jeýson Smitiň golaýda eden saparyna salgylanyp, onuň Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygynda Kongresde çäklendirmeleri ýatyrmak üçin işleşmek wadasyny berendigini belledi.
Emma muňa garamazdan, Koffiniň pikiriçe, üstünligiň iň soňky ölçegi Merkezi Aziýada hususy pudaga ýatyryljak maýa goýumlarynyň duýarlyk derejede artmagy bolar. Ol bu hili ilerlemäniň wagt aljakdygyny, ýöne Samarkant duşuşyklarynyň munuň üçin esas goýan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
Şeýle-de, Koffi Hazar deňziniň iki kenaryny birleşdirýän infrastruktura taslamalaryny we nebit hem gaz geçirijilerine maýa goýumlaryny öz içine alýan Trans-Hazar söwda ýolunda anyk öňegidişliklere çagyrdy.
Ol Waşingtonyň Azerbaýjany öz içine alýan C6 formatyny göz öňünde tutup, Türki Döwletler Guramasy bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden daşary sebitleýin gatnaşyklaryny hem giňeldip biljekdigini aýtdy.
Amerikanyň has köp maýa goýumlaryna berilýän itergi Waşingtonyň täze söwda gatnaşyklarynyň ABŞ kompaniýalaryny sanksiýa girizilen aktýorlar, korrupsiýa we beýleki kanun bozmalary bilen ýüzbe-ýüz etmezligini nädip üpjün etjekdigi barada hem bir topar sorag döredýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbirine Orsýetiň Günbatar sanksiýalaryna sezewar bolan harytlary alýan kanallary hökmünde seredilýär. Bu ýagdaý, ABŞ-nyň has ýakyn ykdysady gatnaşyk gurmak tagallalarynyň arasynda, sanksiýalaryň ýerine ýetirilmegini aýratyn ynjyk meselä öwürýär.
Koffiniň pikiriçe, sanksiýalardan gaça durmak meselesini çözmek Söwda, Gazna we Döwlet departamentleriniň, şeýle-de Ak Tamyň utgaşdyrylan çärelerini talap eder.
Ol ähli elýeterli gurallaryň boşluklary ýapmak we maýa goýumlarynyň ABŞ-nyň bähbitlerine, maksatlaryna we kanunlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin ulanylmalydygyny aýtdy.
Howard täze ylalaşyklaryň üstünliginiň diňe esasy sanlaryň yglan edilmegine däl-de, olaryň şertlerine we bellenen wagtynda ýerine ýetirilişine bagly boljakdygyny duýdurdy.
Maýa goýumlary sanksiýa girizilen guramalar bilen bagly töwekgelliklerden, korrupsiýadan we adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlardan goranmak şertinde gurulmaly diýip, ol aýtdy. Munuň üçin netijeli gözegçilik, berk barlag we ABŞ garşydaşlary bilen baglanyşyklary barlamak zerur bolar.