13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçilen gije rus güýçleriniň amala aşyran gijeki hüjümlerinden soň, Ukrainanyň gündogaryndaky Kramatorsk şäherindäki ýaşaýyş jaýy ot aldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň wideosynda ýangyn söndürijileriň dolandyrylýan howa bombasy tarapyndan gös-göni urlandygy aýdylýan ýaşaýyş jaýyndaky, şol sanda onuň birnäçe gatyny gurşap alan ýangyny söndürmäge çalyşýandygyny görse bolýar.
"Ol biziň binamyzyň ikinji girelgesine gelip düşdi. Men biziň kwartiramyza näme bolandygyny - onuň ýanandygyny ýa-da ýanmandygyny - bilmeýärin. Goňşy kwartira harabalyklaryň aşagynda galdy, biziňki bolsa beýleki tarapda" diýip, ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Degişli maglumat
Gazagystan "Wildberries" üçin ýol açsa, Russiýanyň Ukraina garşy urşunda bitaraplygyny bes edermi?Donetsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Wadym Filaşkiniň aýtmagyna görä, golaýdaky Bilenke obasyna edilen sekiz hüjümde hem, bir adam öldi we başga-da 15 adam ýaralandy.
"Ähli jogapkär gulluklar wakalaryň bolan ýerinde işleýärler. Biz pidalara kömek berýäris we atyşyň soňky netijelerini kesgitleýäris" diýip, Filaşkin sosial mediada ýazdy we Donetsk sebitiniň ýaşaýjylaryny Ukrainanyň has howpsuz sebitlerine ewakuasiýa etmäge çagyrdy.
Kramatorsk uruş liniýasyndan 20 kilometrden hem az aralykda ýerleşýär we Kreml 2022-nji ýylda Ukraina garşy doly möçberli çozuşyna başlany bäri ençeme gezek rus hüjümlerine sezewar boldy. Iýul aýynda Russiýanyň gury ýer güýçleriniň bu sebitde haýal-haýaldan öňe süýşüp başlamagy bilen, Kramatorskyň we onuň golaýynda ýerleşýän Slawýanskyň üstünden uçýan rus dronlarynyň sany artdy.
Başga bir ýerde, Ukrainanyň demirgazygyndaky Sumy sebitinde Russiýanyň pilotsyz uçarynyň eden hüjüminde 29 ýaşly aýal we onuň 9 ýaşly ogly öldi diýip, sebit administrasiýanyň başlygy Oleg Hryhorow aýtdy. Hüjümde hususy ýaşaýyş jaýy hem nyşana alyndy.
Hryhorowyň sözlerine görä, wakada ýene-de dört adam, şol sanda oglanyň kakasy we mamasy ýaralandy. Olar häzir güýçli ýanyklar bilen hassahanada bejergi alýarlar.
Rus goşunlary Ukraina jemi 112 sany hüjümçi dron bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Howa güýçleri aýdýar. Howa güýçleri olaryň 90 sanysynyň urlup gaçyrylandygyny belleýär. Hüjümler Ukrainanyň aýrybaşga 11 ýerinde amala aşyryldy.
Ukrainanyň dronlary hem, Russiýadaky nyşanalara hüjüm etdi.
Degişli maglumat
Putin Russiýanyň "kölege flotuna" garşy hereketler sebäpli Ýewropa gämilerini ele geçirmek bilen haýbat atýarKremliň uruş tagallalaryny maliýeleşdirýän nebit eksportynyň esasy merkezi bolan Baltika deňzindäki Ust-Luga portunda ýangyn döredi. Ukrainanyň güýçleri Russiýanyň nebit senagatyna garşy dowam edýän howa hüjümleriniň çäginde porta birnäçe gezek hüjüm etdiler.
Başga bir gijeki hüjümde Ukrainanyň dronlary "Wildberries" kompaniýasynyň Twer sebitindäki ammarynda ýangynyň döremegine sebäp boldy. Ukrain güýçleri iýul aýynda internet söwda dükanyny nyşana alyp başlady. Ukraina ony harby enjamlary, şol sanda beden sowutlary we gözegçilik tehnologiýalary ýaly iki maksatly harytlary daşamakda aýyplaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.