WAŞINGTON — Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň paýtagta nobatdaky hüjümleriniň öňüsyrasynda Kiýewiň halkara hyzmatdaşlaryndan duýduryş almandygyny aýdandan we frontdan Starlink hemra aragatnaşygynyň çäklendirilýändigi barada habarlar gelenden soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň Ukraina aňtaw maglumatlaryny bermegi dowam etdirýändigini aýtdy.
14-nji oktýabrda žurnalistler ABŞ-nyň Ukraina aňtaw maglumatlaryny bermegi bes edip-etmändigini soranlarynda, Tramp: “Ýok, bes etmedik” diýip jogap berdi.
“Biz olara kömek edýäris we aňtaw maglumatlaryny berýäris. Biz urşuň gutarmagyny isleýäris” diýip, ol aýtdy. Tramp Waşingtonyň eýýäm bäşinji ýyl dowam edýän urşy bes etmek üçin Kiýew bilen hem, Moskwa bilen hem işleýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Zelenski rus güýçleriniň 13-nji oktýabrda Kiýewe we Harkowa 39 ballistik raketa atandygyny, şol sanda ýylylyk elektrik stansiýasyny nyşana alandygyny aýtdy. Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko köp gatly ýaşaýyş jaýyna degen zarbada azyndan üç adamyň ölendigini habar berdi.
Degişli maglumat
Kiýewde rus raketalarynyň zarbalary zerarly 3 adam öldi, elektrik üpjünçiligi kesildi; Zelenskiý Günbatardan duýduryş bolmady diýdi“Hyzmatdaşlarymyzdan ýene-de öňünden duýduryş bolmady” diýip, Zelenski sosial mediada ýazdy. Ol ukrain aňtawynyň maglumatlarynyň Russiýanyň ýene ballistik raketalary atmaga taýýarlanýandygyny görkezýändigini hem belledi.
Öňünden duýduryşyň bolmazlygy Waşingtonyň aňtaw maglumatlaryny bilkastlaýyn bermändigini aňlatmaýar. Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha ýurduň ABŞ-dan harby aňtaw maglumatlaryny almagy dowam etdirýändigini aýdyp, gijikmäniň Russiýanyň ulanan ýaragynyň görnüşi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
Käbir seljerijiler Zelenskiniň bu sözleriniň Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen rus dizel ýangyjynyň eksportyna girizilen gadaganlyklary ýatyrmak barada ylalaşyk gazanmagynyň yzysüre aýdylandygyna ünsi çekdiler. Olaryň pikiriçe, aňtaw maglumatlarynyň ýetmän galandygy aýdylýan pursat Trampyň Kiýewiň rus nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna zarba urmagyny bes etdirjek bolup, oňa basyşy artdyrmaga synanyşýandygyny görkezip biler.
Emma ABŞ-nyň NATO-daky öňki ilçisi we Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe Ukraina boýunça ýörite wekili bolan Kurt Wolker Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna amerikan hemralarynyň raketanyň atylmagyny bulut sebäpli görüp bilmändigi barada özüne maglumat berlendigini aýtdy. Ol bu düşündirişi garaşsyz barlap bilmändigini aýratyn belledi.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, şeýle düşündiriş aňtaw maglumatlaryny bermegiň bilkastlaýyn togtadylmagyna däl-de, olary ýygnamak mümkinçilikleriniň çäkliligine yşarat ederdi.
Ukraina özüne tarap uçup gelýän raketalardan, dronlardan we uçarlardan goranmak üçin amerikan aňtawyna uly derejede bil baglaýar. Öňünden berilýän duýduryşlar parahat ilatyň janyny halas etmäge we möhüm infrastruktura desgalaryny goramaga kömek edip biler.
Takyk sany belli bolmasa-da, birnäçe seljerijiniň çaklamagyna görä, ABŞ Ýeriň daşyndan aýlanyp, islendik ýeriň üstünden her sagatda birnäçe gezek geçmäge mümkinçilik berýän 300–500 töweregi harby aňtaw hemrasyny ulanýar.
Deňeşdirilende, Ýewropa ýurtlarynyň ulanýan harby aňtaw hemralarynyň sany 15-20 töweregi diýlip çaklanýar.
Ukraina özbaşdak aňtaw mümkinçiliklerini ösdürdi we zarba urmak isleýän köp sanly rus harby desgasyny kesgitläp bilýär. Emma özüne tarap gelýän hüjümleri ýüze çykarmak başga bir mesele bolup, bu ugurda Kiýew amerikan mümkinçiliklerine uly derejede garaşly bolmagynda galýar.
“Goranmak üçin munuň örän möhümdigini pikir edýärin” diýip, Wolker ABŞ-nyň hemra aňtawyny öňünden duýduryş almak üçin elýeterli iň gowy çeşme hökmünde häsiýetlendirdi.
Täze emeli aň guraly we Starlink baradaky näbellilik
NATO hem bileleşigiň maksatnamalary, emeli aň ulgamlary we aýry-aýry agza döwletleriň ikitaraplaýyn esasda maglumat paýlaşmagy arkaly Ukraina aňtaw goldawyny berýär.
Harby bileleşik gurama hökmünde Russiýa bilen göni çaknyşygyň öňüni almak üçin öz goldawyny öldüriji däl kömek bilen çäklendirýän hem bolsa, aýry-aýry ýaranlar, esasan-da ABŞ, şol pursatdaky ýagdaýy görkezýän örän jikme-jik taktiki aňtaw maglumatlaryny berýärler.
Öz goranyşyny güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde Ukraina 13-nji oktýabrda güýçleriniň ýakyn wagtda Russiýanyň dron zarbalarynyň nirede we haçan boljakdygyny çaklamak üçin NATO bilen bilelikde işlenip düzülen emeli aň modelini ulanyp başlajakdygyny aýtdy.
“13-nji model” diýlip atlandyrylan bu gural rus goşunlarynyň frontda dronlary nähili ulanjakdygyny “ýokary ähtimallyk bilen” kesgitlemek üçin öňki söweş maglumatlaryny, howa we söweş meýdanyndaky şertleri seljerýär diýip, ministrlik beýanatynda aýtdy.
Ministrligiň maglumatyna görä, model zarbanyň wagtyny, ýerini, güýçlüligini we ulanyljak dronuň görnüşini öňünden çaklap bilýär.
“Bu çözgüt hakyky maglumatlar toplumynyň esasynda eýýäm synagdan geçirilip tassyklandy. Ol kämilleşdirildi we Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýagdaý barada maglumat berýän ulgamlaryna ornaşdyrylmagyna taýýar” diýlip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.
Ukraina basylyp alnan günorta we gündogar sebitlerindäki rus goşunlarynyň üpjünçilik desgalaryna, şeýle hem Russiýanyň öz çägindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlara uzak menzilli dronlar bilen zarba urmakda SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra hyzmatyna hem uly derejede bil baglaýar.
Zelenskiniň geňeşçisi Serhiý Beskrestnow 14-nji oktýabrda Telegramda Starlink-iň käbir hyzmatlarynyň çäklendirilen ýaly görünýändigini aýtdy. Hususan-da, onuň harby görnüşi bolan Starshield sagatda 100 milden (160 kilometrden) ýokary tizlikde hereket edilende işini togtadýar.
Starshield terminallary Ukraina ABŞ-nyň Goranmak departamenti bilen baglaşylan şertnama boýunça berilýär. Departament hyzmatyň çäklendirilendigi baradaky habarlara teswir bermek haýyşlaryna jogap bermedi.
Ukrainanyň ABŞ-daky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Denis Siýenik 14-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna ýaragly güýçleriň “hereket edýän” Starlink terminallary üçin “tizlik çäklendirmelerine” duçar bolýandygyny tassyklady
“Starshield — parahat ilatyň janyny halas etmäge we Russiýanyň Ukrainada mundan beýläk-de weýrançylyk döretmeginiň öňüni almaga kömek edýän tehnologiýa” diýip, ol aýtdy.
Ukrain esgeri 2024-nji ýylyň fewralynda Awdiýiwka şäherindäki front pozisiýasynda Starlink hemra internet ulgamyny taýýarlaýar.
Zelenski ýurdunyň Starlink hyzmatlary we aňtaw maglumatlarynyň berilmegi bilen bagly kynçylyk çekmeginiň gynandyryjydygyny aýtdy. Ol ABŞ bilen Kiýewiň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda “dürli garaşylmadyk ýagdaýlaryň kän bolandygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.
“Biz diňe örän dogruçyl, örän açyk bolmak we berk hyzmatdaşlar bolmak isleýäris” diýip, ol 14-nji oktýabrda Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Endi Bernhemiň ýanynda çykyş edende aýtdy.
Bu mesele bilen tanyş iki ukrain resmisi soňra onuň duýgurlygy sebäpli atlarynyň agzalmazlygy şertinde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldular. Olaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda sagatda 100 mile çenli tizlikde hereket edilende aragatnaşygyň hili gowulanypdyr, ýöne tizlik çäklendirmesi häzirlikçe saklanyp galýan ýaly görünýär.
Olar munuň Russiýanyň reaktiw hereketlendirijili dronlaryny urup düşürmegi kynlaşdyrýandygyny aýtdylar. Soňky aýlarda şeýle dronlaryň Ukraina garşy ulanylyşy barha ýygylaşýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan başga bir çeşmäniň aýtmagyna görä, Ukraina terminallaryň sagatda azyndan 280 mil tizlikde hereket eden ýagdaýynda-da işlemeginiň dikeldilmegine mätäç.
“Uruşda söweş meýdanyndaky möhüm aňtaw maglumatlaryndan has wajyp zat ýok” diýip, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) operatiw işleriniň öňki ýokary wezipeli işgäri Şon Wiswesser Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“ABŞ-nyň aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagynyň bu uruşda Ukraina üçin oýnan möhüm roluna pes baha bermeli däl” diýip, Wiswesser sözüniň üstüne goşdy. Ol Waşingtonyň ozalky syýasy düşünişmezliklere we kynçylyklara garamazdan, aňtaw maglumatlaryny bermegi dowam etdirendigini belledi.
Soňky wakalardan soň ABŞ-nyň Kongresindäki iki partiýanyň wekillerinden ybarat Ukraina boýunça topar bu ýagdaýlardan aladalanýandygyny aýtdy. Topar “parahat ilaty howp astyna salýan çäklendirmeleriň wyždana sygmaýandygyny we Kongresiň olary kabul etmejekdigini” hem belledi.
Hyzmatyň çäklendirilendigi garaşsyz tassyklanmady. SpaceX kompaniýasyna Trampyň ýarany Ilon Mask gözegçilik edýär.
Çäklendirmeler Starlink-iň täjirçilik müşderilerine däl-de, esasan ýöriteleşdirilen Starshield terminallaryny ulanýan harbylara täsir edýän ýaly görünýär.
“Tizlik ýa-da ulanyş boýunça islendik çäklendirmäni ABŞ-nyň harbylary we ahyrky netijede ABŞ-nyň prezidenti kesgitleýär” diýip, Mask 14-nji oktýabrda X-da Ukraina Starshield hyzmatynyň berilmegi barada ýazdy. Onuň sözlerine görä, “Starlink-iň ulanylyşy bolsa raýat ýa-da goranyş maksatly işler bilen çäklendirilýär”.
Ol Starlink-iň “hüjüm häsiýetli harby hereketler üçin ulanylyp bilinmejekdigini, sebäbi munuň täjirçilik kompaniýasy üçin ýerliksiz boljakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.
Kompaniýa mundan öň hem Kiýewiň Russiýanyň basyp alan Krymynyň golaýyndaky Gara deňizde, şeýle hem frontuň beýleki böleklerinde, şol sanda Hersonda we Donetskde operasiýalary geçirmek üçin ulgamdan peýdalanmaga rugsat bermek baradaky haýyşyny ret edipdi.
Mask şol wagt bu haýyşyň ret edilmegini “SpaceX-iň uly möçberli harby herekete we çaknyşygyň güýçlenmegine aç-açan şärik boljakdygy” bilen düşündiripdi.
Energetika desgalaryna zarbalary bes etmek barada ýaraşyk barmy?
Aňtaw maglumatlary baradaky aladalar Trampyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda energetika desgalaryna zarbalary bes etmek barada ýaraşyk yglan etmegi we rus dizel ýangyjynyň eksportyna girizilen çäklendirmeleri gowşatmak karary bilen bagly jedelleriň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Tramp teklip edilýän ýaraşygy 9-njy oktýabrda yglan etdi. Emma taraplaryň hiç biri şeýle ylalaşygy anyk tassyklamady.
Tramp bolsa 12-nji oktýabrda şeýle diýdi: “Olar [ýaraşyga] razy boldular. Näme üçin bilýärsiňizmi? Sebäbi men “Razylaşýarsyňyz” diýdim — ine, şonuň üçin. Olar men razylaşandyklaryny aýdanym üçin razylaşdylar we bu mesele çözülmeli”.
Wolker hökümetleriň hiç biriniň şeýle ýaraşyga resmi taýdan razylyk bermändigi sebäpli, onuň güýje girendigine ynanmaga esas görmeýändigini aýtdy.
“Eger ruslaryň, Ukraina hem şeýle etse, energetika desgalaryna zarbalary bes etmek barada ýaraşyga razy boljakdyklaryny eşitsem, şonda ynanardym” diýip, ol aýtdy.
Wolker Moskwa hem şeýle eden halatynda Kiýewiň beýle ylalaşygy kabul etmäge taýýardygyny eýýäm mälim edendigini belledi.
“Biz beýle zady eşitmedik. Russiýanyň hereketleri hem olaryň munuň bilen ylalaşmaýandygyny görkezýär” diýip, Wolker aýtdy.
Tramp ABŞ-da ýangyjyň bahasynyň gymmatlamagyna goşant goşmakda Ukrainanyň rus nebit infrastrukturasyna urýan zarbalaryny ençeme gezek günäkärledi. Kongrese geçiriljek möhlet ortasyndaky saýlawlaryň öňüsyrasynda bu respublikançylar üçin syýasy alada döredýär.
Köp sanly seljeriji bolsa bahalaryň ýokarlanmagyna has uly täsir edýän sebäbiň ABŞ-nyň Eýrandaky urşudygyny aýdýar. Zelenski hem şeýle garaýşy beýan etdi.