Russiýa Merkezi Aziýanyň müňlerçe raýatyny uruşda söweşmäge işe aldy. Näme üçin bu adam söwdasy hökmünde hasaplanýar?

Russiýanyň ýaragly güýçlerine degişli harby eşik (Illýustrasiýa suraty)

Russiýanyň harby gullukçy kabul ediş ulgamy adam söwdasynyň ähli alamatlaryny özünde jemleýär diýip, “Söweşijiler, hakyna tutulanlar ýa-da adam söwdasynyň pidalary? Russiýa Ukraina garşy uruşda daşary ýurtly söweşijileri nähili ulanýar” atly hasabaty ýaýradan adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler aýdýarlar.

2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Russiýa özüniň Ukraina bilen urşunda söweşmek üçin 130-dan gowrak ýurtdan azyndan 27 müň daşary ýurt raýatyny işe aldy. Olaryň 10 müňden gowragyny Merkezi Aziýa döwletleriniň raýatlary emele getirýär.

Adam hukuklary toparlary —Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasy “FIDH”, Ukrainanyň adam hukuklary guramasy bolan “Truth Hounds" we Gazagystanyň Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça halkara býurosy “KMBPÇ” — bu sanlary ukrain häkimiýetleriniň maglumatlaryna, uruş ýesirleriniň beren gürrüňlerine we açyk çeşmelere salgylanyp habar berdiler.

Olar adamlary kimleriň işe alýandygyny we onuň nähili amala aşyrylýandygyny seljerdiler we bu meýilnamany global diýip atlandyryp boljakdygy, Russiýa tarapynda oňa diňe hususy işe alyjylaryň däl, eýsem döwlet gurluşlarynyň hem jogapkärdigi, şeýle-de daşary ýurtlularyň uly böleginiň rus goşunyna mejbury ýa-da aldaw arkaly düşýändigi baradaky netijä geldiler.

Degişli maglumat

Rus goşunynyň düzüminde Ukrainada söweşýän türkmen raýatlarynyň sany artýar, öňki harbylar Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär

Olaryň “Söweşijiler, hakyna tutulanlar ýa-da adam söwdasynyň pidalary? Russiýa Ukraina garşy uruşda daşary ýurtly söweşijileri nähili ulanýar” atly hasabatynda Merkezi Aziýadan 10 müňden gowrak adamyň Russiýanyň ýaragly güýçlerine goşulandygy aýdylýar.

Başga-da 1800 adamyň Günorta Aziýadan, 1700-4000 adamyň Afrikadan we 1000 bilen 8000 aralygynda adamyň Latyn Amerikadan gelendigi bellenilýär. Mundan başga-da, Demirgazyk Koreýa hökümeti Russiýa bilen strategik ylalaşygyň çäginde takmynan 14 müň adamy iberdi.

Ukraina häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, Russiýanyň ýaragly güýçlerinde gulluk edýän azyndan 3388 daşary ýurtly söweşiji eýýäm öldi. Olaryň köpüsi söweşe iberilenden soňky ilkinji aýlarda heläk boldy.

Adam hukuklaryny goraýjylar işe almagyň usullarynyň we maksatlarynyň nähili üýtgeýändigini yzarladylar. 2022-nji ýylda Ukraina doly möçberli çozuşynyň başynda Russiýa esasan söweş tejribesi bolan öňki harby gullukçylara - hakyna tutulan esgerler diýip atlandyrylyp bilinjek adamlara bil baglady.

Emma soňra bu üýtgedi: “Ilki başda harby tejribesi bolan ideologiýa taýdan höweslendirilýän meýletinçilere bil baglasa-da, soňra ykdysady we kanuny taýdan ejiz toparlary nyşana alýan halkara ulgamyna öwrüldi”.

Şol bir wagtyň özünde, hasabata görä, Russiýa Federasiýasy hem döwlet pudagyna, hem-de hususy gullukçylara adamlary köpçülikleýin häsiýetde işe almaga başlady.

Ýurduň içinde Içeri işler ministrligi we Federal howpsuzlyk gullugy (FSB), esasan, “işgärleri işe alýanlar” hökmünde hereket etdiler: bazarlarda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, metjitlerde we köçelerde geçirilen reýdlerden soň, migrant işçilere türme tussaglygy ýa-da deportasiýa howpy abanýar we alternatiwa hökmünde Russiýanyň Ýaragly Güýçleri bilen şertnama baglaşmak teklip edilýär.

Şeýle reýdlerden we olaryň netijelerinden esasan Merkezi Aziýadan gelen adamlar ejir çekýärler.

Russiýanyň daşynda ýaşaýan daşary ýurtlular sosial media (esasanam Telegram we Facebook) arkaly, ýurduň içinde we gönüden-göni ýaşaýan ýurtlarynda işe alynýar.

Olaryň köpüsine raýat iş orunlary ýa-da “söweş däl bölümlerde” gulluk etmek, işlemek wada berilýär. Hasabatda Russiýa tarapyndan işe alynmaga diňe “hususy şahslaryň” däl, eýsem diplomatik işgärleriň we “Rus öýleriniň” hem gatnaşýandygy aýdylýar:

Degişli maglumat

Ukrain ýesirligine düşen türkmen raýatynyň wideosy türkmen jemgyýetinde seslenme döretdi

“Käbir ýagdaýlarda Russiýanyň aňtaw gulluklarynyň, Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB), diplomatik missiýalarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň (meselem, “Rus öýleri” diýlip atlandyrylýan) gatnaşmagy bu proseslere döwlet gözegçiliginiň belli bir derejesini görkezýär. Mundan başga-da, Russiýanyň Daşary işler ministrligi syýahatçylyk wizalaryny bermek bilen bu tejribäni gytaklaýyn goldady”.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu hasabaty çap etmek bilen nämäni maksat edinýärler?

Olar işe hakyna tutmak işlerini diňe az sanly ýurduň derňeýändigini we ondan hem az sanly döwletiň işe kabul edijileri jogapkärçilige çekýändigini belleýärler.

Gazagystan we Keniýa bu babatda iň işjeň ýurtlaryň hataryndadyr. Şeýle-de, adam hukuklaryny goraýjylar ýurtlaryň kanunçylyk üýtgetmeleri we olaryň tejribede amal etmek arkaly şeýle ýagdaýlaryň öňüni almakda üstünlik gazanyljakdygyna umyt edýärler.

Russiýa barada aýdylanda bolsa, ol özüniň gol çeken Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň protokollaryny bozýar:

“Bu utgaşdyrylan we institusional taýdan goldanylýan ulgam adam söwdasynyň ähli alamatlaryny (hereket, serişde we maksat) öz içine alýar, döwlete degişli edilip bilner we şonuň üçin Russiýanyň BMG-niň Transmilli Guramaçylykly Jenaýatçylyga Garşy Konwensiýasynyň Palermo protokoly boýunça adam söwdasyna gatnaşmazlyk ýa-da ony ýeňilleşdirmezlik baradaky negatiw borjunyň bozulmagy bolup durýar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de, onda “Russiýa üçünji ýurtlardan adamlaryň işe alynmagynyň we hereketiniň öňüni almak we kazyýete çekmek – şol sanda şeýle işler transmilli guramaçylykly jenaýat toparlary ýa-da hususy araçylar tarapyndan Russiýanyň razylygy ýa-da höweslendirmesi bilen amala aşyrylýan ýagdaýlarda – baradaky oňyn borçlaryny bozýar” diýilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.