Türkmenistanda işiň gözleginde Russiýa gitmäge synanyşýan raýatlaryň sany artýar, olaryň arasynda öňki harbylar hem bar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler. Türkmen hökümeti migrasiýa meselesini resmi derejede agzamaýarka, raýatlaryň, şol şanda öňki harbylaryň ençemesi ýurtdan çykarylmaýar. Bu aralykda Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunda türkmen raýatlarynyň sanynyň esli köpelendigi barada maglumat çap boldy.
Ukrainanyň "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň soňky maglumatynda rus goşunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolan hakyna tutulan esgerleriň sanynyň 12500-den geçendigi aýdylýar.
Ukrainanyň Goranmak ministrligi we Baş Razwedka müdirligi tarapyndan goldanýan "Ýaşamak isleýärin" atly proýekt Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 12 666 raýatyny anyklady. Olaryň köpüsi Özbegistanyň raýaty bolup, olaryň sany 4853 adam, 3407 adam Täjigistana, 2389 adam Gazagystana degişli. Maglumata görä, Gyrgyzystandan azyndan 1439 raýat we Türkmenistandan 578 raýat Russiýanyň goşunyna goşulypdyr. Türkmen raýatlaryna degişli bu san proýektiň geçen ýyl çap eden sanyndan 2,5 esse köp.
Ukrainanyň "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň geçen ýyl we häzir çap eden maglumatlarynda Türkmenistanyň raýatlaryna degişli çap edilen sanlar barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi teswir bolmady.
Öňki harbylar ýurtdan çykyp bilmeýär
Bu aralykda Türkmenistanyň ilaty ýurtdan çykmakda çäklendirmelere duçar bolýar. Hususan-da, harby edaralarynda işlän raýatlar ýurtdan çykyp bilmeýändigini aýdyp, häkimiýetleriň özleri babatynda girizilen gadagançylygyň sebäpleriniň düşündirmeýändigini aýdýarlar.
"Biz işleýän döwrümizde bize gerekli adam hökmünde sözler aýdylardy, häzir işden çykamsoň bu ýurtda gerekmejek adam hatarynda duýýaryn" diýip, öňki harby häzir ýurt daşyna çykyp bilmeýändigini, sebäbi harby we güýç edaralarynyň işgärlerine işden çykanda ýurduň daşyna çykmak çäklendirmesiniň goýulýandygyny aýtdy.
Onuň gürrüň bermegine görä, öňki harbylardan we kanun goraýjylardan gulluk borjuny ýerine ýetirip, saglyk, iş şertleriniň ýaramazlygy ýaly başga bir sebäplerden işden çykanlaryň arasynda Içeri işler ministrligine, Daşary işler ministrligine, prezident diwanyna arza bilen ýüz tutýan we çäklendirmeleri aýyrmagy soraýan raýatlaryň sany köpelýär, emma ýüzlenmeler netije bermeýär.
Edil şeýle problemasy barada gürrüň berip, häkimiýetlere ýüzlenýän türkmen raýatlarynyň çykyşlary sosial ulgamlarynda hem peýda bolýar.
Mundan öň türkmen harbylarynyň işden çykmagynyň kynlaşandygy, olaryň ýurtdan çykmagynyň gadagan edilýändigi we biometriki pasportlarynyň ellerinden alynýandygy habar berlipdi.
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmagyna degişli kynçylyklaryň türkmenistanlylaryň rus goşunynyň düzüminde Ukrainadaky urşa gatnaşmagy meselesi bilen näderejede baglydygy belli däl.
'Russiýa gidip, urşa çekilýän köp'
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň birnäçe ýaşaýjysy Russiýa iş gözläp giden öz ildeşleriniň arasynda Ukrainadaky urşa iberilenleri bilýändigini habar berdiler.
"Ildeşlerimiz Russiýa döwletine eklenç çeşmesini gözläp köpçülikleýin gidýärler. Emma olaryň arasynda iş tapman, ors dilini bilmän urşa gidýänleriň sany artýar" diýip, tejenli ýaşaýjylaryň biri 24-nji aprelde gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ahally ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýurduň daşyna gidýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň maddy ýagdaýy örän agyr. Olar ýurtdan çykmak üçin bergä batýarlar, soň olar bergisini tölemek hem gününi görmek üçin ähli zada kaýyl bolýar.
"Biziň goňşymyz Russiýa işe gitdi, ol başda Türkmenistanda gaty uly bergä girdi. 'Bergim kän ýurt daşyna iş gözleginde gitsem bergiden çykaryn' diýip aýdýardy. 'Aeroportdan goýberilmesem, men göni öz janyma kast etmesem başga çykalgam ýok. Bergim gaty kän' diýýärdi" diýip, ahally ýaşaýjy öz tanşynyň Russiýa gitmegi başarandygyny we aradan 6 aý geçmänkä öz hojalygyna pul ugradyp, ähli bergisinden çykandygyny gürrüň berdi.
Onuň bellemegine görä, käbir gidenleriň maddy ýagdaýy gowulansa olaryň tejribesi ildeşleriniň ünsüni çekýär we başgalar muny nusga edinýär, bu urşa gidenlere hem degişli bolýar.
"Muny gören işsiz oglanlar onuň bilen IMO arkaly habarlaşyp, iş sorap başladylar, ol 'iş kän gaýdyň', diýip 3 sany tanyş goňşymyzdan oglanlary ýanyna çagyrdy. Hakykatdan hem gidenler derrew bergiden çykdy we hojalygynyň dişine et degip başlady. Indi olaryň gapysy her güni adamdan dolup, her kim iş soraýar" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Onuň gürrüň bermegine görä, Russiýada "pullanan" ildeşleri özleriniň urşa gatnaşýandygyny başda açyk aýtmandyr, emma soňra belli bolanda-da, käbir hojalyklaryň maşgala başlary "urşa gitmäge-de kaýyldygyny" aýdýarlar.
"Häzir ençeme hojalygyň erkek adamlary urşa gidip başlansoň, işsiz kösenip ýörenler 'urşa bolsa-da, gitjek diňe özüm däl, meniň hojalygym açlykdan ölenden, men uruşda öleýin' diýýärler" diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Rus goşunynyň düzüminde Ukrainadaky uruşda söweşýän türkmen raýatlarynyň sanynyň gitdigiçe artýandygy barada soňky bir ýarym ýyl bäri yzly-yzyna habar berilýär.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ozal rus goşunyna çagyrylan daşary ýurtlulary söweşe gatnaşmazlyga we dörän ilkinji mümkinçilikde ukrain goşunyna ýesir düşmäge we munuň üçin döredilen "Ýaşamak isleýärin" proýektine ýüz tutmaga çagyrypdy. Proýektiň awtorlary Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolmagyna garamazdan, ýurtdaky pes aýlygynyň we ýokary işsizligiň ýerli ilaty Russiýa gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigini bellediler.
Russiýanyň çozuşynyň netijesinde Ukrainada dört ýyl bäri dowam edýän uruş Türkmenistanda hökümet we döwlet habar serişdeleri tarapyndan agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum