ABŞ-nyň we Ysraýylyň güýçleri Eýrana hüjümlerini dowam etdirdiler, ABŞ-nyň Senaty bolsa prezident Donald Trampyň Kongresiň rugsady bolmazdan, Ýakyn Gündogar ýurduna garşy harby hereketleri dowam etdirmek ygtyýarlygyny çäklendirýän teklibi ret etdi.
Tramp 4-nji martda Eýranyň öldürilen liderleriniň ornuny tutmak üçin ýokary wezipeleri eýelemäge synanyşýan islendik eýran resmisiniň "öljekdigini" aýtdy we Birleşen Ştatlaryň hem Ysraýylyň bu ýurda garşy bilelikdäki harby kampaniýada "öňe gitjekdigini" wada berdi.
"Häzirki wagtda biz örän güýçli pozisiýada we olaryň liderligi çaltlyk bilen gidýär. Lider bolmak isleýänleriň hemmesi ölýär" diýip, Tramp 4-nji martda Ak Tamda tehnologiýa pudagynyň liderleri bilen duşuşykda aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
'Devastation': Tehran Resident Describes Life Under Ongoing Missile Strikes
"Ýumşak aýdylanda, uruş frontunda gowy iş alyp barýarys. Kimdir biri 10 ballyk dereje boýunça siz muňa nähili baha bererdiňiz? diýip, sorady. Men 15 bal diýdim" diýip, Tramp aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýini we beýleki howpsuzlyk, harby we syýasy liderleri öldüren bilelikdäki howa hüjümlerinden ýüz öwürmejekdigine söz berdi.
Tramp Tähranyň ballistik raketalarynyň arsenalynyň "çalt ýok edilýändigini" aýtdy.
Donald Tramp Eýrana hüjüm etmek barada ýurduň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak üçin buýruk berendigini aýtdy, ýöne şeýle hem Tähranyň ballistik raketa maksatnamasyny bes etmegini we soňky hepdelerde rehimsiz basyşda müňlerçe adam öldüren hökümetiň protestçilere gary zorlukly hereketleri bes edilmegini isleýändigini aýtdy.
Söweşde ABŞ-nyň "guryýer goşunlarynyň" Eýranda ýerleşdirilmegi baradaky aladalary gowşatmak üçin Ak Tam "häzirki wagtda bu operasiýanyň meýilnamasynyň bir bölegi däl" diýip 4-nji martda aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň edarasy iki ýaranyň Eýrana garşy urşunda altynjy gününe giren pursadynda "taryhy üstünlikleri" gazanandygyny aýtdy.
"Ysraýyl we Birleşen Ştatlar bilelikde raýatlarymyzy we medeni dünýäni goramak üçin taryhy üstünlikleri gazandylar" diýip, hökümetiň metbugat wekili Şoş Bedrosian wideo çykyşynda aýtdy.
Bedrosian şeýle hem Eýrana hüjüm etmegiň zerurdygyny, sebäbi Tähranyň ýadro ýarag programmasyny "täze ýerasty bunkerlerde" täzeden gurýandygyny we onuň "sebitdäki Ysraýyla we ABŞ-nyň güýçlerine hüjüm etmegi" meýilleşdirmeginiň alamatlarynyň bardygyny öňe sürdi, jikme-jiklikleri bermedi.
Respublikanlar uruş ygtyýarlygynyň çäklendirilmegine garşy çykýarlar
ABŞ-nyň Senatynyň kanun taslamasy Kongressiň mundan beýläk hüjümlere ygtyýar bermegini talap ederdi, ýöne respublikanlar prezidentde dowam edýän operasiýalary dolandyrmak üçin baş serkerde ygtyýarynyň bardygyny öňe sürüp, oňa köpçülik bolup garşy çykdylar.
Degişli maglumat ABŞ we Ysraýyl Eýrana garşy kampaniýa güýçlenýärkä, yza çekilmejegini we 'köp ejir berjegini' aýdýarlarDemokratlar ses berişligi konstitusion synag hökmünde kabul etdiler. Nýu-Ýorkdan Çak Şumer kanun çykaryjylaryň "ogul-gyzlaryny howply ýere iberip-ibermezligi" çözmeli diýdi.
Respublikan liderleri prezidenti goradylar. Günorta Dakotadan Jon Tune Trampyň ABŞ-nyň güýçlerini goramak üçin hereket edýändigini aýtdy, Günorta Karolinadan Lindsi Graham bolsa bu karary konstitusiýa garşy diýip atlandyrdy.
Sebitdäki bökdençlikler
Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň Ysraýyla we Amerikanyň harby serişdelerine eýe bolan beýleki sebit ýurtlaryna raketa we dron atyp jogap bermegi bilen Ýakyn Gündogarda howa gatnawyna döreden bökdençlikleri dowam edýär.
Günbatar ýurtlary Waşington we Tel-Awiw tarapyndan 28-nji fewralda uly howa kampaniýasynyň başlanmagyndan soň Ýakyn Gündogarda galan müňlerçe raýatyny ewakuasiýa etmäge synanyşdylar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti amerikan raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ilkinji çarter uçuşynyň 5-nji martda Ýakyn Gündogardan uçandygyny aýtdy, ýöne jikme-jiklikleri bermedi.
Günbatar bileleşiginiň ulgamlary Eýranyň ballistik raketasyny agza Türkiýäniň howa giňişligine girmezden öň tutdy, munuň yzýany NATO Eýrany ýazgardy.
"Eýranyň sebitde tapawut goýman hüjümlerini dowam etdirmegi sebäpli, NATO ähli ýaranlaryny, şol sanda Türkiýäni berk goldaýar" diýip, metbugat wekili Allison Hart 4-nji martda aýtdy.
"Biziň saklaýyş we goranyş pozisiýamyz ähli ugurlarda, şol sanda howa we raketa goranyşyna gezek gelende güýçli bolmagynda galýar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili şeýle diýdi: "Döwlet sekretary Marko Rubio şu gün Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Eýrandaky we Ýakyn Gündogardaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin gürleşdi".
"Sekretar daşary işler ministrine Türkiýäniň özygtyýarly territoriýasyna hüjümleriň kabul ederlikli däldigini belledi we ABŞ-dan doly goldaw beriljekdigini aýtdy" diýip, metbugat wekili habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, Saud Arabystany Eýranyň uzak wagtlap bäsdeşi bolan we ABŞ-nyň harby bazalaryny ýerleşdiren ýurda tarap barýan üç sany kruiz raketasyny tutandygyny 5-nji martda irden aýtdy.
"Üç sany kruiz raketasy Al-Harj şäheriniň daşynda tutulyp, ýok edildi" diýip, Saud Arabystanynyň Goranmak ministrligi X-de ýazdy. Bu çöllük ýurdunda hiç hili pida ýa-da zyýan barada habar berilmedi.
Eýranyň suwasty gämisi batdy
Mundan öň, ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset Şri-Lankanyň kenarynda ABŞ-nyň suwasty gämisiniň Eýranyň harby gämisini batyrandygyny tassyklady.
Hegset azyndan 87 deňizçiniň ölümine, onlarça adamyň ýaralanmagyna ýa-da ýitmegine sebäp bolan hüjümi "sessiz ölüm" diýip atlandyrdy. Şri-Lankanyň häkimiýetleri 32 eýranly deňizçiniň halas edilendigini aýtdy.
Makron Ysraýyla duýduryş berýär
Şol bir wagtyň özünde, "Hizbollah" Ysraýylyň demirgazyk bölegine raketa atansoň, Ysraýyl Eýranyň ýarany bolan bu toparyň berkitmelerine hüjümlerini güýçlendirdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 4-nji martda Netanýahuny Liwanda gury ýer hüjümleri başlamazlyga çagyrdy.
"Men 'Hizbollahyň' Ysraýyla we beýleki ýurtlara hüjümlerini derhal bes etmeginiň zerurdygyny gaýtaladym. Bu dartgynly strategiýa tutuş sebiti howp astyna salýan uly ýalňyşlykdyr" diýip, Makron X-de ýazdy.
"Men şeýle hem Ysraýylyň premýer-ministrini Liwanyň territoriýasynyň bitewüligini saklamaga we guryýer hüjümini başlamazlyga çagyrdym. Taraplaryň ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşyga gaýdyp gelmegi örän möhümdir" diýip, Makron sözüniň üstüne goşdy.
Habarlarda Ysraýylyň guryýer güýçleriniň eýýäm Liwanyň serhetinden geçendigi agzaldy, emma jikme-jiklikler berilmedi.