Türkmenistanda ene-atalar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) bilim alýan çagalarynyň okuw töleglerini türkmen banklary arkaly geçirmekde ýene päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Türkmen banklary "hökümet tarapyndan sentýabr aýy üçin bölünip berlen ýeňillikli pul geçirim çäginiň" dolandygyny aýdyp, okuw töleglerini geçirmekden ýüz öwürýärler. Bu çäklendirme, ýüzlerçe talybyň okuwdan çykarylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji sentýabrda maglumat berdi.
“Häzir bu banklarda günde onlarça adam üýşýär. Olaryň hemmesi çagalarynyň okuw pullaryny geçirmäge çalyşýar. Ýöne bu, tas hiç kime başartmaýar. Sebäbi bank resmileri hökümet tarapyndan sentýabr üçin berlen limitiň dolandygyny aýdyp, oktýabra çenli garaşyň diýýärler” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan daşoguzly, lebaply we maryly ene-atalaryň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, “Türkmenistan”, “Halkbank”, “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň resmileri hökümetiň sentýabr aýynda näçe talybyň okuw pulunyň geçirilmegine rugsat berendigi barada maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat
Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirme girizildiTürkmenistanda ene-atalar daşary ýurtlaryň käbir uniwersitetlerinde okaýan çagalarynyň okuw töleglerini ýurduň banklary arkaly dollaryň resmi kursunda geçirip bilýärler.
"Nobata durmagy maslahat berip..."
Bu düzgün häkimiýetleriň 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasyny berk çäklendirmeginiň yz ýanynda güýje giripdi. Şondan bäri ýurduň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat töwereginde saklaýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 18-20 manat bahalanýar.
Çagalary Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ene-atalaryň sözlerine görä, bank resmileri olara nobata durmagy maslahat berip, okuw puluny diňe oktýabr aýynda geçirip biljekdiklerini aýdýarlar.
Ýöne ene-atalar daşary ýurt uniwersitetleriniň azyndan 4000-7000 ABŞ dollary möçberindäki ýyllyk okuw töleginiň azyndan 50 göterimini sentýabryň ahyryna çenli geçirmegi talap edendigini belleýärler.
"Talaby berjaý etmedikleriň okuwdan çykarylyp bilinjekdigini duýdurdylar. Biz bank resmilerine bu ýagdaýlary we çagalarymyzyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan uniwersitetleriň dört sanawyndaky ilkinji 1000 ÝOJ-da okaýandygyny hem düşündirjek bolduk, ýöne olar ýene öňki aýdanlaryny gaýtaladylar” diýip, daşoguzly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda diňe ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan uniwersitetleriň dört sanawyndaky ilkinji 1000 ÝOJ-a kabul edilen türkmen talyplaryna ýerli banklar arkaly okuw töleglerini resmi kurs esasynda geçirmäge rugsat berilýär.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Merkezi bankyndan we agzalan banklardan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 22-nji sentýabrda agzalýan banklaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
"Ýaşlaryň sanyny çäklendirmek, olary ýurda getirmek..."
Häkimiýetler bu çäklendirme we onuň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýän mahaly, ene-atalar muny daşary döwletlere gidýän ýaşlaryň sanyny çäklendirmek, okap ýören türkmenistanlylary ýurda getirmek üçin edilýän nobatdaky çäre atlandyrýarlar.
Degişli maglumat
Maryly ene-atalar Aşgabada baryp, okuw töleglerini geçirmek meselesiniň çözülmegini talap etdi, ýöne..."Tölegleri türkmen banklary arkaly dollaryň resmi kursunda geçirmek mümkinçiligi, köp ene-ata üçin çagasyny okatmagyň ýeke-täk usuly bolup durýar. Ene-atalar walýutanyň gara bazaryndan dollar satyn alyp ýa-da ýerli ÝOJ-lar üçin 'soralýan parany' berip, çagalaryny okatmagyň mümkin däldigini aýdýarlar" diýip, daşoguzly ene aýtdy.
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň okuw tölegini geçirmek meselesine tapgyrlaýyn esasda çäklendirmeleri girizip gelýär.
Häzirki çäklendirmeleriň anyk näçe türkmen talybyna täsir edýändigi barada takyk sanlar ýok. Türkmen häkimiýetleri dört sanawdaky ilkinji 1000 ÝOJ-da näçe türkmenistanlynyň bilim alýandygy baradaky sanlary hem mälim etmeýärler. Ýöne ene-atalar munuň ýüzlerçe, belki-de müňlerçe talyba täsir edýändigini çaklaýarlar.
Bu aralykda, habarçymyz resmi ýol bilen okuw tölegini wagtynda geçirip bolmaýan mahaly, ene-atalara 250-300 dollaryň öwezine, nobata garaşmazdan okuw tölegini geçirmäge ýardam etmegi teklip edýän “araçylaryň” peýda bolandygyny hem aýdýarlar.
“Ýöne köp ene-ata bularyň ‘hyzmatyndan’ peýdalanmakdan häzirlikçe saklanýar. Sebäbi soňky aýlarda, ýyllarda araçylara puluny aldyryp, işini bitirdip bilmedik adamlar sanardan köp boldy” diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri talyplaryň okuw töleglerini geçirmekdäki bökdençlikleri we munuň olara ýetirýän ýa-da ýetirip biljek täsirleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.
Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bu ýaşlaryň köpüsi daşary ýurtlarda okaýan döwri işläp, gazanç hem edýärler. Olaryň arasynda okuwy tamamlanandan soň, şol ýurtda köp ýyllaryň dowamynda galyp, zähmet çekýänler hem köp bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.