Seul bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm mineral serişdeler we emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň prezidenti Li Je Mýon bilen söhbetdeş bolýar. Seul, 15-nji sentýabr

Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň senagat ministrleri 14-nji sentýabrda Seulda C5+1 formatyndaky ilkinji bilelikdäki mejlisini geçirdiler. Taraplar aýratyn möhüm mineral serişdeleriň üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we sebitiň kärhanalarynda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň netijeleri boýunça senagat we üpjünçilik zynjyrlary babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma gol çekildi hem-de bilelikdäki deklarasiýa kabul edildi. Taraplar Merkezi Aziýanyň litiý we seýrek ýer elementleri ýaly aýratyn möhüm mineral serişdeleriniň gorlaryny Günorta Koreýanyň olary gaýtadan işlemek tehnologiýalary bilen utgaşdyrmagy maksat edinýärler. Wekiller senagat zolaklaryny döretmek, «akylly» kärhanalary ösdürmek we senagatda emeli aňy ulanmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlis döwlet baştutanlarynyň derejesinde geçiriljek ilkinji «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň öňüsyrasynda boldy. Prezidentler Seulda aýratynlykda hem gepleşikler geçirýärler.

Degişli maglumat

Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri 13 resminama alyşdy

Günorta Koreýanyň prezidenti Li Je Mýon bilen ilkinji bolup Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşuşdy. Liderler 13 resminamany alyşdylar. Olaryň arasynda Özbegistana ýene sekiz sany ýokary tizlikli otlyny ibermek, milli genomika merkezini we biobanky döretmek, şeýle-de aýratyn möhüm mineral serişdeler hem-de senagatda emeli aňy ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklar bar.

Li Je Mýon 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşyk geçirdi. Ýerli medianyň maglumatyna görä, taraplaryň infrastruktura, gämi gurluşygy, täze şäher gurluşygy, suw serişdelerini dolandyrmak, emeli aň ýaly pudaklarda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandygy hem aýdylýar. “Duşuşykdan soň iki lider dürli ugurlary öz içine alýan 13 ylalaşygy we özara düşünişmek hakyndaky memorandumy alyşdy” diýip, neşir belledi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Li Je Mýon bilen duşuşdy, şeýle-de 15-nji sentýabrda Günorta Koreýanyň iň iri on maliýe-senagat toparynyň hataryna girýän «Hanwha Group» korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gazagystan korporasiýa Merkezi Aziýanyň bazarlaryna çykmak üçin ýurdy tehnologik platforma hökmünde peýdalanmagy teklip etdi. Maýa goýum hyzmatdaşlygynda esasy ünsi emeli aň ekoulgamyny ösdürmäge we sanly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmek teklip edildi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon özüniň koreýaly kärdeşi Li Je Mýon bilen 16-njy sentýabrda irden duşuşýar.

Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilkinji sammitini 16-njy sentýabrda Seulda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.