Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti C5+Günorta Koreýa formatynyň ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Seula sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Arhiw suraty)

16-njy sentýabrda Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda C5+Günorta Koreýa (Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa) köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň döwlet baştutanlarynyň birinji sammiti geçiriler. Bu sammite Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri, şol sanda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.

Türkmen prezidentiniň Günorta Koreýa amala aşyrjak döwlet sapary we onuň çäklerinde 16-njy sentýabrda Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” sammitine gatnaşjakdygy barada ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň 11-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde habar berdi.

Meredow S.Berdimuhamedowyň anyk haýsy senede Günortra Koreýa sapar etjekdigini aýdyňlaşdyrmady. Bu barada häzirlikçe resmi ýa-da hökümete tarapdar metbugat serişdelerinde hem takyk bir maglumat berilmeýär.

“The Straits Times” neşiriniň Günorta Koreýanyň prezidentiniň metbugat wekili Kang Ýu-junga salgylanyp, 11-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, bu ýurduň döwlet baştutany Lee Jae Myung bilelikdäki sammitden öň, 14-nji sentýabrdan 16-njy sentýabra çenli aralykda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleriniň her biri bilen aýry-aýrylykda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Bu sammit Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda liderler derejesindäki ilkinji köptaraplaýyn duşuşyk bolar.

TDH-niň maglumatyna görä, saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

“Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar” diýlip, maglumatda bellenilýär.

Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Jae Myung 11-nji sentýabrda eden çykyşynda “Seulyň baý sebit bilen ykdysady we strategik gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny” aýtdy.

Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

TDH-niň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy.

Şeýle-de, ýurtda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bularyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýaly iri desgalar bar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň döwlet baştutanlarynyň derejesinde 5 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.

Şu ýylyň aprelinde Seul şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şonda türkmen daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň Immigrasiýa gullugynyň komissary Ça Ýon Ho bilen gepleşik geçirdi.

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok Ýol 2024-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2022-nji ýylyň noýabrynda bolsa, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Seula sapar edipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG