Region gara bürendi

Owganystanyň Hyrat şäheriniň eteginde adamlar ýorganlary bürenip barýarlar.

Owganystanda 30 ýyldan soň ilkinji gezek şeýle güýçli gar ýagýar. 

Kandahar welaýatynda awtoulagyň üsti gar bilen örtülipdir. Bu Owganystanda seýrek duş gelýär.

Ekin meýdanlary gar bilen örtülipdir. Owganystanyň Kandahar welaýaty

Eýranda, hususanda, ýurduň demirgazygyndaky Mazandaran welaýatynda güýçli gar ýagdy.

Mazandaran welaýatynyň demirgazgyndaky ýaşaýjylar güýçli garyň ýagmagy netijesinde elektrik energiýalarynyň kesilendigini habar berýärler.

Eýranyň Mazandaran welaýatyndaky ýaşaýjylaryň biri garly howada tigir sürmäge synanyşýar.

Eýranyň Mazandaran welaýatynda garyň güýçli ýagmagy sürüjileriň ýollarda ulag sürmegini kynlaşdyrdy.

Eýranyň Gilan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy barmaly ýerine gitmek üçin pyýada ýollardan peýdalanýarlar.

Eýranyň paýtagty Tähranda ýaşlar gar atyşyp oýnaýarlar.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede adamlar ulagy itip barýarlar.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede ýanýodalar we uly köçeler deň görnüşde gar bilen örtüldi.

Täjigistanyň paýtagtynda ýanýodalar, uly köçeler we agaçlar gar bilen örtüldi.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede garly, typançak ýollar sürüjileriň ulag sürmegini kynlaşdyrdy.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede köçeleri arassalaýan işçiler güýçli ýagan gary arassalaýarlar.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede ýaşaýjylar garyň güýçli ýagmagy netijesinde ulaglaryny haýal sürýärler.

Täjigistanyň Kulob welaýatynda garda hereket etmän galan ýük tankeri