Sowet esgerleriniň Sofiýadaky 'halys irizen' ýadygärlikleri

Sofiýadaky Sowet goşunyna döredilen esasy ýadygärlige ýetirilen bu zyýan 23-nji fewralda surata düşürildi. "Sowet Azat ediji goşunyna – Bolgariýanyň halkyndan minnetdarlyk" diýen ýazgyly birnäçe plita döwlüpdir. Ýadygärliklere ýetirilýän şeýle zyýan onuň taryhynda ilkinji gezek däl.

Sowet goşunynyň ýadygärligi, 1959-njy ýylyň suraty.

Ýadygärlik toplumy Ikinji Jahan urşunda, Sowet goşunlarynyň Bolgariýa girmeginden 10 ýyl geçensoň, 1954-nji ýylda gurlupdy. Ol uruşda bu ýurt bitaraplyga ygrarlylykdan, faşistik döwletler bilen bileleşige we holokosta-da gatnaşdy, urşuň ahyrynda bolsa faşizme garşy bileleşige goşulmaga çenli dürli-dürli pozisiýany eýeledi.

Sofiýadaky ýadygärlik toplumy 2011 -nji ýylda.

Merkezde duran ýadygärligiň beýikligi 37 metre ýetýär. Onda sowet soldatynyň töweregini parahat bolgar ilatynyň gurşap durandygy şekillendirilýär. Şol seýilgähiň içinde harby temalar boýunça birnäçe kompozisiýalar bar.

Bu ýer köp wagtdan bäri aşa çepçi aktiwistleriň ýygnanyşyk meýdançasy bolup durýar. Soňky ýyllarda ol ýer Kremle garşy hereket edýänleriň hem nyşanyna öwrüldi.

Bolgariýanyň Sosialistik partiýasynyň agzalary 2011-nji ýylyň fewralynda, zaýalanan ýadygärligi arassalaýarlar.

Söweşde öňe gidýän sowet esgerlerini şekillendirýän barelýefi 2011-nji ýylyň iýun aýynda, dürli reňke boýadylar. Ol şekiller Günbatar komikslerine meňzedilip, Ronald Makdonaldyň we Santa Klausyň gahrymanlaryna öwrüldi. Aşakdaky graffitde şeýle ýazgy bar: "Döwür bilen aýakdaş".

2012-nji ýylyň awgustynda hut şol barelýefde esgerleriň kellesinde Pussy Riot toparynyň başgabyny geýdirip, ol rus toparyna raýdaşlyk bildirdiler. Şol ýyl Pussy Riot topary Moskwanyň Halasgär Mesih ybadathanasynyň alnynda, protest aýdymyny aýdansoň, habar beriş serişdelerinde ýazgaryldylar.

2013-nji ýylyň awgusty. Sowet soldatlary gülgün reňke boýaldy, aşakdaky bolgar hem çeh dilindäki ýazgyda: "Bolgariýa ötünç soraýar" diýilýär. Görnüşinden, 1968-nji ýylda Praga baharynyň basylyp ýatyrylmagyna şol döwürdäki Bolgariýanyň kommunistik režiminiň gatnaşmagy göz öňünde tutulypdyr.

2014-nji ýylyň martynda, ýadygärligiň bir bölegini Ukrainanyň we Polşanyň baýdaklarynyň reňklerinde boýadylar. Aşakdaky tekstde Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirmegi we Katyn tokaýyndaky gyrgynçylyk göz öňünde tutulýar. Şol gyrgynçylykda Sowet häkimiýetleri 22 müňe golaý polýak ýesirlerini öldürdiler.

2018-nji ýylda ýadygärlige garawul goýuldy. Ýöne howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine garamazdan, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri – Orsýetiň Ukraina doly möçberde çozup gitmeginden soň, ýadygärlige gaýta-gaýta hüjüm edildi. 2022-nji ýylyň 27-nji fewralynda şol çäreleriň dowamynda, ýadygärlikdäki sowet soldatlarynyň elleri gyzyl reňke boýaldy.

2022-nji ýylyň 27-nji fewralynda, ýadygärligiň bir bölegi Ukrainanyň baýdagynyň reňkine boýaldy. Ýazgyda: "Basybalyjy" diýilýär.

Urşa garşy göreşýän aktiwistler 2022-nji ýylyň 27-nji fewralynda ýadygärligi reňkleýärler.

Bolgariýada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine, esasan, oňyn garaýyşlar (2020-nji ýyldan, 2022-nji ýyllar aralygynda 58%) bardy. Emma Ukraina garşy çozuşlar başlanandan soňky günlerde ol görkeziji 32%-e çenli aşak düşdi.

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda, ýadygärligi iňlis we bolgar dilinde "ganhorlar" sözi bilen örtdüler.

Ýadygärlikleri ýykmalymy ýa-da saklamaly diýen dawa ençeme ýyldan bäri dowam edýär.

Aktiwistler 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda, ýadygärlikler toplumyny Bolgariýanyň baýdagy bilen örtdüler.

2019-njy ýylda, ýagny Ukraina garşy başlanan harby hüjümlerden öň geçirilen pikir soraglaryna görä, bolgarlaryň üçden iki bölekden gowragy kommunist döwrüniň ýadygärlikleri Bolgariýanyň "milli aýratynlygy" üçin möhüm hasaplapdy.

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýanyň merkezinde sowet soldatlaryna gurlan meşhur ýadygärliklere garşy ýaňy-ýakynda bolan wandalizm Kremle garşy hereketlerden iň täzelerinden biri bolup durýar.