Sosial ulgamlarynda 'aktiwlik' görkezýän 'dinçi' ulanyjylar soraga çekilýär

Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynda şu günler dinçileriň soraga çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar birden köpeldi. Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň we çeşmeleriniň 18-nji awgustda beren maglumatlaryna görä, güýç edaralarynyň üns merkezine düşenleriň arasynda sosial ulgamlarynda din bilen bagly maglumat paýlaşanlar bar.

"Balkanabatda we Türkmenbaşyda yslam dinine 'aşa ynanýar' diýlip hasaplanan adamlar we TikTok, IMO ýaly sosial ulgamlarda post paýlaşýanlar şu günler MHM tarapyndan soraga çekilýär" diýip, balkanly çeşme ýagdaýy suratlandyrdy.

Onuň sözlerine görä, güýç edaralaryna soraga çagyrylan adamlar sosial ulgamlarda paýlaşan "islendik dini mazmunly" maglumatlary aýyrmaga mejbur edilýär, olara bu "dini propaganda etmek" diýlip düşündirilýär we olary paýlaşmagyň kanuny bozýandygy aýdylyp, jerime tölemäge mejbur edilýär.

"Adamlar meselem awgustyň plan senesine mowlit okamaly, sadaka bermeli diýen mazmunly postlary paýlaşýarlar" diýip, çeşme güýç edaralarynyň ünsüni çeken maglumatlar barada gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Türkmen häkimiýetleri ýaş dindarlary soraga çekýärler

MHM-niň ýerli bölüminden resmi görnüşde teswir almak Azatlyk Radiosyna başartmady, soraga çekilen raýatlaryň haýsy kanunlary bozmakda aýyplanýandygyny, jerimeleriň möçberini we nädip töletdirilýändigini hem kanun goraýjylardan anyklap bolmady.

Şeýle-de, balkanly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, dinçileriň aglaba köpüsi dini senelerini bilelikde bellemek üçin öýlerinde jemlenýärler. Emma şeýle duşuşyklary geçirýän we olara gatnaşýan adamlar hem basyşa sezewar bolýar we olara duýduryş berilýär.

"Geçen anna güni metjitlerde tanyşlar öz arasynda maslahatlaşyp, kimiň öýünde mowlit geçirjek bolýandyklary hakynda gepleşen bolsalar, MHM muny öz şugulçylary arkaly anyklap, şu hepde öý dolandyryş edaralaryndan işgärler öýlere baryp, MHM edarasyna çagyrýar" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

Şäher häkimliginiň binasynda duşenbe güni geçirilen sorag edişlige gatnaşan adamlaryň biri özünden başga onlarça adamyň jemlenendigini gürrüň berdi.

'Gaty beter çuňlaşdyrýaňyz!'

"MHM ofiserleri giden 50 töweregi dindarlary ýygnap: 'Wahabist, Igil ýaly guramalara agzamy sizler? Gaty beter çuňlaşdyrýaňyz. Öňler mowlit diýlen zat okalyp, adamlar beýle dini çäreleri geçirmezdi. Haýsy kitapda bar bu diýip, din meselesine seredýän MHM ofiseri aýtdy" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şol sorag edişlikde güýç edaralaryň işgärleri adamlary "dünýäde bolýan bidüzgünçiliklerden", Eýran, Owganystan ýaly döwletlerden, Siriýadan "nusga almakda" ýaş dindarlary aýyplapdyr.

Dinçiler köçede hem barlanýar

Şu günler Balkanabatda we Türkmenbaşyda köçelerde ýaş sakgally adamlar raýat eşigindäki howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan saklanýar we olaryň dokumentleri we el goşlary barlanýar. Eger olaryň ýanynda elektron tesbi, kompas we kiçi namazlyk çyksa göni soraga alnyp gidilýär.

"Tesbini, kompasy nirden aldyň, sakgal näme üçin goýberdiň? Sen wahabimi diýip basyş edilýär" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar

Saklanýan dinçilere we bazarlarda hijap satýanlara anna güni metjitlere juma namazyna baran ýaşy 60 ýetmedik adamlaryň arasynda sakgally adamlaryň bolmaly däldigi duýdurylýar.

"Sakgalyňyz bolsa, bu iň soňky gezek metjide baranyňyz bolar, diýdi we türme haýbatyna meňzeş duýduryş berdi" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.

Metjitlere mekdep okuwçylarynyň barmagy hem gadagan edilýär. Şu günler okuwçylara hem gözegçilik güýçlenipdir. Okuwçy metjitde saklansa, bu barada mekdep müdirine habar berilýär we okuwçy bilen bilelikde mekdep müdirine garşy hem çäre görülýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, şäherlerde we sosial mediada dinçilere edilýän basyşyň arasynda sebitde Internet haýallapdyr, VPN-leriň ençemesi petiklenipdir.

Dünýewi Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň din azatlygyny kepil geçýär, emma raýatlaryň dini ynançlary sebäpli yzarlanmagy bilen bagly ýagdaýlar yzly-yzyna ýüze çykýar. Türkmen resmileri şeýle ýagdaýlar barada habar beriş serişdelerine teswir bermekden ýüz öwürýärler, halkara guramalaryna berýän resmi hasabatlarynda bolsa, din azatlygynyň bozulmagyna degişli tankytlary ret edýärler.

Degişli maglumat

Remezan aýynda metjitlerdäki üýşmeleňlere gözegçilik artdy, dinçileriň mobil telefonlary elinden alynýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.