Aşgabatda sungat işgärleriniň we sosial ulgamlarda köp sanly followeri, ýagny yzarlaýjysy bolan bloggerleriň köpüsinden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryna garşy maglumatlary paýlaşmak talap edilýär.
Paýtagtyň güýç gulluklary bu maglumatlary paýlaşmakdan ýüz öwren raýatlary aktiwistleriň pikirlerini, maglumatlaryny goldamakda aýyplaýarlar. Bu ýagdaýlar barada bloggerleriň we kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Medeniýet işgärlerinden prezidenti wasp edip, goşgy düzmek we makala ýazmak talap edilýär“Häzir güýç gulluklaryň işgärleri köp sanly yzarlaýjysy bolan bloggerlere we sungat işgärlerine daşary ýurtlardaky aktiwistleriň paýlaşýan maglumatlaryny ret edip, ýurtda hemme zadyň ‘gülala-güllükdigi’ barada wideo paýlaşmagy talap edýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiz bu talaby sungat işgärleriniň we bloggerleriň hemmesiniň däl-de, diňe käbirleriniň kabul edýändigini aýdýarlar.
Sungat işgärleriniň we bloggerleriň arasynda bu talaby berjaý etmegi ret edip, “meni aradan aýryň, men öňem häzirem syýasy meselelerde gyrada durup, syn etmegi saýladym” diýýänler hem bar.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan sungat işgärleriniň we bloggerleriň birnäçesiniň sözlerine görä, güýç gulluklary talapdan ýüz öwürýänleri gorkuzmalara sezewar edip, olary para bermäge mejbur edýärler.
“Men daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň aýdanlaryna garşy çykyş edip biljek däl diýenimde, onda olar [güýç gulluklary] maňa ‘senem şol zatlary goldaýaňmy?’ diýlen basyşlary edip başladylar. Soňra olar maňa 2 müň ABŞ dollaryny bermegi soradylar. Olardan gutulmak üçin soralýan parany bermäge mejbur boldum” diýip, aşgabatly bir blogger anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden bu ýagdaýlar boýunça resmi teswir almak başartmady.
Degişli maglumat Möwç alýan protest meýilleri türkmen režimi üçin-de, oppozision toparlar üçin-de uly signal – ýerli synçyTürkmenistanyň häkimiýetleri ýyllarboýy özge pikirlilige bolan çydamsyzlygy bilen tanalýar. Ýurduň içinde raýatlaryň söz azatlygy çäklendirilýän mahaly, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmenistanly aktiwistleriň çykyşlaryna we özge pikirlerine bolan çydamsyzlygy hem artýar.
Muňa soňky ýyllarda, hususan-da, 2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Russiýada ençeme türkmenistanlynyň, şol sanda aktiwistiň we bloggeriň zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp barylandygy baradaky maglumatlar hem şaýatlyk edýär.
Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow dagy bar.
Olaryň birnäçesiniň ykbaly häzire çenli näbelli bolmagynda galýar. Bu raýatlar Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we korrupsiýa ýaly meselelere ünsi çekip, sosial ulgamlarda çykyş edipdiler.
Synçylar soňky ýyllarda ýurtda bir tarapdan, raýat işjeňligi artsa-da, beýleki tarapdan, esasy azatlyklaryň häkimiýetler tarapyndan basgylanmagynyň has-da çuňlaşyp dowam edýändigini aýdyp gelýärler. Olar muny häkimiýetleriň ýurt içinde we ýurt daşynda özge pikirlilige garşy repressiw basyşy saklap galýandygy bilen düşündirýärler.
Degişli maglumat HRW: Türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagy dowam edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.